Sözlerim solar-da gider...

Men Sa­ňa her gün soň­ky ha­ty­my ýaz­ýa­ryn! Her gün, eşid­ýär­siň­mi? «Şu ahyrky­sy» diý­ýän her sa­par. Ýö­ne sä­hel wagt öter-öt­mez, ýe­ne göz­le­ri­mi ýaş­dan doldu­ryp, hat ýaz­ma­ga otur­ýa­ryn. Ýaz­ýan söz­le­rim so­lar gi­der... Göz­le­ri­miň garaň­ky­rap bar­ýa­ny­ny du­ýar­dym. Ma­ňa dog­ry dü­şün, kör bol­mak­dan be­ter, Se­ni gör­mek­den mah­rum bol­mak has gor­kuly me­niň üçin. Em­ma iň ýa­ma­ny se­niň kim­di­gi­ňi bil­me­ýän­li­gim. Bü­tin kal­bym bir sö­ze öw­rül­di, bu Sö­züň ady söý­gi däl, söý­gä gö­rä has ýo­kar­da. Gö­züm­den dö­kül­ýän dam­ja­la­ra ga­rap, göz­ýaş däl­di­gini gö­rüp du­run. Olar se­niň su­ra­tyň, olar se­niň dür­li keşp­dä­ki su­rat­la­ryň… Göz­lerim se­ni nir­de su­ra­ta dü­şür­di­kä? Mu­nuň äh­mi­ýe­ti be­ri bar­my?! Men bu su­ra­tyň bir gün göz­ýaş­lar bi­len aýa­ma akyp düş­je­gi­ne ynan­ýa­ryn. Şon­da özü­ňi aýam­da gö­rüp, gor­kaý­ma­gyn, ha­ýyş. Me­niň hatla­ry­myň Sa­ňa hiç ba­ryp ýet­me­jek­di­gi­ni hem bil­ýä­rin. Ýö­ne, bil­sem-de, Sa­ňa hat ýaz­ýa­ryn! Bu gün ýe­ne Sa­ňa soň­ky ha­tymy ýaz­ýa­ryn! Hu­daý ha­la­sa, bu sa­par iň soň­ku­sy­ny…
3 лайков 136 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ProfeSSor
29 янв 2022, 12:23
soňuna düşünmedim, ýa dowamy barmy?
OrazMuhammet Aşyrow
29 янв 2022, 12:38
Hormatly awtor buda bir oýlanmamy? Ýa çyndanam birine ýazylan hatmy? Meniň pikrimçe saňa ezýet berýän duýgulara wagt derman bolup biler. Wagt geçse hemme zat unudylar...
ProfeSSor
29 янв 2022, 13:05
wagt geçende-de unudup bolmajak zatlar bar
OrazMuhammet Aşyrow
30 янв 2022, 11:37
ProfeSSor,
Elbetde bolup biler bu herkimiň garaýşyna bagly, esasy Allany unutmasak bolýa....