"Liverpul" hüjümçisi Muhammad Salah "Ýevropa Çempionlar Ligasy" finalynda, "Real Madrid" toparyna garşy oýnamagy isleýär...

Agliýanyň "Liverpul" topary Ispaniýanyň "Villareal" toparyny "ÝÇL" ýarym final oýnunda ýeňmegi başaryp finala ýollanma gazandy.

Muhammad Salah bolsa finalda kim bilen garşydaş bolmagyny isleýändigini barada pikrini aýtdy:

-"Finalada "Real"a garşy oýnamagy isleýän. Olar öň biziz finalada ýeňmegi başarypdy - geliň, ýene bir gezek güýç synaşyp göreli.

Bäş ýylyň dowamynda üç gezek "ÝÇL" finalyna çykmagy başardyk, bu örän ajaýyp. Häzir hemmämiz özümizi bagtly duýýarys, bu gün bizde baýram. Ertir bolsa bar ünsümizi ýene fudbola gönükdirýäs.

Öz toparym üçin elimden gelen her bir işi ederin. Biz eýýäm bir baýragy gazandyk. Öňde Angliýa baýragy we "ÝÇL" finaly bar. Möwsüm ahyrynda näme isleýändigimi özüm bilýän.
Biziň maksadymyz gatnaşýan her bir çempionlygymyzda ýeňiji bolmak. Men hemişe "APL" we "ÝÇL"de ýeňiji bolmagy isleýän. Näme üçin bu amala aşmaly däl?!"

Şeýle sözler bilen Muhammad Salah öz interwýusyny jemledi.

Maglumat üçin 2018-nji ýyl "ÝÇL" finalynda "Real Madrid" topary "Liverpul" toparyny 3:1 hasapda ýeňmegi başarypdy.

Çeşme: uzfifa
4 лайков 118 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ependi
05 май 2022, 16:24
Salahyň nämüçin Real bilen oýnasy gelýändigi belli)) Şol gezekki Final oýnunda Salahy namartlyk bilen ýykdylar, Torresiň gödekligi bilen. Maksat bellidi, Salahy oýundan çykarsaň çempionlyga ýol uzak däl. Bularam şeýtdi. Salah esli aýlap keselhanada ýatdy. Indi bolsa ar almak gezegi Salahyňky. Galanynam wagt görkezer...