Ömrün sen - Bölüm2

Mekan indi Elisanyň ýanyna her gün barýardy. Dükanyna gelip, onuň bilen gürleşýärdi. Olar dost bolupdylar. Ýöne Elisa oňa ýakyn bolmakdan çekinýän ýalydy. Sebäbi käwagt ony özünden uzaklaşdyrmak üçin kakdyryp, ýa-da gönüläp sözler diýýärdi. Mekan bu sözlerden soň uzaklaşman gaýta has ýakynlaşýardy. Bu sözleri diýmeginiň sebäbini, onuň syrly herketlerini bilesi gelýärdi. Elisa çyndanam syrly bir gyzdy. Meselem aňsat-aňsat, hatda hiç diýen ýaly gülenokdy. Ony güldürmek gaty kyndy. Näçe gülkünç zadam bolsa diňe sähel ýylgyryp ýetinýärdi. Köpçülikde köp görünenokdy. Köp arzuwlaram edenokdy. Arzuwlary ýok ýalydy, geljege degişli ýekeje zadam gürlänokdy. Hiç zada üns berenokdy. Hiç zat bilen gyzyklananokdy. Mekan üçin bu zatlar onuň ýanyndan aýrylmazlyk üçin ýetýärdi. Mekan onuň bilen aslynda zordan dost bolupdy.
Elisa daşyndan agras ýaly görünsede, aslynda gaty ejiz we akja ýüregi bardy. Göräýmäne ol Mekan geläýse begenýän ýalydy, ýöne gelenine begenmedik ýaly hereketler edýärdi. Ýöne Mekanyň özi zehinli, harby bir toparyň baş serkerdesi bolany üçin, onuň gizlin hereketlerini aňşyryp bilýärdi. Ol dükana gelende Elisanyň begenýändigini, ýöne begenmedik bolýandygyny aňýardy.
Eýýäm Elisa bilen Mekanyň gürleşip ýörenine 6 aý bolupdy. Mekan bu wagtyň içinde köp agyr sözlerem eşdipdi. Ýöne şonda-da ol Elisadan aýrylanokdy. Ony ýalňyz goýasy gelenokdy. Soňky döwür bolsa Elisa ondan has uzaklaşmak isleýärdi. Uzaklaşmak isleýändigini köp bildirýärdi. Meselem bir gezek Mekan oňa jaň edende, "jaň etme" diýip gygyryp öçüripdi. Ýöne Mekan, adaty oglanlaryň eşitse durmajak sözlerinem eşdip ondan aýrylaýanokdy. Oňa sowgatjyklar alyp berýär, degişmeler aýtýar, täze ýerlere äkidýär, elinden geldigiçe ony begendirjek bolýardy. Elisa bolsa onuň gitmeýändigine bir tarapdan gahary gelsede begenýärdi. Bir gün ýolda gelýärkäler Elisa birden ýene yrsarap başlady.
- Sen näme üçin meniň kölekäm ýaly yzymdan aýrylaňok? Muny çyndanam bilesim gelýär.
- Sen näme üçin her gezek şeýdip yrsaraýaň?
- Men yrsaramok, ýalňyş zat aýtýanmy näme?
Elisa biraz sesini gataltdy.
- Haçan görseň yzymda.
- Gideýinmi?
- Git.
- Näme üçin?
- Gitdä.
- Näme üçin diýýän?
Mekan bu sözi onuň göni alkymyna dykylyp baryp aýdypdy. Ýüzleriniň arasynda sähelçe aralyk galypdy. Elisa aljyrap biraz Mekanyň ýüzüne seredip durdyda, utanyp çydap bilmän ýüzüni aşak egdi. Mekan bolsa onuň ýyljajyk deminden güýç alýan ýalydy. Ol ýuwaşjadan:
- Näme üçin Elisa? -diýdi. Elisa ýene üzlem-saplam sözler bilen sypmany başardy. Ine bir günem Mekan has üýtgeşik waka bilen garşylaşdy. Ol Elisany görmek üçin dükana baranda, otagynda onuň bir zada aglap oturandygyny gördi. Mekan girende ol aljyrap, derrew göz ýaşlaryny süpüripdi. Mekan näçe sorasada näme üçin aglaýandygyny aýtmady. Mekan şol günden soň 4 günläp ony görüp bilmedi, sebäbi wajyp bir iş berilipdi. Şony ýerine ýetirmelidi. Soňra ol göni işden boşap, Elisanyň dükanyna tarap ugrady. Ol ýolda owadanja bir oýunjak aýyjyk alypdy. Ony bir gutujyga salyp, oňa surpriz etjek boldy. Aýyjygy Elisa gaty gowy görýärdi. Ony görse begenip gitýärdi. Edil çaga ýaly boluberýärdi. Elisa aslynda hem çagajyk ýalydy. Keýpi gowy wagty ol edil çagajyk ýaly bolýardy. Ol munyň hakyky häsýetidi, ýagny hakyky özüdi.
