Maslahatyñyz gerek

Salam! Baýramçylyk säherligine çagalar bilen "Dürli ýyllaryñ tans trendlerine syýahat" sahnasyny taýýarlaýas. Muña "Gangnam style" "Harlem Shake" "Apaci" ýaly tanslary goýmakçy.
Başga nähili trend tanslary goýsam bolar? Birem şu tanslaryñ sazlaryny haýsy saýtdan almak mümkin?
Onsoñam 11 sanyjak eje hakda goşgy tapyp beräýiñ :))
Goşmaça: Bir döwür Gangnam style-i başga tarapa çekipdiler welin şol tansy çagalara etdirmek dogry bolarmyka?
3 лайков 849 просмотров
55комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
27 янв 2023, 06:30
Ýene-de şol Maýklyň bir meşhur tans herekedi bar. Nädip ýerine ýetirenliginiň hilesi has soňrak äşgär bolýar.
Maýkl hiç hilli aýaklaryny eplemezden, göwresini dik saklap ýüzleý ýere egilýär we ýene dikelýär. Meň bu diýenime şol wideony tapyp seretmeseňiz düşünmersiňiz.
Herekediň hilesi Maýklyň sahnada geýjek aýakgaplary öňünden ýörite taýynlanýar sahnada-da ýere çüý ýa başga zat bolmagy mümkin kakyp aýakgabyň we şolaryň kömegi bilen şol herkedi ýerine ýetirýär sahnada.
Siz muny etmeseňizem başgaçarak hile bilen şu herekedi çagalara ýerine ýetirmäni öwrerip bilseňiz ene-atalaram gelýän bolsalar hayran galyp tomaşa ederdiler çagalarna ?
Edepli Gödek
27 янв 2023, 06:31
"The Twist" tansyda trend bolan tanslaryň biri. 60-njy ýyllarda ýüze çykýar
Edepli Gödek
27 янв 2023, 06:37
Eje hakdaky goşgularam ýygnalyp ýatan "Güneş"lerimden? gözläp teswirde goýaryn soňrak ýa giçligräk.
Belki
Автор 27 янв 2023, 08:07
Bayat, elektro tans kynrak bolaýmasa. Birem şu tans trendlerine 4 den kän tans goýsam kän bolarmyka diýýän. Başga-da "nomerlerim" bar. Umuman şeýleräk senarýam bar:

1. Açylyş. (Salam, good morning, zdraste, goşgulary)
2. "Baýramyñyz gutly bolsun ejem jan" aýdymy.
3. Gyzlaryñ goşgusy.
4. Ten little bed tansy (gyzlar)
5. Oglanlaryñ goşgusy.
6. If you happy and you tansy (oglanlar)
7. "Ýazylmadyk goşgy" degişme sahnasy.
8. Dürli ýyllaryñ tans trendlerine syýahat.
9. "Obaly gyz, şäherli gyz" degişme sahnasy.
10. "I love my mammy" aýdymy.
Belki
Автор 27 янв 2023, 08:09
Bayat, goşgularyñ şu gün 1 den soñ tapyp bilmezmikäñ. Şu gün ýazyp bersem diýýän.
ýüreksözi
27 янв 2023, 10:18
Men ejemem sadikda cagalary tayyarlayalar solar gyzlaryna gul keteni keteni dp bir tansa oynadyadylar sonam "varis varis kasa" dp oglanjyklara kasa bisirdyan yalyrak edip oyun oynadypdylar jigitler tansyny etdiryaler garaz kan yadyma duseni sular
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:15
Mähriban ejem.

Waspyňy sözlämde saýraýar dillem,
Ýüzümiň nurusyň, mähriban ejem.
Mydam hyzmatyňda gaýym dur ellem,
Dünýäniň barysyň, mähriban ejem.

Ýakymlydyr "Balam" diýen sözleriň,
Bagtdan dolsun, käbäm, seniň gözleriň.
Mydam gülüp dursun nurly ýüzleriň,
Baharyň özüsiň, mähriban ejem.

Eneguş Hanjarowa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:22
Ejeme.

Gülden näzikdir kalbyňyz,
Ähli güllerden zyýada.
Siziň waspyňyz etmäge,
Ýetmez kagyzdyr syýa-da.

Mähribanym, ejem janym,
Sensiň dünýäde geregim.
Seniň bilen bagtyýar men,
Elmydam söýüp gezerin.

Züleýha Allaberdiýewa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:29
Ejem

Pasyllaň ýazy ýaly—
Ol meniň eziz ejem.
Ter gülleň özi ýaly—
Ol meniň eziz ejem.

Ogluna gujak geren,
Myhmana saçak ýazan,
Başym sypap ösdüren—
Ol meniň eziz ejem.

Gül Watanyň geljegne
Goşandymy goşmaga,
Aýdym aýdyp, joşmaga
Güýç beren eziz ejem

Yhlas Çowdurow
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:38
Eje jan

Gözleriňe baksam mähriňi duýýan,
Mähribanym, göz guwanjym, eje jan!
Seniň her bir aýdan sözüňe gurban,
Mähribanym, göz guwanjym, eje jan!

