Gurhanda we hadysda başga planetalylar hakynda
Başga planetada ýaşaýyş barmy diýen sowalyň iň ygtybarly jogaby şübhesiz bolan, özünden başga taňrysy bolmadyk Allanyň kitaby Gurhanda aýdylýar.
Iki aýatda açyk görkezilen maglumaty belli bir planetalarda ýaşaýyş durmuşyň bardygy hakynda aýdylypdyr. Elbetde Gurhanyň syrly aýatlarynyň şifrleriniň syrlary intek doly açylmadykdyr. Şonuň üçinem ol dünýewi ylymda-da örän täsin kitaplaryň biri. Gürrüňimizden uzaklaşmankak asyl makalany dowam etdirsek ýerlikli boljak.
Gurhanyň 16-njy süresi, ýagny Nahl süresiniň 49-njy aýatynda: ''Asmanlardaky we ýerlerdäki ähli jandarlar we perişdeler tekepbirlik (men-menlik) etmän, Alla üçin sežde ederler''. Eýsem bu setirlerdäki Asmanlardaky we ýerlerdäki jandarlar diýip Allataga kimleri göz öñüne tutýarka? Intek muňa anyk bir zat diýip durmazdan öň size ýene bir Gurhan aýatlarynyň birinden yş açyp bereýin.
Onuň ikinji subutnamasy bolsa Gurhanyň 42-nji süresi bolan Şura (Geñeş) süresiniň 29-njy aýatynda üns çekiji gyzykly maglumat bar: ''Asmanlary ýeri we bularyň ikisinde ýaýradyp goýberen janly-jemendeleri ýaratmagy onuň (Allanyň) delillerindendir. Islese, bularyň hemmesini bir ýere jemlemäge hem onuň güýji ýeter'' Eýsem Allatagala bu ýerde Asman LAR diýip haýsy asmanlary göz öňünde tutýar? Bizi gazan ýaly daşymyzy gurşap alýan bir gök asmandanmy, ýa-da beýleki planetalaryň asmanlaryndan? Janly-jemendeler diýip Allatagala bizi we haýwanlary göz öňünde tutýarmy, ýa-da başga planetanyň janly-jemendelerinden? Allatagala bu ýerde başga planetalylary delillendirip görkezjek bolýarmy ýa-da ýerdäki adamlary we haýwanlary delil görkezjek bolýarmy? Bu intek näbelli syrlygyna galýar. Biz bolsa ýöne onuň ''şeýle bolaýmasyn'' diýen pikir ýöretmelerimiz bilen siziň ünsüňizi çekmek isleýäris. Belkäm bu gelen netijämize görä edil üstünden bardyk diýsegem bolardy.
Ýokardaky iki aýatlarda aýdylyp geçilýän Asmanlar planetalardyr. Şu ýerde meň ýadyma Magtymguly Pyragynyñ bir goşgusy düşdi. Näme üçin diýýänsiňiz? Öň onuñ goşguly kitaplaryny okaýarkam onuň şeýle goşgusyna gabat geläýmerinmi? Goşgyň ady ''Ýaşyl Zümerret''. Goşgyny ýatdan bilmesemem şol goşguda Magtymguly Ýedi sany Asmanlary açyklap olarda ýaşaýan şol asmanlaryň eýeleri, dogrusyny aýtsam ýaşaýjylary, olaryňam ululary, ýagny perişdesiniň bardygyny, nähili sypatdadyklaryna çenli aýdyp berýär. Magtymgulynyň özi bolsa Gurhandaky aýatlary goşga ýerleşdirip syrlaryny çözmäge çalyşan alymlaryň biridir. Bu Magtymgulynyň atlandyran asmanlary şol Gurhandaky agzalyp geçilýän planetalaryň bir bölegi bolsa gerek.
Özem aýatlaryň ikisinde-de Asmanlar sözi köplük sanda, köplügi aňladýar. Bu hem bilşimiz ýaly asmanlarda-da, planetalarda ýaşaýyş bar diýmek manysynda gelýän subutnamadyr. Onsoňam ýene bir zat, olam ikinji aýatda nygtalýan šol janly-jemendeleriň ''ýaýradyp'' goýbermek sözi edil tozanyň üfleniši ýaly çar tarapa ýaýradylandygyny Allatagalanyň özi açyklap dur.
