Soraglamak zyýanlymy?
Meniň dini we taňryny soraglaýyjy mowzuklarymyň teswirlerinde adatça şu mazmun bar; "ynanmaly, soraglamak gerek däl". Men soraglamagyň nä dereje möhümdigini nygtamak isleýärin. Meniň mowzuklardaky esasy maksadym adamlaryň özüne aýdylan zada gönüden-göni ynanman, öňürti "näme üçin?" diýen akyl eleginden geçirmäge meýil etdirmek. Mysal üçin, ir döwürde ýyldyrym çaksa adamlar "taňry gazaplandy, sadaka bermeli" diýip herhili dini rituallar ederler eken. Soň adamzat "ýyldyrym hakykatdanam taňrynyň gazabymy ýa-da tebigatyň bir mehanizimniň bölegimi?" diýip soraglap dogry jogaby tapdy. Şonuň üçin soraglamak hökmany gerek. Yslam we Gurhandan mysal bersek; Ýokardaky surata (iki suwyň biri-birine garyşmazlygy) mugjyza diýip Gurhanyň Rahman süresiniň 19-20-nji aýatlaryny görkezýarler. Ýagny ol aýatda iki suwyň arasynda böwet bardygyny we garyşyp bilmejeklerini aýdýar. Eger muňa ynanmaly bolsak "bäh görä bu gudraty" diýeris. Emma "hakykatdanam garyşanokmyka?" diýip soraglasak mekdepde öwredilen himiýa bilimi bilen bu suwlaryň garyşjagyna göz ýetireris we gudratyň ýokdugyna göz ýetireris. Ýene bir mysal bermeli bolsa, Enbiýa süresiniň 31-nji aýatynda "ýeri-adamlary sarsdyrmasyn diýip daglary ýerleşdirdik" diýilýär. Eger muny soraglaman ynanyp oturan bolsadyk tebigy ýer titreme hadysasynyň sebäbini asla öwrenip bilmezdik, ýagny aslynda Gurhanda aýdylýanyň tersine ýer titremesi daglyk ýerde bolýandygyna göz ýetirmezdik. Ynanmagyň ýerine soraglap bilime ýüz tutup daglaryň ýer gatlagyndaky döwük liniýalarynyň (линия разлома) hereketi esasynda döreýändigini we bu prosesde gatlaklaryň biri-birine sürtülmegi esasynda ýüze çykýan energiýa sebäpli ýer titreýändigini asla bilmezdik.
Gysgaça oglanlar, maslahadym; isleseňiz Allaha ynanyň, isle Zewse, isleseňiz makarona ynanyň, isle lüle kebaba, ýöne soraglamagy bes etmäň! Adamzady diňe pikirlenmek we soraglamak instinkti şu günlere getirdi.
*Gaýrat edip mowzuga kemsidiji ýa-da paýyş sözleri ýazjak bolmaň. Sögesiňiz gelse g.myradow@mail.ru adresime arkaýyn ýazyberiň, hökman okaryn.
Gysgaça oglanlar, maslahadym; isleseňiz Allaha ynanyň, isle Zewse, isleseňiz makarona ynanyň, isle lüle kebaba, ýöne soraglamagy bes etmäň! Adamzady diňe pikirlenmek we soraglamak instinkti şu günlere getirdi.
*Gaýrat edip mowzuga kemsidiji ýa-da paýyş sözleri ýazjak bolmaň. Sögesiňiz gelse g.myradow@mail.ru adresime arkaýyn ýazyberiň, hökman okaryn.
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.