Nyyazowy yatlap

Gök astynda ýalňyz men, Ýer üstünde ýalňyz men, Özüm aglap köşeşsem- Hiç kimse bilmez, eje!... Bagra basyp ýatyrdyň, Başym alyp otyrdyň, Süýjüje düýş getirdiň... Ol günler gelmez, eje!... Toýda seni gözledim, Ýasda seni gözledim, Wah, dözmezim, dözmezim, Wah, neneň dözdüň, eje!... Töwerek ýat daşym ýat, Jigerim-bagrym berbat, Gideýdiýsem başym ýaş, Geçenok günler, eje!... Gelin barmak üzüm deý, Ýürek üzüm-üzüm-leý, Ýer ýok ýeriň ýüzünde-ýeý, Barmaga ýerim, eje!... Ne ini bar, ne aga, Na gapy bar barmaga... Diýdirmen ýetim çaga! Ýok, ogluň ölmez, eje!... Ne iýmekde many bar, Ne geýmekde many bar. Men ýaşara pany dar - Duşarsmy ölsem, eje!... Eje-eje, eje jan, Tabyt boldy kejebäň. Ýer astynda nije jan... Üstde men tenha, eje!... Uçrap eýmenç külpede, Ýalňyz galdym dünýede. Nätjek, ýüzüm gülse-de, Ýüregim gülmez, eje!...

Ashaky temam acmandyr. Allajan yatan yeri yagty imany hemra bolsun. Turkmeni dunya tanatdy. Sizem goshgularyny paylashyp bilersiniz
9 лайков 179 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahrukh khan
Автор 21 дек 2021, 07:50
Shunun goshgylary gaty manyly howes bilen okayadym
Maksat
21 дек 2021, 08:12
Ýatan ýeri ýagty bolsun gowy adamdy.
- Dani
21 дек 2021, 08:18
Цитата: Bayker
Ýatan ýeri ýagty bolsun gowy adamdy.

+++?
Zver
21 дек 2021, 08:27
Iýman baýlygyny bersin !
Zver
21 дек 2021, 08:28
Ýatan ýeri ýagty we jennet jaýyny bersin Allajan.
#B.S
21 дек 2021, 08:59
Jaýyň jennetde bolsun Beýik Serdarym.
http://www.islenen.ru/11960-2006njy-yyl-21nji-dekabr-bolan-waka.html
Enegul
21 дек 2021, 09:09
brawo ...
sewa
22 дек 2021, 02:03
Bet