Eger şeýle bolsa bu aýatdaky asmanlarda, göklerde, planetalara-da ýaýradylandygy düşündirilýän saýýaralaryň hersinde ýaşaýyş durmuşyň barlygydyr.
Gurhanyň 24-nji süresi, ýagny Nur süräniň 45-nji aýatynda ''Dabbe'' sözi agzalýar. Bu aýatda aýdylýan dabbe sözi ýene-de şol janly jemende sözüne ugrukýar. Şol aýatda şeýle sözler bar: ''Her dabbe, ýagny janly-jandar suwdan ýaradyldy'' diýýär.
Käbir alymlar, tefsirjiler dabbe, melekler diýip aýdýarlar. Emma bu uly ýalňyşlykdyr. Gurhan aýatyny ýalñyş ýormak ýaly bir zat bolýar. Allatagala Gurhanyň 16-njy süresi bolan Nahlyň 49-njy aýatynda: Asmanlardaky we ýerdäki dabbeler, ýagny janly-jemendeler we perişdeler'' diýip bir aýatda olaryň her haýsysyny aýratynlykda agzap geçýär ahyryn. Şonuň üçin dabbe söze pesirşde manysyny bermek bolmaz. Aýratynam perişdeleriň suwdan ýaradylmandygyny, olaryň nurdan ýaradylandygy hakynda hadys bar.
Şeýlelikde bu düşnükli bolup Gurhan bize Gurhan göklerde, asmanlarda diýip beýleki planetalardan we olarda ýaşaýyşyň bardygyny aýdýar.
Aýratynam asmanlarda, planetalarda ýaşaýyşyň, durmuşyň bardygyna degişli hadyslar bardyr. Ol hem aýry subutnama bolmak bilen Gurhan bilen baglanyşykly bolsa gerek.
''Ylym Sureýýada (Ülker ýyldyzlar topary) bolsa-da onuň bilen pars ogullaryndan adamlar biri-birine gowuşarlar'' diýen jümlesi sizi has hem haýrana goýjak.
Başga planetalara degişli ýene bir Gurhandaky aýaty getirip görkezeýin. Gurhanyň 26-njy süresi bolan Şugara (Şahyrlar) süresiniň 23-24-nji aýatlarynda şeýle sözler bar: ''Faraon ''Älemleriň perwerdigäri diýýäniň kim'' diýip sorady. Musa: ''Eger hakykata ynanýan bolsaňyz Ol (Allatagala) asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndaky ähli barlyklaryň Perwerdigäridir'' diýdi'' diýen setirlere üns beriň. Bu ýerde gürrüñ Musa pygamber faraona öwüt bermek üçin ''Älemleriň hökümdary'' hakynda agzaýar. Älemleriň diýen sözi Älem giňişligi bolsa gerek.
Gurhany Kerimde akylly janly-jemendeleriň bardygyny bildirýän aýatlary näçe diýseň görkezip oturmaly. Olardan ýene biri 25-nji süre Furkan (Tapawutlandyryjy) süresiniň 1-njy aýatynda: ''Älemlere duýduryjy bolsun diýip Furkany (Gurhany) öz bendesine inderen (Alla) örän beýikdir. Asmanlaryň we ýeriň eýeçiligi (hökümdarlygy) oňa degişlidir...'' diýip Gurhanda Allatagala ýene nygtaýar ''Älem, Asmanlar (planetalar)'' diýip. Başga subutnama Gurhanyň 6-njy süresi Engam süresiniň 90-njy aýatynda: '' Ine olar Allanyň dogry ýola gönükdiren kişileridir. Sen hem olaryň ýoluna tabyn bol! (Eý Muhammet) Sen (olara): ''Men muňa (pygamberlik wezipämi size ýetirendigim üçin) sizden hak (tölemegiňizi) soramaýaryn. Ol (Gurhan) bütin älem-jahan üçin diňe bir öwütdir''. Şular ýaly aýatlar Gurhanyň 13-nji süresi Ýusup 104-105-nji (Bakara 53, 185, Aly Ymran 4, Furkan 25, Enfal 29, 41, Enbiýa 48 ) aýatlarynda hem Allatagala şular dogrusynda agzap geçýär.
