Gyzykly maglumatlar 2

Uzynlygy 3911 metr bolan Ýaponiýadaky Akasi-Kaýkýo köprüsi dünýäniň iň uzyn asma köprüsi diýip hasaplanylýar.

1983-nji ýylda tanymal iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 26 roman ýazdy. Ýazyjynyň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Açyk gözler bilen asgyrmak mümkin däl.

Jemi 7 sany notanyň bardygy hemmämize mälim. Emma pianino saz guralynda jemi 88 klawişa/düwme bardygyny bolsa köpler bilmeýär.

Telefon (telephone) Grek tele we fon sözlerinden gelip, tele – uzak aralyk we fon – ses diýmegi aňladýar.

Iň uly göwrümli poema X asyrda ýaşan Firdöwsiniň “Şanama” eseridir.

Oliwýe işdäaçary XIX asyrda ýaşap geçen Fransuz aşpezi Lýusýen Oliwýe oýlap tapypdyr.

1790-njy ýyllarda ilkinji welosipede meňzeşräk “Celerifere” (tizlik) atly ulagy fransuz Komt de Siwrak işläp taýýarlapdyr. Bu ulagyň pedaly bolman, ol aýagyňy ýere basmak arkaly hereket edipdir.
5 лайков 140 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Wolf
03 дек 2021, 22:43
Like
nace wagytlap sayta girmedinizlee
Döwlet Şöhradow
Автор 03 дек 2021, 23:01
Цитата: Wolf
Like
nace wagytlap sayta girmedinizlee

Yatlap soranynyz ucin?
Ay mb gutarypdy...islerimem bardy, aram aram giryadim kaa wagt...
Realist
03 дек 2021, 23:11
Gyzykly maglumatlar okanyña degýä goja
Ejegyz.
04 дек 2021, 06:41
brawo
Sagboluñ yetireniñize ? like
Ooo barmysynyz siz gelina seydip koooopden bari yoksynyz
like gyzykly maglumatlar+++++++=