Natanyś

Men dogulmankam, obamyza bir nätanyş gelipdir. Gelip-gelmänkä ähli kişi bilen dostlaşypdyr, meniň kakam bilen hem tanyşypdyr. Kakam oň bilen şeýle bir dostlaşypdyr welin, ony öýe alypdyr. Öýdäkiler hem ol nätanyş bilen bile ýaşamaga razy bolupdyrlar. Ol biziň iş degişgenimizdi, iň gowy hekaýalary şol aýdyp berýärdi. Başdangeçirmeler, gülkünç, gynançly hekaýar... ol örän owadan gürrüň berýärdi, bizi birnäçe sagatlap hem güýmäp bilýärdi. Aşhanada ejemiň aýagyna çolaşyp ýörmezdik, bulam ejem üçin gowudy. Ol syýasata, ykdysadyýete, taryha gowy düşünýärdi. Taryhda bolan zatlary gaty gowy bolýärdi. Umuman, örän gowudy. Hemmäziň dostumyzdy. birinji gezek meni furtbola äkiden şoldy, kakam ikimizi kino äkidenem. Ýolda meşhur birine duşsa tanyşdyrmagam ýatdan çykarmaýardy. Ýöne ulalamdan soň ol meniň ýüregime düşüp başlady. Onuň soň maşgalamyza giren nätanyşdygyny soň bilipdim. Ýaman köp gepleýärdi. Gerekli, gereksiz gepläp kellämizi iýýärdi. Ejem ol gäpläp başlanda öz otagyna gidip kitap okaýardy. Kakam bilen men bolsa kynam bolsa onuň ýeke özüni goýmajak bolýardyk. Ejemiň onuň bize gelen gelen wagtyndan bäri halamaýandygyny, ýöne kakamyň hatyrasy üçin çydandygyny bolsa soň bilipdim. Bilemok, belki ejem otagyna çekilip Kuran okan wagtlary “Allahym bu ýüzügalyňy biziň başymyzdan sow” diýip dilän bolsa-da bardyr.Dogrusy, ejem dindar aýaldy. Kakamam dindar diýseň boljakdy. Edil oň ýaly bagly bolmasa-da namazyny okap, oaraza tutýardy. Çagalarynyňam arassa, tertipli, dindar adamlar bolup ýetişmegini isleýärdi. Nätanyş bolsa muňa ünsem berenokdy, kakama gulagam asanokdy. Has dogrusy, bize aýyp zatlaram aýdyşdyrýardy. Gowy bir hekaýa gürrüň berip otyrka arasyna arak, humar, aýal ýaly zatlaram goşup göýberýärdi, sögünç sözlerem aýdýardy. Kakam muny görse-de näme üçindir sesini çykaranokdy. Häzir görüp otursam, meni çilime öwrenişdirenem şondan başga hiç kimem däl. Gymmat zatlara, moda gyzýan bolsam onuň şo zatlary süýjedip gürrüň berişiniň hem täsiri bar. ýene-de, şükür edýärin, beýleki arak, şerap, humar ýaly zatlaryna baş goşmandyryn.
Otuz ýyllyk durmuşuma seredenimde onuň näçe gowy hekaýalar aýdandygyna bize hezil berendigine seretmezden onuň oeýdasyndan zyýanynyň köp bolandygyna düşünýärin. Onuň bilen bir öýde ýaşasamam ýoldan doly azaşmandygym Allahyň bir merhemeti. Ol aramyzda bolmadyk bolsa men has gowy adam bolup biljegim ýaly nolup dur göwnüme.
Şonuň üçin ýigit çykyp öýlenenimden soň ony öýe ýakynlaşdyrmadym. Entegem kakamlarda. Kakam bilen deň olam garrady. Ýöne kakamam ondan ýadapdyr. Garransoň ony öýden çykarmaga dözenok ýöne, onda-da kän bir ýüzem berip baranok. Men bolsa onuň bir gün ýa öli ýa-da diri öýden çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Hä, adyny aýtmandyryn-a nätanyşyň. Aýtsam sizem tanarsyňyz-la. Bizä oňa “telewizor” diýýädik. Tanadyňyzmy?

çeśme talyplar.com
5 лайков 377 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
Автор 04 апр 2022, 05:13
Elif,
okan ))
DonMaxx
Автор 04 апр 2022, 05:15
Elif,
??
GuljemilE
04 апр 2022, 05:16
Hahaa
Maksat
04 апр 2022, 05:58
"telewizor" ?. Inni telefon çykdy çagalaram ulanya. Biziň çagalygymyz gyzyklydylaý, telefon ýok, telewizor üç sany çornyý belyý kanal. Köçede oturardyk üýşip bir klas bolup köçe bölek bölek oglan bolar durardy, şeýdip habarlaşýadykda innä köçä çykýanam ýok. Bir gyza söz aýtjak bolsaň iň ýakyndaky toýa garaşarsyň ýada hat ýazarsyň. Inni toýlaram restoran çagyrlan barmaly, o wagtlar tutuş oba aýlanyp toýa çagyrlardy. Eeh ýaşlyk.?
Dawut
04 апр 2022, 07:33
Ýene gyzykly hekaýaň bar bolsa ýazyber
senagul
04 апр 2022, 18:58
Futbola meni äkidenem şoldy diýenden bildim telewizordyr diýip.
Hiayress
04 апр 2022, 20:18
Häzirki tm telewidenýasynda ýokarky sananlaryň birem ýok. :/
Gowy hekaýalaram aýdyp berenok, başdan geçirmelerem gürrüň berenok, meşhur adamkaryň durmuşyndanam söz açanok, taryham ýapyldy, syýasat, ykdysadyýet hakda gram söz ýok, gowy kinolaram ýat boldy.