Ömrüm sen - Bölüm3
Elisa bilen Mekan ulagda ençeme ýol geçdi. Elisa bilen Mekan biri-birini göreninden bäri gürlemändiler. Iň soňunda ulagda, Elisa söz açdy:
- Bagyşla meni.
Mekan hiç zat diýmedi.
- Ýöne indi ýaňky ýaly hereketler etme. Öte geçip başladyň, men seniň bilen diňe dost hökmünde gürleşýärin.
Elisanyň muny diýmeginiň sebäbi çyndanam dost bolup galmak isleýändigi üçin däldi. Dogrusy näme üçindigi belli däldi. Ol her gezek bolşy ýaly, ýene özünden uzaklaşdyrmak isleýän ýalydy. Mekan göwnaçyk söze başlady:
- Nahar iýmäne gidelimi?
- Nirä?
- Bir kafe, oturarys gürleşeris. Hem ak halwa iýeris.
Ak halwany Mekan bilen Elisa gowy görýärdi. Ikisiniň iň halaýan zadydy.
- Bolýar, ýöne men şuwagt aç. Köp alarsyň.
Mekan ýylgyryp razy boldy. Olar kafe bardylar. Nahar iýip, gürrüňdeş boldylar. Ikisem gowy wagt geçirdi. Soňra Mekan sözünde duryp, 2 karopka ak halwa aldy.
- Eýý, men oýun etdimä.
- Bolsun, öýde durar iýeris bile.
Agşam düşüpdi, Mekan Elisany öz öyüne eltdi we hoşlaşdylar.
Ertesi gün Mekan Elisanyň öňki dükanyna bardy. Elisa ýene-de ony tersläp başlady. Mekan hemme zat gowy bolandyr öýdüp ýördi, ýöne ýene Elisa öňki halyna gelipdi. Umuman indi ýene öňki halynda gürleşýärdiler. Elisa köp Mekana ýüz berenokdy. Ýöne Mekan muny bilsede, ony her gezek bolşy ýaly ýalňyz goýanokdy. Mekan bir gezek ondan onuň ýanynda otyrka, oňa ýene öňki soraglardan birini berdi:
- Seniň hiç arzuwyň ýokmy?
- Ony näme üçin soradyň?
Elisa bu soraga gaharlanypdy.
- Ýöne soradym.
Az wagtlyk dymyşlykdan soňra Elisa:
- Seniň arzuwyň barmy?
- Hawwa.
- Näme?
- Aýtsamam, dogrymy aýtmaýana.
- Dogryňy aýtda onda.
- Borla geregi ýok.
- Aýtda.
- Çyndanam dogry zat eşitmek isleýäňmi?
- Hawwa.
Mekan Elisanyň gözlerine ýiti seretdi:
- Seni bagtly etmek isleýän.
Elisa hiç zat diýmedi. Ol Mekanyň bu sözleri çyn ýüregi bilen diýýändigini bilýärdi.
Indi Elisa Mekana has gödek garap ugrapdy. Hatda ony masgaralaýjy sözler bilen hem kemsitjek bolýardy. Aradan 1 aý geçdi, Elisa Mekandan gowy uzaklaşypdy. Mekan bolsa aradaky sowuklyga dällireýärdi. Näme etsede bolanokdy. Ol Elisa bolmasa çydap bilenokdy. Ony hemme kişiden, käwagt özünden beter söýýärdi. Ony pikir etmän duryp bilenokdy. Aslynda umumy seretseň, Elisa bilen Mekanyň tanyşanyna 1 ýyl boluberipdi, ýöne hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Diňe bir hereket, gürleşýärdiler bary-bolany. Mekan muňada gahary gelýärdi. Bir gün ol agşam Elisanyň dükanyna bardy. Elisa ýene öz otagynda-dy.
- Elisa.
Begenip gürlänem şoldy welin Elisa gödek şekilde:
- Nämä geldiň -diýdi. Mekan bu söze garaşmandy. Edil aýrylyşyp sataşan ýaly bolupdy. Şonda-da özüni çalt dürsedi.
- Seni görmäne geldim.
- Näme üçin?
- O nähili näme üçin?
- Sen diýilen zatlara düşüneňok öýtýän Mekan?
Elisa bu gezek has agyr sözler bilen, Mekanyň gürlemegine-de gezek bermedi. Ol geplemän durdy. Mekan, Elisa gürläp durka gözünden ýaş döküldi. Ol elindäkini bir gyra goýup, Elisanyň ýanyna baryp:
- Saňa hiç düşünip bilemokda. Meni gaty erbet ýaralaýaň.
