Agzalar barada bäş keleme...

Agzalar! giç ýagşy. Siz bagyşlap goşgy düzmäge synanyşdym. Ady tutulan we tutulmadyk agzalardan ötünç soraýaryn.

Duýdum sözüň hümmetin,
Goşgularnyň gymmatyn,
@Belki, @Mümkin, Mahym gyza,
Çäksiz meniň hormatym.

@Pegas aga sözleriňde hikmet bar,
Şygyrlarňa sarpa goýýan millet bar,
Saýtymyzyň Puşkini hem Gomeri,
Ýaşap ýörenligiň üçin minnetdar!

Doglanynda päk duýgudan dörän gyz,
Bloglaryň tolgundyrýar örän, gyz!
Duýgy dünýäň şa zenany @Nirvana!
Ýüregimden aýak ýalaň ýörän gyz!

"Bir ogşasaň aýtjak" diýdiň, söküldim,
Göni bir zat diýmägede çekindim,
Hem-ä alçak, hem şadyýan @Nairobi,
Saňa duşup öýlenenme ökündim!

Ýene futbol başlady,
Garşydaş haş-haşlady,
Super-fanat @Senýorita,
Bar işini taşlady,
Klubyn goldap başlady!

Gaharyn getirseň @Dani jeň eder,
Islese islänin derrew sem eder,
Karateçi, uçup deper islese,
Lukmandyr, islese derde em eder.

-How, @Gost kaka, barmysyň?
-Howwa, menem bardyryn!
-Saýtda görneňokla dostum,
Men-ä saňa zardygyn.
Geleweri, tizräk,
Bildir hany bardygyň!

Degişmeleň mylaýym,
Özüň ýaly düşnükli,
@Soho, degişmeleň okap,
Gülki derýa düşdükmi?!

Bu ýigidiň ýar-a şahyr,
Aýdymçy galan ýary,
Goşa sungata ýugrulan,
Söwer dostum @Aksary.

Maksat Esenow
16.06.2022ý.
15 лайков 483 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
16 июн 2022, 16:45
Gowy yazylypdyra, dowam ediweriñ.
Şagyzy Şazada
16 июн 2022, 18:04
mnm ýok mugallym
Soho
16 июн 2022, 19:58
berekella
Nazar
16 июн 2022, 22:22
Massimus agam sagja bol yatlanyña. Galamyñ ujy ýiti bolsyn. Klawiaturañ berk bolsun. :))