Şu ýerde şeýle sowallar ör boýuna galýar. Eger Allatagala Gurhany we (beýleki keramatly kitaplary) beýleki pygamberler bilen bilelikde Muhammet pygamberi Älemlere we asmanlara ondaky janly-jemendelere inderen bolsa onda näme üçin Allatagala diňe '' Şolary adamlaryň arasyna ugratdyk'' diýip diňe adamlara ugradylandygy hakynda aýdanok. Diýmek pygamberler bilen bilelikde Keramatly Kitaplar beýleki älemlere, asmanlara, janly-jemendelere hem pygamberlik edip kitaplary öz gezegine görä hersi ýaýyp gaýdan bolmalylar. Aşakda ýazjak bolýan hadysym bolsa Türkiýede asyl çeşmesi nakyl edilmedik Bereket neşirýatynyň ''Altybarmak pygamberleriň taryhy''atly kitapda ''Magraçdan soňra zuhur edilen wakygalar'' bölüminden peýdalanmaly boldum. Onda: Muhammet pygamber Birinji asmana çykmazdan öňki asmanda dünýäniň asmanynda (aşakdaky gökde) magrajyň başlangyjynda görenlerini şeýle aýdýar: ''Bir derýa gabat geldim deňizde we garaňkylykda näçe sany janly-jemende bar bolsa olar şol ýerdediler.
Olar muallakda (howada durýarlar) durup bir damja-da damanokdy''.
Bu ýerde birinji gat asmana çenli bolan bölümiň bütin ýyldyzlaryň içinde ýerleşen dünýä asmany (aşakdaky asman) bolan bu gögüň yz ýany 7 asmanyň yzyndaky hadysyň dowamyndan belli bolýar. Bu hadysdaky agzalýan janly-jemendeler haýwan şekilli jandarlardyr.
Aýatlar we hadyslarda aýdylşy ýaly haýwanlaryň hem adamlaryňky ýaly akly bar. Ýöne gürrüňi etjek bolýan zadymyz bolsa bu däl-de adamlaryň akyl-düşünjesine meňzeş akylly jandarlar hakda barýandygyny aýtmak isleýäris.
Eýsem Kyýamat günüň öň ýanynda peýda boljak Ýajuj-mäjuj halklary hem şol biziň gürrüňini edýän başga planetalylarmyka? Ýa olar dälmikä? Muhammet pygamber öz hadysynda şeýle diýipdir: ''Jebraýyl aleýhissalam meni ýajuj we mäjuj taýpasynyň arasyna eltdi. Olary Imana we Allatagala daga ybadata durmaklygy öwretdim''. Muny açyklasak, Pygamberiň magraja, asmanlara çykan wagtynda başga planetalara seýir eden bolaýmasyn. Ýöne ol döwrüň edebi ýazgylarynda dagy hem ''Başga planeta'' diýilmän ''Asman, jennet ýa-da dowzah diýilerdä. Ýajuj we Mäjuj hakda başga bir aýatlarda ol Isgender Zülkarneýin bilen baglanyşykly. Bu rowaýat hakda bolsa, eýýäm bilmeýän az-az bolsa gerek. Gürrüňimizden daşlaşman asyl ony dowam etdireliň.
Pygmberimiziň hadysynyň dowamynda ol: ''Soňra meni şähere getirdiler kiý biri maşrykda (gündogarda), beýlekisi magrypdady (günbatarda). Bu şäherleriň her biriniň müň gapysy bardy. Iki gapysynyň uzaklygy bir parsahdy (Bir parsah 5 kilometrdir). Derñeýäris: 2000 gapy bar we gapy aralykdaky uzaklyk 5 kilometr. Şeýle bolsa bu şäherleriň çäkleri 2000 x 5 = 10 000 kilometr. Eger bu şäherler şu çäkde bolsalar. 10 000 bölüp 3,14 = 3 184, 713 çykarýarys. Ýagny eger bu şäherler çäkli ölçegde bolsalar giňlikleri 3 müň 184 kilometre barabar bolýar. Bular ýaly uly şäher dünýä ýüzünde (ýagny Ýer šarda) ýokdy we bu şäherler dünýäniň daşynda ýerleşdirilipdir. Öýüň ýagdaý hasabyny bolsa şeýle hasaplap çykaryp bolar; 3 184 000 metrlik uzynlygy bolan bu şäheriň ýarysy 1 592 000 metre, çägi 1592 000 x 1 592 000 x 3.14 = 7 985 216 000 000 metre barabar. 2000 metrlik ullakan öý bolsa 7 958 216 000 000 bölsek 2000 = 3 979 108 sany öý bar bolup biler.
