Dünýä meşhur futbolçy aradan çykdy

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýäniň hem-de Ýewropanyň çempiony bolan Gerd Mýuller 75 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Bawariýa” toparynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Germaniýanyň, umuman, dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri bolan Gerd Mýuller öz ýurdunyň çempionatynda iň köp gol geçiren futbolçydyr. Şonuň üçin oňa “ýurduň iň köp gol geçiren futbolçysy” diýýärler. Onuň Germaniýanyň milli çempionatynda bir möwsümde 40 gol geçirip, goýan rekordy ýarym asyr golaý saklandy. Ony diňe geçen möwsümde häzirki wagtda “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş edýän Robert Lewandowksi täzeledi.

MÝULLERIŇ DURMUŞY

Mýuller 6 çagaly maşgalanyň iň kiçi çagasy. Ol 1960-njy ýylda “ТСВ 1861” futbol toparynda futbol ýoluna başlady. Ol bu toparda 4 ýyl oýnap, şol bir wagtda tikin fabriginde işleýär. Ol “Nýunberg” toparynyň janköýeri bolýar, ýöne bu topardan oňa hiç hili teklip gelmänsoň, 1964-nji ýylda “Bawariýa” toparyna geçýär. Ol agramynyň köpdügi sebäpli 3 aý toparyň düzümine düşmeýär. Soňra yzygiderli türgenleşikler bilen horlanyp, esasy düzümde oýnap başlaýar.

Mýuller ýokary tizligi we güýçli urgulary bilen tapawutlanýar. Ol “Bawariýa” toparynda ilkinji oýnan möwsüminde iň köp gol geçirip, şol derejesini 13 ýyl saklady. Ol 7 gezek Germaniýanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. “Bawariýa” topary bilen 4 gezek ýurduň çempionlygyny eýeledi.



1974-nji ýylda Mýuller Germaniýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy. Şonda Niderlandlary 2:1 hasabynda utan Germaniýanyň ýygyndysynda ýeňiş goluny Mýuller geçiripdi. 1972-nji ýylda germanlar ozalky SSSR-i Ýewropa çempionatynda 3:0 hasabynda utup, Ýewropa çempiony bolupdy.
0 лайков 153 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merjen
07 окт 2021, 17:23
Renaldada öldü oytyan
Nazar
07 окт 2021, 18:22
Medine_Atayeva,
Haysy Renalda?
Merjen
07 окт 2021, 20:39
Yekeje renaldo bardyrda
Mr.JUMBA3
07 окт 2021, 21:07
Medine_Atayeva,
renaldana bilemok 2ronaldo bar biri cristian beyleki brazilyaly mena esdemok ikisem yasap yor fudbolisdlen biri olse menema bilmeli
Döwlet Şöhradow
07 окт 2021, 21:42
Wah wah Myuller, gynanyanda gidenine hosh
Merjen
07 окт 2021, 23:07
Mr.JUMBA3 onda nm un internetde renoldo diyen öldü diyaler
Merjen
07 окт 2021, 23:11
Mr.JUMBA3 men yekeje renaldo tanayan olam brazilyadamy namemi
Nazar
08 окт 2021, 10:59
Medine_Atayeva,
Senin ol diyanin Kristiano Ronaldo dalde Ronaldo Lima Luis Nazario brazilyaly bolmaly. Ola yashap yor