Agzalar barada bäş keleme...

Agzalar! giç ýagşy. Siz bagyşlap goşgy düzmäge synanyşdym. Ady tutulan we tutulmadyk agzalardan ötünç soraýaryn.

Duýdum sözüň hümmetin,
Goşgularnyň gymmatyn,
@Belki, @Mümkin, Mahym gyza,
Çäksiz meniň hormatym.

@Pegas aga sözleriňde hikmet bar,
Şygyrlarňa sarpa goýýan millet bar,
Saýtymyzyň Puşkini hem Gomeri,
Ýaşap ýörenligiň üçin minnetdar!

Doglanynda päk duýgudan dörän gyz,
Bloglaryň tolgundyrýar örän, gyz!
Duýgy dünýäň şa zenany @Nirvana!
Ýüregimden aýak ýalaň ýörän gyz!

"Bir ogşasaň aýtjak" diýdiň, söküldim,
Göni bir zat diýmägede çekindim,
Hem-ä alçak, hem şadyýan @Nairobi,
Saňa duşup öýlenenme ökündim!

Ýene futbol başlady,
Garşydaş haş-haşlady,
Super-fanat @Senýorita,
Bar işini taşlady,
Klubyn goldap başlady!

Gaharyn getirseň @Dani jeň eder,
Islese islänin derrew sem eder,
Karateçi, uçup deper islese,
Lukmandyr, islese derde em eder.

-How, @Gost kaka, barmysyň?
-Howwa, menem bardyryn!
-Saýtda görneňokla dostum,
Men-ä saňa zardygyn.
Geleweri, tizräk,
Bildir hany bardygyň!

Degişmeleň mylaýym,
Özüň ýaly düşnükli,
@Soho, degişmeleň okap,
Gülki derýa düşdükmi?!

Bu ýigidiň ýar-a şahyr,
Aýdymçy galan ýary,
Goşa sungata ýugrulan,
Söwer dostum @Aksary.

Maksat Esenow
16.06.2022ý.
15 лайков 483 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
16 июн 2022, 01:07
Daş-da??
Berekella!
Гость
16 июн 2022, 01:07
Ine like basyp bildirdim :)
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 01:08
Yow pont
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:14
Seýran et arzuw bagyn,
Çekmegin arman dagyn,
@FanB! arkaňda dag deý,
Ine dostuň, men baryn.
Telwas
16 июн 2022, 01:17
Iň gowusy maňa ýazylan bent. Ýa meň göwnümemikä?! :)
Sapar
16 июн 2022, 01:17
Tuweleme brat elleriñe saglyk
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:17
Akyl berýäň ilede,
Alymada, pirede,
Saýtymyzyň ýüregi,
@Ahmedik, sen nirede
Гость
16 июн 2022, 01:24
Nirvana
Iň gowusy maňa ýazylan bent. Ýa meň göwnümemikä?! :)

Hemmäňkem özi üçin gowy bolaýmasa. Menä men baradakysy iň gowysydyr öýdüp otyrdym :)
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 01:26
meň un ayalyndan geçip otyr meňki gowy
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:28
Гость,
Hemmäňkem özi üçin gowy bolaýmasa. Menä me baradakysy iň gowysydyr öýdüp otyrdym :)

yazyan
Гость
16 июн 2022, 01:29
Nairobi
meň un ayalyndan geçip otyr meňki gowy

Aldap yrjak bolýa seni, ynanaýma
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 01:32
Гость,
ay her hilisini göre-göre gelyän meni yrmak eyle-beylä başartmaz
Гость
16 июн 2022, 01:33
Nairobi
Гость,
ay her hilisini göre-göre gelyän meni yrmak eyle-beylä başartmaz

Ondaha bolýoň sen
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:33
Bir görseň-ä akylly,
Bir görseňem düşnüksiz,
Ýöne hökman kämil borus,
@Hiaýress saňa düşnüp biz!
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:38
Nairobi,
ay her hilisini göre-göre gelyän meni yrmak eyle-beylä başartmaz


Ikimiziň meňzeşdigimiz-aý, menem yrmak eýle-beýlä başartmaýar.
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 01:44
Massimus,
Znaçit men eyle-beylelerden "Saylanan janan"
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:46
Nairobi,
Znaçit men eyle-beylelerden "Saylanan janan"


Saýlanan.com sen
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 01:48
Massimus
Nairobi,
Znaçit men eyle-beylelerden "Saylanan janan"


Saýlanan.com sen

ay gury sözuňe zat yoklay dayy obaly
Massimus
Автор 16 июн 2022, 01:56
Nairobi,
ay gury sözuňe zat yoklay dayy


Wah gury söz diýäýmesem, şu wagt başga zada ýaramok, ýüregim ejiz, leçeniýe alyp ýörin, guragyrym bar, ginekologiýadan başga hemme kabinetde hasapda durun.
Leyli Amanowa
16 июн 2022, 02:06
Massimus,
puluň bardyra? obaly
S❤
16 июн 2022, 02:16
Ahlinizinkem gowy
S❤
16 июн 2022, 02:16
Tuweleme
Belki
16 июн 2022, 04:24
Minnetdar agam!Begendirdiñ.
Dogrudanam iñ gowusy Nairobiñki."Öýlenenime ökündim"diýip boýun alyp otur! :))
Aksary
16 июн 2022, 04:52
Ömrüñ bolsuna Maksat kaka :)
Serdargylyç
16 июн 2022, 08:34
Malades
Dañatar
16 июн 2022, 09:13
men hakda hiçkim birzatlar ýazanok weli gaýratlary ýokmyka....
Ayjahan
16 июн 2022, 11:14
Meniň adymy tutmanlygyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýän... Hormatlamak bilen @AySa cilimkesh
Taylor Swift
16 июн 2022, 11:45
Massimus,
aý saolllaaa sps
Kalp doctory
16 июн 2022, 14:42
obaly mena koklai
Annadursun
16 июн 2022, 16:31
mnm yok okamuny