Aşakdaky hasaba görä 44 milýard 160 milliona barabar ilata görä 44 160 000 000 bölýäris 3 979 108 = 11 097 kişi bir öýde ýaşamalydyr. Şeýle bolsa bu janlylaryň öýleri örän köp gatly bolmaly. Bir maşgalada 6 kişi bolsa bir öýde (11 097 bölýäris 6 =) 1849 kiši bolup biler.
Bular ýaly ýagdaýly ýaşaýyş şertler tehnologik güýç esasynda gurulsa gurulup bilerdi ýöne ol häzir gurulan hem däldir. Bular ýaly ýerleşmäni dünýäniň giňişligi bilen hasaplanjak bolunsa ilat artdygyça dünýäniň adamlar üçin ýeterlik bolmajakdygyny aýtmak isleýäris.
Maşrykdakylar ybranyça gürleşýärler. Magrypdakylar bolsa siriýaça gürleşýärler. Her gapyda on müň kişi ýaragly halda durýarlar. Her aýda on müň kişi gidende nobatyna başga on müň kişi gelýär. Kyýamata çenli şeýle dowam eder. Olaryňam bir geleni gaýdyp nobata gelmez eken. Şeýlelikde takmyn etsek 2000 gapy, her gapyda 10 000 esger. 2000 x 10 000 = 20 000 000 (20 million esger) hasaby çykýar. Pygamberimiziň ýaşan eýýamynda adamlaryň hemmesi hem munça bolup bilmezdi. Şeýle bolsa 20 million esgeri bolan iki şäheriň dünýäde bolup biljegi mantyksyz bolardy. Aradan geçen 1400 ýylda adamlaryň ilaty azyndan 1000 esse dagy artan bolmaly. Şeýle bosa ýer ýüzünde 20 milýonly esgeri bolan hiç hili ülke ýokdur.
Ol iki şäheriň sany hem artyp durandyr. 20 million esger çykaryp bilýän toparyň ilaty esger sanynyň iň azyndan dört essesi bolmaly. Şeýle bolsa iki şäheriň her biriniň ilaty ( 20 000 000 x 4 = 80 000 000) 80 million her aý her gapy üçin 10 000 esger çykaran toparyň ilatydyr. Olar ummaty Muhammet ýaly ortalyk 65 ýaşaýan bolsalar 20 ýaşynda esgerlige gidip 65 ýaşyna çenli bir gezek nobata durmalary üçin 65 - 19 = 46 ýyl beýlekileri nobata durmalydyrlar. Şeýle bolsa 46 ýylyň her aýy üçin (47 x 13 =) 552 aý üçin, her gapy üçin 10 000 esger çykaryp biljek toparda gatyň 552-nji gatynda bir toparlar ýaşaýan bolmalydyr. Şeýlelikde her gapy üçin 10 000 esger çykaran toparyñ gaty (80 000 000) 80 milýonuň 552 gaty bir grupba bolmaly. 80 000 000 x 552 = 44 160 000 000 (44 milýard 160 milýon). Ýagny bu grupbanyň ilaty 44 milýard töwereklerinde bolup biler.
Dünýäniň häzirki ilatynyň sany takmynan 7 milýard töweregindedir. Bu iki şäherdäkiler bolsa 1400 ýyl öň dünýäniň ilatyndan 6 esse köp bolan diýip çak edýäris.
Aradan geçen 1400 ýylda 1000 (müň) esse köpelen bolsa, her gatynyň häzirki ilaty (44 160 000 000 x 1000 = 44 160 000 000 000) 44 trilýon 160 milýard bolmalydyr. Bu ýagdaýda bu iki şäheriň her biri dünýä ilatynyň (44 160 milýardy bölýäs 7 milýarda=) 6308 (alty müň üç ýüz sekiz) esse köpdirler.
''Olary dine girmeklige we ybadat etmäge çagyrdym. Kabul etdiler. Hemmesi yslama girdiler. Olar biziň jiglerimizdir. Olaryň gowylary, biziň gowularymyz bilen, olaryň erbetleri, biziň erbetlerimiz ýalydyrlar.
Soňra meni üç taýpalaryň ýakynyna eltdiler. Ýöne olar integem Allatagaladan başga duşman tutunmandyrlar ( Allanyň duşmanlarydyr) Atlary ''Mensek'', ''Tewil'' we ''Mairis''. Olary dine çagyrdym kabul etmediler. Hemmesi jähennemlik boldylar''.