Elisa işiň çynlakaýdygyna düşündi.
- Men saňa erbet zat diýemok.
- Erbet zat diýeňokmy? Sen näme zatlar diýeniňi bilýäňmi Elisa? Men senden hemme zada garaşsamam edil bu äsgermezlige garaşmandym.
- Men hiç kimi diňlemäne mätäç däl. Eýsem sen nämä ýöne meň yzyma düşýäň?
- Sebäbi seni söýýän.
Mekan dällirän ýaly bolupdy. Ol gygyryp, aglap gürleýärdi, we içindäkini çyn ýürekleri bilen haýkyryp aýtýardy.
- Men seni söýdüm Elisam, sensiz hijem oňup bilmedim. Saňa näçe aýtjak boldum ýöne başarmadym. Nirä gitsem kellämde sen, pikirimde sen. Nebela söýüpdirin seni. Näme üçin meni beýle tersleýäň? Gör indi meni gör.
Elisa bu zatlara doňup galypdy. Olam Mekany diňläp durka näçe aglamajak bolsada, göz ýaşlaryny berk saklap bilenokdy.
- Elisa bir zat diý.
Mekan 2-3 gezek şeý diýdi, ýöne ses bolmansoň, hiç zat diýmän çalt ýöräp çykyp gitdi. Elisa soňra çyny bilen aglady. Ol bu zatlaryň aslynda boljagyny bilýärdi. Soňra eli bilen agzyny tutup hasam beter aglady. Soňra tama ýaplanyp oturyp aglady. Käwagt eli bilen kellesini tutýardy. Elisa ony aslynda gowy görýärdi. Has dogrusy, söýýärdi. Hem-de çyny bilen söýýärdi. Ýöne söýmeýän ýalydy. Ol edil söýmedik ýaly alyp barmak isleýärdi. Ýöne hijem bolaýanokdy. Söýgi diýilen zady saklamak, gaty kyn ahyry.
Mekan öýüne baryp, biraz telewizora seredip oturdy. Soňra gyrada duran bir stakany alyp telewizora batly zyňyp göýberdi. Telewizoryň ýüzi pytrap gitdi. Mekan ýerinden turyp, dällirän ýaly gygyryp, öýünde näme bar bolsa ýykyp, döwüşdirdi. Soňra bolsa bir eli bilen maňlaýyny tutyp oturdy. Mekan indi Elisanyň hiç gadyr bilmezdigini pikir edip başlapdy. Bir gezek ýolda gabat gelende, Mekan:
- Seni şu güne çenli biderek alada edipdirin. Sen gaty edileni bilmez, namart adam ekeniň. Arzuwym ýok, arzuwym ýok diýip, bolman sen ýalyňam bir arzuwy bolarmy.
- Mekan, gaty agyr gürleýäň.
- Agyrmy? Sen maňa näme diýenleriňi bir bilýäňmi? Wi hawwa, sen bolman özüňden başga kimi pikir etdiň? Seniň şo sebäpli dosduň ýokdyr belki, men saňa gaty köp çydadym. Sen diňe özüni bilýän, özünden başgany pikir etmeýän adamyň biri.
Mekan şeý diýip gitdi. Elisa bu diýlenlerden soň sähelçe göz ýaş dökdi, we umytsyzja ýylgyrdy. Soňam ýokaryk seredip, ulydan demini aldy.
Mekan şo gün özüni gaty rahatlan ýaly duýsada, bir tarapdan gaty agyr gürlänini bilýärdi. Ýöne özüne diýilenleri pikir edip, özüniňkini dogry etýärdi. Ýöne ertesi gün, ol özüniňkiniň dogry däldigine doly göz ýetirjekdi. Ertesi gün öýlän, ol Elisanyň dükanynyň töwereklerinde bir daýza sataşdy. Onuň Elisany tanaýandygyny, hatda içgin tanaýandygyny bildi. Mekan Elisanyň agrasdygyny aýtdy. Şonda ol daýzadan, ömür eştmedik zatlaryny eştjekdi. Ol durmuşyny üýtgetjek zatlary eştjekdi. Eý Hudaý... Beýlede bir zat bolar eken. Mekanyň bary keýpi gaçdy. Onuň dünýäsi ýykylypdy. Eşiden zatlary ony haýrana goýupdy. Ol özüni ýigrendi. Hemme eden zatlaryna ökündi. Has dogrusy ol näme etjeginem bilmedi. Onuň diňe şuwagt duýýan zady, gaty erbet puşmanlykdy.
Yene like gelse dowamyny goyjak.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.