Gyzlara maslahat

Gyz maşgala mydama synda bolýar. Şonuň üçin mähriban gyzlar, köpüň üýşen ýerinde milli edep-kadalaryny öýňüzdki ýaly, hatda ondan-da berk berjaý ediň. Şonda biedeplik sizden, sizem ýakymsyz gep-gürrüňlerden sowlup geçersiňiz.

***

Il üýşen ýerde çigit çigitläp, sakgyç çeýnemäň, gaty gürlemäň we gatydan gülmäň. Köpüň arasynda gäwmiş ýaly gäwüşäp durmak hem edepsizlikdir.

***

Agras boluň, emma agraslykdan gödekligiň çägine geçmäň. Alçak boluň, emma ýeňles gopýanlardan bolmaň. Çakdan aşa alçaklyk hem gyz maşgalany bezeýän häsiýet däl.

***

Ýat kişilerden özüňizi çekeräk saklaň, tanyşlyga döwtalap bolmak gyzlara gelişýän däldir.

***

Pessaý ses bilen gürläň. Gulaga ýakymsyz igençli, ýaňsyly (paýyş sözleri asyl-ha) dile almaň, çünki edep-ekramda gyz maşgala özgelere nusga bolmalydyr.

***

Ulu gyzlara giň-giň ädimläp, batly ýöremek gelişýän däldir. Şonuň üçinem, howlugyp ýöräniňizde-de, ädimiňizi ýygjam alyň.

***

Hereketleriňizde, geýnişiňizde we gürleýşiňizde özüňize üns çekmezligiň aladasyny ediň. Gyz maşgalanyň özüni alyp barşynda köpüň ünsüni çekmegi, onuň ''gözden düşmegine'' getirip biler.

***

Myhmançylykda nahara-şora kanagatly boluň, gyzlara soň başlap, öň goýmak ýaraşar.

***

Her gyz maşgala öý eşigini-de, toý eşigini-de özi tikmäge çalyşsyn. Biraz kem-köstliräk bolaýanda-da, öz tikeniň iliň dilinde taryply bolýandyr.
2 лайков 258 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
17 окт 2021, 23:46
broken heart,
Be ola kyn eken dune oyunizmi?
Bizinki hezil mal yatak diysenem bar,Towyk yatak diysenem bar..))))
_ashirova_ay_
17 окт 2021, 23:57
Mona Songz,
dine oy bolandada 3 4 komnat bolsady dineje 2je komnat 5adam sygya
Aýnur
17 окт 2021, 23:58
broken heart,
Hmm kyn ekeney biziňkä giňişlik 2 mellek bar içinde gezibermeli