Dünýäniň mylaýym mähri bar sende,
Güneşiň nurana keşbi bar sende,
Asyl gutarmajak söýgi bar sende,
Mähribanym, göz guwanjym, eje jan!

Gülöwser Amanowa.
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:45
Ejem

"Jan" diýseň jandan zyýada,
Mähribandyr eziz ejem!
Tarypyňy ýetirmekden
Gelmerin men ejiz, ejem!

Seň söýgiňden alyp hyruç,
Göwnüçökgün bolmaryn hiç,
Sizi şu ýaşyma deňiç
Ynjytmadym heniz, ejem!

Ogluňdyryn ynam baglan,
Ýüregiňde goýma arman,
Seni ýadymdan çykarman,
Bu durmuşda hergiz, ejem!

Begmuhammet Hajyýew.
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:49
Mähriban eneler — eziz eneler.

Perzendine öz janyndan jan beren,
Mähriban eneler, eziz eneler!
Balasyna mährem gujagyn geren,
Mahriban eneler, eziz eneler!

Dünýä ýüzük bolsa, göwher gaşy siz!
Bu ajap Zeminiň gözel nagşy siz!
Dünýädäki ähli zatdan ýagşy siz!
Mähriban eneler, eziz eneler!

Göwher Gurbanowa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 11:53
Jaň enem.

Sen — dünýäniň bezegi,
Jaň enem, janym enem.
Sensiň ömrüň geregi,
Jaň enem, janym enem.

Goýnuň jennet, ýaz ýaly,
Hüwdüleriň saz ýaly,
Waspy etsem az ýaly
Jaň enem, janym enem!

Bilbil Durdyýewa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 12:05
Eneleriň söýgüsi

Söýgüleriň naýbaşy
Eneleriň söýgüsi.
Gülledýändir durmuşy
Eneleriň söýgüsi.

Mähri bilen sereder,
Doňan buzy ereder,
Dünýämizi nur eder
Eneleriň söýgüsi.

Ene—öýüň bezegi,
Ene—toýuň bezegi.
Ýakyn edýär uzagy
Eneleriň söýgüsi.

Diýipdir-ä danalar—
"Keramatdyr eneler".
Gudrat bilen deňeler
Eneleriň söýgüsi.

Hüwdüsinde jady bar,
Balasynyň ady bar,
Barça söýgä ýadygär
Eneleriň söýgüsi.

Hudaýguly Gurbanow
Edepli Gödek
27 янв 2023, 12:10
Ejem janyň güler ýüzi

Balalaryn eý görer,
Ezizläp, mähir berer.
Gözel göwnüň göterer,
Ejem janyň güler ýüzi.

Buýsanç bilen seredýär,
Ýürekleri eredýär.
Kalbymy bendi edýär
Ejem janyň güler ýüzi.

Tawus Akjaýewa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 12:18
Ejeme

Ejem owadandyr,
Ejem bagtlydyr.
Meniň dünýäm
Ejem bilen ýagtydyr.

Mähirden doludyr
Pürepür asman
Ejem jan ýylgyrsa,
Yzyny kesmän.

Her kimiň ojagy
Ejeli bolsun!
Mähir-muhabbetden,
Söýgüden dolsun!

Bagtyýar dünýämde
Bagtlydyr çagym.
Ejem jan, uzak
Ýaşa ylahym!

Ogulaý Pirjanowa.
Edepli Gödek
27 янв 2023, 12:43
Ejem jan

Gije Aýa, gündiz deňeýän Güne,
Sözleýän sözleriň akyldyr diňe.
Dünýämi ýaz edýäň ýylgyrşyň bile,
Mähriban käbämsiň, eziz ejem jaň.

Seň keşbiňden nusga alar, bu baglar,
Seň durkuňdan nusga alar, bu daglar,
Seniň bilen geçýär, bu ajap çaglar,
Mähriban käbämsiň, eziz ejem jan.

Merjen Öwezowa
Edepli Gödek
27 янв 2023, 12:49
Çagalar ýeňillik bilen ýat tutar ýaly ýeňiljeklerinden saýladym hem şu goşgylary kynçylyk çekmän, sakynman okap biler diýen pikir bilen.
Belki
Автор 27 янв 2023, 14:49
Bayat, ullakan ýagşylyk etdiñ, köp tañryýalkasyn!
ýüreksözi
27 янв 2023, 15:09
Tuweleme giden gosgy bolupdyr sag amanja gecirin
Bentner
27 янв 2023, 15:51
Twerkden bashga etdiriber hemmesini :)
Edepli Gödek
27 янв 2023, 16:08
Belki,
Hemmäni bile ýalkasyn
Ajaŷyp
Ajaŷyp
27 янв 2023, 17:09
_Bayat,
Admine aydyp berai profilimi pozaysyn tazeden agza boljak.Hayysht edyan.
Edepli Gödek
27 янв 2023, 19:36
Ajaŷyp,
Brauzeriňizi arassalap gördüňizmi şonda-da bolanokmy?
Ajaŷyp
Ajaŷyp
27 янв 2023, 21:10
_Bayat,
Hawwa