Hezreti Habyby Ekrem ''Sallallahu aleýhi wesellem'' aýdypdyr: ''Allatagala Magraçdan yzyma dolanyp gelýärkäm meni Musa aleýhissalamyň kowmunyň arasyna baryp görmegimi isledi. Olara salam berdim. Salamymy aldylar. Jebraýyl aleýhissalam meni olara tanatdy. Meň ahyrzamanda geljekdigimi, nubuwwetimi (pygamberligimi) we waspymy kitaplarda okap görüpdirler we pygamberlerinden eşidipdirler. Hemmesi ylgap ýanyma geldiler we biri birlerine buşlaşyp daş-töweregime üýşdiler. Olary yslama çagyrdym olaryň hemmesi yslamy kabul etdiler we diýdiler: ''Hak tagala (Alla) Musa aleýhissalama seň pygamberligiňi habar berdi. Musa aleýhissalam bize wesýet edipdi. Biz seniň gelmegiňe garaşýardyk we jemalyňy (ýüz kešbiňi) görmäge zar bolupdyk. Hudaýa şükür bu arzuwymyza gowuşdyk'' diýdiler. Muhammet (s.a.w) aleýhissalam aýtdy: ''Olaryň arasynda birnäçe üýtgeşiklikleri gördüm. Meňizleri sary, eşikleri ýüňdendi. Öýleri hemmesiniňki deň ululykda özem bir gatdy. Gabrystanlary öýlerine ýakyn meçjitleri öýlerinden uzak we gapylaram açykdy. Içlerinde baý we garyp ýok. Hemmesiniň goş-golamlary birmeňzeş. Dükanlary açyk. Özleri meçjitlerde itikaf ederler. Çagalary dogsa aglarlar. Bir kişi ölse begenerler. Olara sowal berdim: Siz nähili dine uýýaňyz? Olar: Allatagala we meleklerine we kitaplaryna iman etdik. Bize näme rowa görse razydyrys. Nygmatlaryna şükr ederis, belalaryna sabr ederis, biri-birimize duşmanlyk etmeris. Hemmämiziñ baýlyklarymyz birmeňzeş. Allatagalanyň razylygyny gazanyp nebislerimizi dep ederis. Bilmeýänlerimizi öwrenmäge çalyşýarys we bilenimizem amal ederis. Asla gybat etmeris. Boş zatlary ýaňramarys. Gündizine oraza tutup gijeleri ybadat ederis. Ybadatdan maksadymyz derejaty ahirýetdir we ryzaýy rabbul izzetdir (Ahyrýet derejeleri we eziz Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Emri magryp (gowlygy ýaýarys) we nehi anyl müňker ederis (erbetlikden saklanmagy ýaýarys). Her näme gelse sabr ederis. Dünýä garyplygyny ahyrýet baýlygy üçin isläris. Nygmaty panyny (geçiji nygmaty) nygmaty baky (galyjy nygmat) üçin kabul etmedik. Musa aleýhissalam bize näme wesýet eden bolsa şoň aýdyşy ýalam amal ederis. Ömrümiziň soňuna çenli şular ýaly ýaşaýarys'' diýdiler. Resul aleýhissalam aýtdy, olardan sowal soradym:
ㅡ Meňizleriňiz näme üçin saralypdyr?''
ㅡ Allatagala bolan gorkymyzdan'' diýdiler.
ㅡ Eşikleriňiz näme üçin ýüňden?
ㅡ Pygamberleriň eşiklerem şeýle bolany üçin.
ㅡ Öýleriňiz näme üçin hemmesi birmeňzeş?
ㅡ Biz özümiz-özümizden üstün bolmak islegimiz ýok we howany we güni biri-birimizden gysganmarys.
ㅡ Gapylaryňyz näme üçin açyk dur?
ㅡ Aramyzda haýyn we ogry ýokdur.
ㅡ Dükanlaryňyz näme üçin açyk?
ㅡ Bir kişä bir zat gerek bolsa gelip puluny goýup gideni üçin açyp goýýarys.
ㅡ Meçjitleriňiz näme üçin uzakda?
