Ömrün sen - Bölüm5/Birinji bap
Aradan ýene şeýle 2 aý geçdi. Elisa indi öňki ýaly agyrylar duýman başlapdy. Agzyndan ganam gelenokdy.
Mekan bir gün işdekä, telefonyna jaň geldi. Mekan edil uçan ýaly bolup gitdi. Ol begenjinden aglap, gygyranynam duýman galdy. Ýarym sagat soň eline bir hasabat geldi. Elisa, gaty erbet rak keselininiň ölüm howpundan halas bolupdy. Keseli dowam etsede gaty gorkuljak zat ýokdy. Ol elindäki hasabaty alyp, derrew agşamyň düşerine garaşdy. Agşam düşdi, Elisa ýene öňküsi ýaly, dury suw içip ýerine geçdi. Kellesini ýassyga goýup, çep tarapyna öwrülip gözüni ýumdy. Şol barmana otagynyň gapysy kakyldy. Ol daýzasydyr öýdüpdi.
- Açyk daýza giriber.
Elisa intägem aňyrsyna bakyp ýatyrdy. Mekan gelip, onuň ýatagynda oturdy.
- Elisa.
Elisa arkasyna öwrüldi. Ol Mekany görüp haýran galdy. Ol Mekany ençeme wagtdan bäri görmändi. Ony ýitirendirin öýdüp ýördi. Muňa bir tarapdan begenip bir tarapdan gynanýardy.
- Mekan, sen... sen näme, näme üçin geldiň?
- Men hemme zady bilýärin.
Elisa düşünmedi. Ol soragly ýüz bilen Mekana seretdi:
- Näme bilýäň?
- Hemme zady.
- O nähili hemme zady?
- Menden tanyşanymdan bäri saklan zadyň.
Elisa düşündi. Ol haýran galdy. Näme diýjeginem bilmedi. Ol göwünli-göwünsiz gürledi:
- Mekan, näme diýjegimem bilemok. Menä...
Mekan Elisanyň sözüni kesdi:
- Men hemme zady bilýärin, ýöne sen käbir zatlary bileňok.
Elisa ýene haýran galdy.
- Näme käbir zat?
Mekan begenjinden ýylgyrdy. Ol ýanyndan bir hasabat çykaryp, Elisa berdi.
- Bu näme?
- Oka.
Mekan begenip, ýylgyryp, gaty ses bilen janygyp gürledi:
- Indi seniň gorkar ýaly zadyň ýok Elisam. Hemme zat geçdi. Hemme zat gutardy. Indi öňkiň ýaly ýaşamaga dowam edersiň. Sen halas bolduň Elisa, halas bolduň.
Elisa biraz wagtdan soň hemme zada düşündi. Ol göni aglap göýberdi. Çyny bilen aglap, Mekany gujaklady. Ikisem aglap biri-birini gujaklady. Elisa näme diýjegini çyndanam bilenokdy. Onuň begenjini hiç zat düşündirip bilmezdi. Elisa durman aglaýardy. Mekan soň onuň iki elinden tutup ýüzüne seretdi:
- Menden gizläpsiň, men bolsa hemme zada başdan bäri ýalňyş düşündim. Munyň üçin meni bagyşla. Soňra hemme zady öwrendim. Seniň çeken dertleriň gaty uly Elisa. Şo sebäpli men saňa kömek etmek isledim. Men hi bir seni ýalňyz goýarynmy? Sen meniň ömrümiň manysy, ömrüm sen!
Elisa aglap, Mekana guwanyp, oňa gaty uly söýgi bilen seredip durdy. Şol gün Mekan üçinem, Elisa üçinem iň üýtgeşik günleriň biri boldy.
Birinji bap tamamlandy. Eger like gelse (hokman gelse) yzyny goyjak.

17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.