Çalt kub kök almak!
Salam saýtyň hormatlyja, gadyrdan agzalary! Men size bu gün matematika dersine gyzykdyrmak maksady bilen we algebra sapagynda siziň amallary çalt hasaplamagyňyz üçin, 1-100e çenli natural sanlaryň kub köklerini almagy öwretjek! Geliň onda başlalyň!
Bu gözbagçylygy görkezmek üçin ilki bilen 1-den 10-a çenli sanlaryň kublaryny ýatdan bilmek zerurdyr:
1-iň 3-nji derejesi=1; 2-iň 3-nji derejesi=8; 3-iň 3-nji derejesi=27; 4-iň 3-nji derejesi=64; 5-iň 3-nji derejesi=125; 6-yň 3-nji derejesi=216;
7-iň 3-nji derejesi=343; 8iň 3-nji derejesi=512; 9-yň 3-nji derejesi=729; 10-yň 3-nji derejesi=1000.
Görnüşi ýaly, 2 we 3-den we 7 we 8-den beýleki sanlar öz kublarynyň ahyrky sifri bilen gabat gelýär. 2 we 3, 7 we 8 sanlaryň kubunyň ahyrky sifri 10 bilen kuba göterilýän sanyň tapawudyna deňdir. Bu
maglumatlar çalt kub kök almak üçin ulanylýar. Goý,tomaşaçy käbir sany kuba göterip size 250047 sany aýtsyn. Bu sanyň ahyrky sifri 7, şonuň üçin kub köküň
ahyrky sifri 3 bolmalydyr. Gözlenýän sanyň birinji sifrini aşakdaky ýaly taparys. Kubuň ahyrky üç sifrini çyzýarys (onuň sifrleriniň sanyna bagly bolmazdan) we olaryň öňündäki sifrlere üns berýäris. Biziň alan ýagdaýymyzda bu san 250. 250 san kublar tablisasynda 6-nyň we 7-niň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Olaryň kiçisi biziň mysalymyzda 6-dyr we ol kub köküň birinji
sifridir. Şonuň üçin dogry jogap 63 bolar. Işiň özenine oňat düşünmek üçin ýene-de bir mysala seredeliň. Goý, 19683 san aýdylan bolsun. Onuň ahyrky sifri 3 bolandygy üçin, hut köküň ahyrky sifri 7 bolar. Ol sanyň
ahyrky 3 sifrini çyzyp 19 sany alarys. 19 san 2-niň we 3-üň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Şol sanlaryň kiçisi 2, diýmek, gözlenilýän kub kök 27 bolmalydyr.
Düşünensiňiz diýip umyt edýän :}

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.