Saňa tarap ýolda men...

Sen nir­de­siň? Me­ger, se­si­miň ýet­ýän
ýer­le­rin­de ýok­suň? Se­si­miň ýet­me­ýän
ýer­le­ri uzak­my? Sen nir­de­siň? Me­niň sa­
ňa ta­rap ýo­la çy­ka­ny­ma köp wagt bol­dy,
ýö­ne he­ni­zem ýol­da men! Ýe­tip bi­le­mok!
Iň gy­zyk­ly ýe­ri, se­niň özüm­de eken­di­gi­ňi
bil­ýä­rin! Bi­li­bem küý­se­ýä­rin! Bi­lip durkam hem küý­sä­ber­ýä­rin!
* * *
Biz bu dün­ýä aý­la­nyp git­mek üçin gelme­dik! Bir gi­je-gün­diz­den yba­rat bo­lan bu dün­ýä­ni her gün gaý­ta-gaý­ta gö­rüp dur­mak hem o di­ýen bir gy­zyk­ly däl. Bi­ziň mak­satla­ry­myz bar. Bi­ziň ama­la aş­ma­gy hök­man bo­lan ar­zuw­la­ry­myz bar. Her gün oýa­na­nymyz­da gör­ýän tä­ze gü­nü­miz di­ňe biz üçin tä­ze! Bi­rin­ji ge­zek gör­ýän­di­gi­miz se­bäp­li, bi­ziň üçin gy­zyk­ly. As­lyn­da, bu dün­ýe üçin hiç bir zat ýa bol­ma­sa hiç bi­ri­miz gy­zyk­ly
däl! Biz bol­sak hem, bol­ma­sak hem, şu daň
atar, şu Gü­neş zer-ze­rew­şan nu­ru­ny sa­çar.
Aý­ra­tyn-da, men ja­nym-te­nim bi­len go­wy
gör­ýän ýag­şym ba­ra­da oý­la­na­nym­da, gö­
zü­me ýaş aý­lan­ýar! Ony me­niň ýa­ly, ha­wa,
me­niň ýa­ly söý­ýän adam ta­pyl­maz di­ýip
pi­kir ed­ýä­rin! Ýag­şyň we­lin pi­ňi­ne-de däl...
Ol özü­ne ynan­ýar! Ony söý­jek­le­riň men­den
soň hem köp ta­pyl­ja­gy­na ha­lys ýü­rek­den
ynan­ýar. Biz hem ynan­sa­dyk! Biz hem, hiç
bol­man­da, ýa­gyş ki­min er­tir bu dün­ýä gaý­
dyp gel­je­gi­mi­ze ynan­sa­dyk...
2 лайков 131 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suka
25 янв 2022, 13:09
Taksa mundinmi, nira baryan? tigir
мусульманка
25 янв 2022, 13:13
Цитата: suka
Taksa mundinmi, nira baryan? tigir

hehehe
ýüreksözi
25 янв 2022, 14:06
Molodes manyly
Leýli
Автор 25 янв 2022, 14:10
Цитата: ýüreksözi
Molodes manyly

Köp sag bol:)?