ㅡ Ädimlerimiz köpelsin diýip we sogabymyz zyýada (köpelsin) bolsun diýip
ㅡ Gabrystanlyklaryňyz (mazarlyklaryňyzy) näme üçin öýleriňize ýakyn etdiňiz?
ㅡ Ölümi ýatdan çykarmazlyk üçin.
ㅡ Çagaňyz bolsa aglarsyňyz, ölse gülersiňiz, näme üçin?
ㅡ Dogan zyndana we höwes hana gelýär. Ölen rebbine gider, zyndandan halas bolar şol sebäpli: diýýärler.
ㅡ Içiňizde hiç syrkaw görmedim näme üçin?
ㅡSyrkawlyk günälere kefaratdyr. Biz günä etmeris. Eger biri günä iş etse gökden alowly ot gelip ony ýakar, heläklär. Dünýäde günä edilende gökden ot gelip ýakany üçin hiç kim günä etmäge milt edenoklar''. Diýmek bu toparlar dünýäniň daşynda bir ýerdedirler. Bu sowal we jogaplardan soňra diýipdirler: ''Eý Allanyň Resulu bize şerigaty tälim berip, bize wesýet et'' diýipdirler. Allanyň Resuly olara wesýet edip beripdir: ''Eý kowum. Belalara sabr ediň. Hak tagaladan gorkuň. Sabr etmegiňiz bilen, ondan kömek soraň! Hiç zat bilen öwünmäň. Amallaryňyzy zaýalamaň. Hak tagalanyň rehmetine ygtykat ediň. Hemişe gorky we umyt bilen ýaşaň. Eger meniň bilen Musa aleýhissalam bilen haşr bolmak isleýän bolsaňyz bu wesýetlerimi ýerine ýetiriň'' diýipdir. Soňra Allanyň resuly ''Salam berip aýrylmak isledim'' diýipdir. Diýdiler ''Ýa Resulalla sizden iki sany haýyşymyz bardyr: Biri doga ediň Alla tagala ýer ýüzüni biziň üçin gysgaltsyn. Sebäbi ýerimiz Hytaýdanam (Çyn-maçyn) aňyrdadyr. Her ýyl Käbeýi muazzama haj etmäge gideliň. Ýer gysgalmasa haja gitmek aňsat bolmaz'' diýýarler. Bu ýerdäki ''Hytaýdanam aňyrdadyr'' sözi dünýäde ýerleşen bir ýer çaklamasyny berýär. Ol wagtlarda heniz üsti açylmadyk, okean adalarynyň biri ýa-da Amerika yklymynda bolmagy ähtimallygyny berýän bolsa, magraja iniş we çykyşyň şol bir ýerden, ýagny Kudusdan bolmagy sebäpli, bu aýdylanlar heniz dünýede ýaşaýanlar däldirler diýip düşündirse bolar. Bu sebäpden ''Hytaýdan aňyrda'' sözi başga planetada bolmagy diýip düşünilse bolar. Olaryň ikinji aýtjak bolýan zatlary bolsa ine şular: ''Hak tagala bizi halkyň gözi görmez ýaly örtsin. Halka bizi görkezmesin''. Allanyň Resuly ''Doga etdim, Hak Tagala kabul etdi, Her ýyl gelip haj ederler. Hiç kimem olary görmez'' diýipdir. Haj edip gitmeleri ''dünýäde ýaşaýan bolaýmasynlar'' diýdirýär. Ýöne aralyk ýeriň gysgaldylyp berilmegi, Resulallanyň dogasynyň kabul edilmegi, belkäm dünýäniň daşyndan gelýändigi bilen düşünilýär. Ýöne olar hakda kän zat bilemizok. Ol kişileriň planeta ara uýgun gämileriniň bar bolup bolmaýandygyny hem bilemizok.
Ine Gurhandan we hadysdan getirilýän maglumatlar şulardan ybarat. Belkäm bu aýdanlarymyz belki hakykat bolsa onda Älemde musulman we erbet gumanoidler ýaşaýan bolmaly. ''Pikirden pikir dörär'' diýilşi ýaly bu çaklamalarymyz dogry bolup çykaýsa onda başga planetalylar bilen has ýakyndan gyzyklansa bolardy. Olar bilen pikir alşyp düşünşip bolardy.
Eger şu zatlary oñaryp bilsek bizem dünýäde ösen siwilizasiýalaryñ birine öwrüleris. Öñe gidişikler gazanyp bileris.
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.