*****

«Ajaýyp asyr (Великолепный век)» teleserialyny görenleriňiz bar bolsa bilýänsiňiz, soltan Süleýmanyň Mahydöwrandan bolan ogly Mustapa temasyna aýratyn orun berilen. Serialda şazada batyr, akgöwün, dogry sözli we mähriban ynsan hökmünde suratlandyrylýar. Taryhda bolsa munuň tersi bolupdyr. Mustapa hiç wagtam mähriban ynsan däldi. Sowukgan, rehimsiz, häkimýet, tagt üçin hemme zada taýýar, egoist we gaharjaňdy. Şol häsiýetleri sebäpli birnäçe gezek soltan Süleýmanyň gaharyny getirýär. Enesi Mahydöwran oglunyň häsiýetini bilýänligi üçin hemişe ony goramaklyga, ýalan sözläp hem bolsa patyşanyň gazabyndan saklamaklyga çalşypdyr.

‌Şazada Mustapa Hürrem soltan hem-de Mehrimah bilen umuman gatnaşyk saklamandyr. Göýäki sanjagy dolandyrmak bilen meşgul bolupdyr.

Onsoňam serialda Mustapanyň ölüminde Hürrem soltan we Mehrimahy günäkär edip görkezýärler. Dogry, bir tarapdan seredeňde her bir ene öz perzendiniň şowlulyga ýetmegni isleýär. Hatda Hürrem hem ogullaryndan biriniň mirasdüşer bolmagyny isländigi tebigy ýagdaý. Ýöne aç-açan garşylyklaýyn hereket etmändir. Mustapanyň özi öz ölümine sebäpkär bolýar. Manisa häkim edip bellenensoň,daşary döwletleriň ilçileri ilki Mustapa bilen duşuşmagy,gepleşikler geçirmegi Süleýmanyň gaharyny getirýärdi. Şu hereketleri bilen atasynyň hökümdarlygyna saýa salyp başlapdy. Has'am, Mustapanyň sefewiler şasy bilen gizlin ýazyşmasy äşgär bolandan soň Süleýman belli karara geldi. Ana şol sebäpli Mustapany öldürtdi. Serialda görkezilende göýä Mehrimah Mustapa degişli möhüri ogurlandan soň Rüstem paşanyň tagallasy bilen ýazyşma gurnalýar. Emma taryhçylaryň ýazmagna görä, Mustapanyň möhürini ogurlamak asla mümkin däldi. Çünki ol möhüri elmydama ýanynda alyp gezipdir. Diýmek, ol haty öz islegi bilen ýazan bolup çykýar.

Näme hem diýerdik. Teleserialyň awtorlary hem esere ýagtylyk çaýmak, gapma-garşylykdan ybarat sahnalar köpräk bolmagy üçin hereket edipdirler. Näme bolanda-da serial dünýäni haýrana goýany weli hakykat.



*Şazada Mustapa hakykatda nähili şahs bolduka?
3 лайков 169 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
02 май 2022, 20:34
Ajaýyp asyr
Гость
Автор 02 май 2022, 20:35
Chelsea,
Düzetdim :)
Resul
02 май 2022, 20:43
Turk kino dalmi sol"MUHTEŞEM ÝÜZ ÝIL"
Гость
Автор 02 май 2022, 20:46
ResulT,
Hawa
Pegas
02 май 2022, 21:09
Serialy doly görüpdim. Oňat düşürilen. Eger Mustapa hakykatdanam hem kinodaky ýaly bolsa, gynanypdym. Ýöne ýalan bolsa, o diýen gynanamogam. Soltan Süleýmanyň "Kanuny" lakamyny almagy onuň nähili adalatly hökümdar bolanlygyny görkezýär.
Pegas
02 май 2022, 21:14
Ýöne Mustapanyň hakykatdanam hem şeýledigine fakt barmyka?
Mümkin
02 май 2022, 21:14
Aý edil Mustafanam ak jüýje edip görkezmedilermikä diýýän.Mustapanyñ kakasyna edýän isýany hem kinoda suratlandyrylypdy ýalñyşmasam.
Mundan has geñ ýeri Soltan Süleýmanyñ Ybraýym Pargalyny öldürdişi bolsa gerek.Soltan Süleýman öñ Pargalyny hiç haçan öldürtmejekdigine söz beren eken.Soñ sözünden nädip dänse boljakdygy hakynda bir din adamynyñ ýanyna baranda ol "Adam ukydaka ähli zatdan elini çekýär.Sen Ybraýymy ukudakañ öldürt.Şeýtseñ jogapkär bolmarsyñ"diýýär.
Öldürmek işini patyşa ukudaka ýerine ýetirenem bolsalar,öldürmek barada buýruk oýalykda berilýär ahyry.
Гость
Автор 02 май 2022, 21:17
Ýöne Mustapanyň hakykatdanam hem şeýledigine fakt barmyka?

-Ana şol ýeri gyzykly meň üçinem Pegas. Bilýänler bar bolsa ýazarlar öýdüp açypdym bu temany weli,ýa ýaltanýalar,ýa bilenoklar
Pegas
02 май 2022, 21:24
Şu serialy görenimden soň Osmanly döwletiniň soňabaka has hapysalaşandygyna göz ýetirdim. Sistemasy biderek eken.
My life
02 май 2022, 22:41
Shu kinony gormedim, shoñ ucunem bilemok?‍♀️