Roma taryhy finalyň öň ýanynda ýa-da Soňky Imperatory ýatlap...

"Imperator" diýlende köpleriň göz öňüne Sezar, Kaligula ýa-da pingwin gelýär. Meň göz öňümde bolsa diňe bir şahsyýet janlanýar. Françesko Totti. Futboluň gün-günden biznes proýekta, girdejili maýa goýum taslamasyna öwrülip barýan döwründe Roma futbol kluby özündenem beýigräk bolan beýle futbolça indi duşmaz. 25 ýyllyk futbol karýerasyny Roma bagyşlan ýyldyz şu toparda top depip başlady we şu toparda futbol bilen hoşlaşdy. Futbol taryhynda Tottiden zehinliräk, meşhurrak, ýüzlerçe futbolçylar bardyr, ýöne Totti ýalylary seýrekdir. Onuň bütin ömrüni bary-ýogy 3 söze sygdyrmak mümkin. Rim, Roma, Wepalylyk. Florentina Peres gaty ugurtapyjy adam, islän maşynyny, islän uçaryny, Kriştianu Ronaldu ýaly 10-lap super ýyldyzlary, gerek bolsa eminlerem satyn almagy mümkin, ýöne Tottini däl. Ol Realyň "ýüz öwürip bolmajak teklibi"-nden ýüz öwren ynsandyr.
Realyň ilçileri Liwerpula Jerardy sorap baranda Stiw.ji olara şeýle diýipdi: Haçanda men öljek bolamda meni hassahana alyp gitmäň, meni Enfilde getiriň, men şu ýerde doguldym we şu ýerde-de ölerin. Şol ilçiler Roma Tottini sorap baranda Imperatoram şeýle jogap beripdi: Romaň futbolçysy bolmak maňa altyn topy almakdan möhümräk.
Bu gün Napoli özüniň Maradonasy bilen, Milan özüniň Maldinisi bilen öwünse, Roma özüniň Imperatory bilen buýsanýar.
Bu gün ýewropa konferensiýalar ligasynyň ilkinji taryhy finaly. Imperatoryň hormatyna Mourinýoň tälimçiligindäki Roma ýeňiş arzuw edýäris.
Durmuşymyzda-da, ýanymyzdaky wepaly ynsanlaryň "Tottileriň" gadyryna ýeteliň, sebäp ykbal olary bize gaýta-gaýta goýbermeýär...
4 лайков 184 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
25 май 2022, 14:40
Durmuşymyzda-da, ýanymyzdaky wepaly ynsanlaryň "Tottileriň" gadyryna ýeteliň, sebäp ykbal olary bize gaýta-gaýta goýbermeýär...

Şu sözleri juda dogruladym.
Massimus
Автор 25 май 2022, 14:42
Esma,
Sag boluň
Esma
25 май 2022, 14:46
Massimus,
Ýazyp duruň, gyzykly hekaýalaryňyza garaşýas.
Massimus
Автор 25 май 2022, 15:00
Esma,
Minnetdar, nesip bolsa
Dowsypat
25 май 2022, 16:15
Roman oyuny shugundimi?!
Massimus
Автор 25 май 2022, 16:25
Dowsypat.,
Howwa şu gün
Dowsypat
25 май 2022, 17:24
Roman fanatlary yok eken barde.
Massimus
Автор 25 май 2022, 18:43
Dowsypat.,
Bardyr, işliräkdir
Massimus
Автор 25 май 2022, 19:08
Dowsypat.,
Diňe Roma däl, umuman futbol janköýerleri bu saýtda köp däl