Gijeler
Iňrik garalanda mahmal şemala,
Höwürdeş bolanda aýsyz gijeler.
Aýnamyň öňünde saçy ýaýyk şem,
Ýüregme ot salar derdim güýjeder.
Süýjeler, ýene-de ukusyz gijäň
Başgalarna meňzemäýan tagamy
Ýene otagymda aý- bogdaş gurar
Öňki ümsüm gijeleriň tagamy
Dowamy köpeler şeýle gijeleň
Öz erkime uky bermez ümsümlik
Meni soňsuz oýa batyrar ýene
Bir ýanda poeziýa, bir ýanda tümlik
Çuňluk ýüregimiň törüne deňeç
Galmaz onuň boş öýjügi daňa çen
dolar, menem yzyny ýazman goýaryn
Goşgylarmy ertire ýa soňa men
Hemmeler ukyda edil şu mahal
Dine men hem şemim ýatanok uklap
Şo-ol uzyn gijäni şeýdip geçirdim
Galamyň bilinden gysymlap saklap.
Ogulnur Pirjikowa
Höwürdeş bolanda aýsyz gijeler.
Aýnamyň öňünde saçy ýaýyk şem,
Ýüregme ot salar derdim güýjeder.
Süýjeler, ýene-de ukusyz gijäň
Başgalarna meňzemäýan tagamy
Ýene otagymda aý- bogdaş gurar
Öňki ümsüm gijeleriň tagamy
Dowamy köpeler şeýle gijeleň
Öz erkime uky bermez ümsümlik
Meni soňsuz oýa batyrar ýene
Bir ýanda poeziýa, bir ýanda tümlik
Çuňluk ýüregimiň törüne deňeç
Galmaz onuň boş öýjügi daňa çen
dolar, menem yzyny ýazman goýaryn
Goşgylarmy ertire ýa soňa men
Hemmeler ukyda edil şu mahal
Dine men hem şemim ýatanok uklap
Şo-ol uzyn gijäni şeýdip geçirdim
Galamyň bilinden gysymlap saklap.
Ogulnur Pirjikowa
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.