Wesýet

Ölsem jaylaň mähriban
Ukrainanyň ilinde.
Gazyň gabrymy meniň
Sähraýy giň çölünde.
Daşgyn derýa abanýan
Depede yatar ýaly.
Gapdalymdan çyrpynyp,
Dnepr öter ýaly.
Ol yurdumdan duşmanlaň
Haram neslini sürüp,
Äkidensoň, mazardan-
Silkinjirap men turup
Göge galkyp alkyşlaryn
Taňrym-janym pidany,
Emma täki onyança
Tanamaryn hudany.
Meni jaýlap galkyň-da,
Zynjyrlary payradyň!
Ganymlaň ganyn saçyp,
Azatlygy ýaýradyň!
Meni-de yatlaň onsoň
Azat bolan ol ilde,
Ýatlap duruň, unutmaň,
Gadymdan şirin dilde.
2 лайков 91 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
04 янв 2022, 18:39
Gowy goşgy like+
Enesh
04 янв 2022, 20:16
like