Mekan dükanyna bardy. Barýança agşam düşüberipdi. Ol Elisany gaty göresi gelýärdi. Çaltrak ony görmäni arzuw edýärdi. Mekan dükana kürsäp girdi. Ol işgärlerden onuň nirdedigini sorady. Ol ýokarky gatdady. Mekan derrew ýokaryk çykyp onuň otagyna girdi. Elisa ýetişdirilýän güljagazlary elläp oturdy. Mekany görüp ýüzi açylyp giden ýaly boldy. Ýöne soňra derrew ýene öňki halyna geldi. Mekan onuň ýanyna bardy. Elisa şol barmana onuň gitmegini isledi.
- Ýalňyz galmak isleýärin.
- Näme üçin, bir zat boldumy?
- Hiç zadam bolanok, diňe git.
- Meni her gezek alada etdirýäň şeýdip, aýt gorkuzmada, näme üçin gideýin?
Elisa bilen Mekan biraz şeýdip çekeleşip duranyndan soňra Elisa aglady. Aglap onuň gitmegini isledi.
- Ýalbarýan git Mekan, haýyş edýän meni ýalňyz goý. Ideme meni, jaňam etme. Muny saňa erbetlik üçin aýdamok. Men diňe haýyş edýän, meni biraz pikir edýän bolsaň git. Şuwagt meniň üçin iň gowy zat şol. Git Mekan git.
Mekan bu sözlerden soň biraz dymyp durdy. Elindäki gutujygy ýere goýup, çykyp gitdi.
Soňky döwür Mekan, Elisanyň özüni söýmeýändigini pikir edip başlady. Aklyna her hili pikirler gelýärdi. Ýöne Mekan häsýeti boýunça ömür bir zady aňsat kabul edýän kişi däldi. Mekan, Elisa ýalňyz galsa bir zat bolar öýdüp gorkýardy. Ony gorasy gelýärdi, başarsa ony dünýäniň iň bagtly gyzy etjekdile. Ol nädip aşyk bolanyna özem düşünenokdy. Ony söýmeginiň has ayratyn sebäpleri bar. Elisa hemme kişiden üýtgeşikdi. Eýleki gyzlardan düýpgöter tapawutlanýardy.
Elisa soňky günler görünmän başlady. Mekan ony näçe gözlese-de, dükanyna baryp sorasa-da netije almady. Mekan indi has erbet ýagdaýa düşüpdi. Ömründe ilkinji gezek beýle gorka gaplanypdy. Hawwa, ol gorkýardy. Ibaly nahar iýibem bilenokdy. Işdäsi kesilipdi. Näçe jaň etsede jaňy öçürlendi. Ine bir gezek bolsa, ýolda maşynly gelýärkä, Elisanyň dükanynyň 300 metr gyrasynda bir köçede ýöräp gelýändigini gördi. Mekan derrew ulagyndan düşüp onuň ýanyna ylgady. 5 metr aralygyna baryp saklandy. Elisanyň egninde gara kurtkasy bardy, sary saçy sähelçe şemal bilen ýuwaşja gaýmalap durdy. Olam ony has owadan görkezýärdi. Elisa hiç zat etmän diňe Mekana seredip durdy. Mekan bolsa ony görenine şeýle bir begenýärdi welin, onuň begenjini beýan etmek mümkin däldi. Edil garaňkylykdan ýagtylyga çykan ýaly bolup gidipdi. Mekan çalt-çalt ýöräp, baryp Elisany göni bagryna basdy. Ony gujaklap, bokurdagyndan ysgap çala ýokaryk göterdi. Mekanyň hemme derdi ýeňlän ýaly bolupdy. Ol çydap bilenokdy, Elisa hem şeýledi. Olam Mekanyň gujaklamagy bilen bary derdi ýitip giden ýaly boldy. Has dogrusy, Elisa hem ony gujaklajak boldy, ýöne zordan saklandy. Elisa gözüni ýumup, ýuwaşjadan dem alyp, rahatlaýan ýalydy, özem Mekana bildirmese-de, sähelçe ýylgyrýardy. Mekan ony göýberip, Elisanyň saçlaryny sypalaşdyrdy. Elisa hiç hili garşylyk berenokdy, diňe durdy. Mekan bolsa onuň garşylyk bermeýändigini geň gördi. Bolmasa ol oňa geçen gezek "git" diýip, aglapdy. Ýöne bu gezek welin, sesinem çykaranokdy. Ol Elisanyň elinden tutdy. Elisa düşündi, ikisi birlikde ulaga tarap ýörediler. Şonda Elisa oňa bir zatlar aýtjak boldy.


Dowamyny isleyan bolsanyz like
15 лайков 221 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dawud
01 май 2022, 20:29
Yzyny haçan goýjak
Bahara
Автор 01 май 2022, 20:49
David,
Kop gelse derrew giyjak
Bahara
Автор 01 май 2022, 20:49
goyjak
Osman
01 май 2022, 21:08
Like sorandan telefon belgini goymalydyn kop pul gecse goyjak diyip
Jennet
01 май 2022, 21:09
Caltrak goyay onda
Chelsea
05 май 2022, 11:42
Goyuň suna koooop like. Herin 20 sany nik acyp like goyup berin.