Ömrün sen - Bölüm4

Daýzanyň aýdanlary Mekany edil ýaralapdy. Aslynda Elisanyň nähili agyr ýük göterýändigini indi bilipdi. Elisa rak kesellidi. Lukmanlar onuň rak keseliniň gaty ýitidigini, şo sebäpli 3 ýylyň içinde ýagtylyk görjegini (öljekdigini) aýdypdylar. Çyndanam Elisadaky rak keseli ony her gün harap etýärdi. Ýuwaş-ýuwaş ony dyndyryp barýardy. Elisa ol habary eşidende hemme umytlaryny ýitiripdi. Hatda ýüzi gaty üýtgäp gidipdi. Ençeme günläp öýünde otagyndan çykman oturdy. 3 aý ýaly diňe aglap gezdi. Lukmanlaryň aýdany ýöne-ýere däldi, eger kesel şeýle dowam etse, Elisanyň halas bolmagy mümkin däl diýen ýalydy. Elisanyň bolsa hemme zady ýitipdi, ibaly nahar iýmegi, hatda begenmegem unudypdy. Ol aslynda-da ýetim gyzdy, kakasy we ejesi Germaniýada ýogalypdy. Elisanyň kakasy nemes, ejesi türkmendi. Elisa olary ýitirip hem köp şadyýan bolup bilenokdy. Ýöne bu habary eşdip ol gülmegiň nämediginem unudypdy. Ol durmuşyň ýörite özüne zulum edýändigine ynanypdy. Elisa şonda-da durmuşa ýapyşmagy niýetine düwüpdi. Iň azyndan boljak zada çenli ýaşamalydy. Şo sebäpli lukmanlaryň beren dermanlardyr maslahatlaryndan peýdalanyp, keseliň ýykyjy täsirlerinden halas bolmany başarypdy. Aram-aram agzyndan gan gelip başlapdy. Şonda Elisa köp wagtyň galmandygyna düşünipdi. Ol hemme gatnaşyklaryny kesdi. Elisa gülmek isleýärdi, näler şatlanmak isleýärdi. Ýöne hijem bolanokdy, näçe şatlanmak islese, elinden biri alýan ýaly hemme pikirleri ýitip gidýärdi. Ýöne ony şatlandyrjak ýekeje ynsan çykypdy. Olam Mekandy. Mekan meselesin-de bolsa, Elisanyň ony özünden uzaklaşdyrmak islemegi ýöne-ýerden däldi. Ol özüni söýdürip, Mekany biderek umytlandyrasy gelenokdy. Netijede aslynda hem gitmeli, Mekanyň muňa gynanmagyny islänokdy. Eger beýle bolaýsa Mekan çydap bilmezdi, ol muny bilýärdi. Mekan diňe aglap gezip, durmuşyna öňki ýaly dowam edip bilmezdi. Ine, Elisa şo sebäpli Mekanyň özüne baglanmagyny islänokdy, onuň hem öz durmuşy ýaly durmuşynyň bolmagyny islänokdy. Elisa bu ýüki göterip bilmezdi. Ýöne Mekan özünden uzaklaşaýanokdy. Iň uly meselede şudy. Bolmasa ençeme kişi Elisanyň şeýledigini bilip ondan uzaklaşypdy, galanynam Elisanyň özi uzaklaşdyrypdy. Ýöne Mekan ondan hiç uzaklaşmady, ony bir gezegem ýalňyz goýmady. Elisa onuň gitmejegini bilip has agyr sözler diýip görüpdi. Ol gider öýdüpdi, ýöne ýene gitmedi. Gaýta özüni has söýendigini, begendirjek bolýandygyny görüp diňe ölüp bilenokdy. Ol bu zatlary görüp gaty gynanýardy. Munyň üçinem gaty köp aglapdy. Olam Mekany söýüpdi. Ýöne ony belli etmejek bolýardy. Elisa diňe şondan soň, "käşgä ýaşasadym" diýip başlady. Ol dost bolsam, ýüz bersem hemme zat düzeler diýipdi, ýöne Mekan oňa hasam baglandy. Bir tarapdan özüniň öljegini bilmegi, gaty negatiw pikirler, Mekan barada pikirleri, onuň özi üçin edýän aladalary, günlük wakalar, umuman Elisanyň durmuşynyň düýbünden işi gaýdypdy. Ýatanda agyr düşünjeler bilen, zordan uka gitýärdi.
Ol arzuw etmänem goýupdy. Ol öljegi sebäpli, arzuw etmegiň biderekdigini pikir edýärdi. Özüni umytlandyryp, soň hasam gamgyn bolasy gelenokdy. Geljege degişli ýekeje-de pikiri ýokdy. Pikir etjegem bolanokdy. Ol diňe bir zady pikir edýärdi, olam Mekan. Mekanyň edýänje degişmeleri, bolup geçen ýatlamalar ony sähelçe-de bolsa ýylgyrtýardy. Elisa käwagt ýatanda ony pikir edip, ýylgyryp aglaýardy. Ony şeýlebir gowy görýär welin, söz bilen aýtmak mümkin däldi. Elisa keselini diňe azajyk kişä aýdypdy. Olara hem başgalaryna aýtmazlygyny haýyş edipdi. Ýöne Elisanyň daýzasy bolan aýal, Mekanyň hemme soraglaryna jogap beripdi.
Mekan 3 günläp eşden zatlaryny kellesinde aýlady. Bolan zatlary pikir edip ökünip gaty köp aglady. Soňra özüni dürsäp, akylly şekilde iş ýöretmegi ýüregine düwdi. Onuň özi hem uly işde işläni sebäpli, idäp-sorap kesel barada köp zat öwrendi. Ýöne Elisanyň keseline çäre tapylmagy mümkin däl diýen ýalydy. Mekan bu zatlary bilse-de, diňe bary işini şuňa gönükdirdi. Mekan iň soňunda, Hindistandan bir lukman bilen düşünişdi. Ol lukman özünde bir dermanyň bardygyny, peýdasyna doly kepil bolmasada, içenleriň aglabasynyň ölüm howpundan halas bolandygyny, dermanyňam iň soňky galan dermandygyny aýtdy. Mekan lukmany tapýança 4 hepde geçipdi. Onuň bilen, we başga ençeme kişi bilen maslahat alşyp, bu meseläni gürleşdi.
Mekan Elisanyň daýzasyna, günde gizlin şekilde onuň içjek zadyna şol dermany atmagyny aýdypdy. Bu zatlar dowam edip durka, käwagt Elisa agşam uky derman berip, lukmany çagyrýardylar. Mekan edilýän zatlary Elisanyň bilmegini ýörite islänokdy. Lukman iň soňky tehnologik enjamlaryny ulanyp, Elisany doly analiz edipdi. Hasabatlary gaty aktiw şekilde ýöretýärdiler. Aradan 2 aý geçmegine garamazdan lukman intägem anyk bir zat diýenokdy. Mekan bolsa, gijesini gündiz edip, diňe geljek gowy habara garaşýardy. Ýöne şonda-da Elisanyň halas bolup bilmezlik derejesi ulydy. Muňa garamazdan Mekan gaty uly iş ýöretýärdi. Bary güýjüni diňe şuňa sarp edýärdi. Ol her gün Alladan Elisanyň halas bolmagyny dileýärdi.


Dowamy ucin like
7 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.