Ömrüm sen - Bölüm1
Mekan bir gün işden ýadap, agşam bir dükana giripdi. Dükandan wajyp zatlaryny alyp, derrew öýüne ýetişmelidi. Ýöne adam kän bolany üçin garaşmaly boldy. Ol işgärlere aýtsa-da garaşmakdan başga alaç ýokdy. Mekan kassa baryp, oturan bir gyza ýagdaýyny gaty ses bilen düşündirdi. Sary saçly, ak ýüzli, kelte boýly, gök gözli owadan bu gyz ondan birazajyk sabyr etmegini isledi. Ýöne Mekan bu gezek has gödek şekilde jogap berdi. Gyz ýanynda duran tarelkalary alyp, birden olary gygyryp ýere zyňyp göýberdi. Tarelkalar ýerde pytrap gitdi. Gyz aglap, naýynjar ýüzleri bilen oglana garap:
- Men näçe wagtdan bäri şu ýerde, ýekejede ibaly söz eşdemok. Her gelen näme üçin şeýtýär? Eýýäm köp kişi şeýle gürledi. Meniň derdim özüme ýetik, siziňkini çekmäne güýjüm ýok.
Ol gyz bu sözleri durman aglap, Mekana bir zat haýyş edýän ýaly düşündirýärdi. Mekan bolsa haýran galyp, hiç zat diýmän durdy. Gyz şeýle gürläp, aglap aşhana tarap ýöräp gitdi. Mekan öýüne baranda diňe şol gyzy pikir edýärdi. Ýatanda onuň aglaýşy, ýalbaryşy, naýynjar gözleri hiç göz öňünden gidenokdy. Bolmasa Mekan özüniň ýalňyş zat etsede beýle aglar ýaly zat etmedigini bilýärdi. Ol gyz has ulaldypdy bu meseläni çyndanam. Beýle aglap derdiňi döker ýaly bolan zat ýokdy ahyryn. Ine, Mekan şuny bilesi gelýärdi. Näme üçin beýle uly jogap berdi? Mekan ýeke ýaşaýardy. Ýeke ýaşamakdanam nägile däldi. Sebäbi işleýän ýerem, maddy ýagdaýam oňatdy. Has dogrusy Mekan baýdy. Onuň ertir işi ýokdy. Şo sebäpli irden ýene şol dükana, şol gyzyň ýanyna gitmegi ýüregine düwdi. Ol ir bilen ulagyna münüp şol dükana tarap ugrady.
Dükana girip, gözi bilen şol gyzy agtardy. Gyz ony görüpdi, düýnki oglandygyny bilýärdi. Mekan şol gyzyň ýanyna bardy. Ol hasaplary düzedişdirip durdy. Onuň ýüz şekli hiç zat bolmadyk ýalydy. Mekan muňada haýran galdy.
- Gowumy ýagdaýyň?
Gyz hiç jogap bermedi. Mekan ýene sorady:
- Ýagdaýyň gowumy?
Gyz biraz dymyp, oglanyň ýüzüne seretdi.
- Gowy.
Ol ýene-de işine dowam etdi.
- Düýnki hereket üçin ötünç soraýan. Ýöne sizem gaharjaň öýdýän?
Şol wagt aňyrdan "Elisa" diýen bir ses geldi. Mekanyň öňündäki gyz, hiç zat diýmän sese tarap ýöredi. Mekan biraz duryp, şol tarapa gitdi.
- Sen nä meniň yzyma düşüp ýörsüň?
- Men ýöne sorag beripdim jogap bermediň.
- Jogap bermelimi men saňa, haýyş git.
- Gitjek däl. Soragyma jogap ber gideýin.
Gyz näçe aýtsada Mekan gitmedi.
- Elisamy adyň?
- Gitjekmi aýtsam?
- Ýeri bolýar gideýin.
- Hawwa, gaýrat et indi.
Mekan şundan soň durmady. Aradan 3-4 gün geçdi. Mekan bir gün gaty ýagyşly günde ulagly öýüne barýarka ýolda dükandaky gyzyň ýöräp gelýändigini gördi. Ýagyş gaty erbet ýagýardy. Mekan ulagy bilen ýaňky gyzyň deňine ýetip aýnany açdy.
- Salam, gel mün äkideýin nirä bolsa. Maşynam az, howada erbet.
Gyz başda münmedi. Bolmasa üşäp öz-özüni gujaklap barýardy. Mekan ýene yzyndan ýetdi.
- Münmeseň ýykylmagyň ahmal. Gel, men saňa kömek etjek bolýana.
Gyz bu gezek biraz duryp maşyna mündi. Gaty üşäpdi we elleri titräp durdy.
- Nirä gitmeli?
- Öýüme.
Elisa bu sözüni ýalňyşyp diýendigini bildi. Ol şuwagt sowukdan ýaňa gowy pikirlenibem bilenokdy.
- Wi, şu ýerden göni gitseň, sagda uly jaýlar bar. Şol ýerlerde.
Mekan ýolda oňa soraglar berdi.
- Adyňa Elisa, türkmen ada däl bu.
- Hawwa, men aslynda türkmen däl.
Mekan nirelidigini soramady.
- Owadan adyň bar eken.
Gyz sähelçe ýylgyrdy.
- Meni gaty gorkuzdyň sen.
- Nädip?
- Tarelkalaryň sesleri intägem gulagymda.
- Hä, o günmi.
- Çyndanam şol gün näme üçin beýle gaharlandyň? Adaty ýagdaýda gaharjaňa meňzäňok ekeniň.
- Şol gün biraz, kyn geçdi şol gün.
Mekan bu jogabyň dogry jogapdygyna ynanmady. Ýöne ol dymdy. Ýol uzakdy, şol sebäpli Elisa ýolyň ýarsy hem geçilmänkä uka gitdi. Mekan bir seretse onuň ýatandygyny gördi. Şonda onuň owadan keşbine haýran galdy. Şeýle bir owadandy welin, Mekan seredip doýup bilenokdy. Iň soňunda ýetmeli ýerine ýetdi. Mekan ony tuzurjak bolanda gyzyň özi turdy. Mekan ondan doly öý salgysyny sorap, öýüne eltdi.
- Meliň, şuny alaýyň.
- Ýola pul gerek däl, gidiberiň.
Mekan puly almady, gyz köp minnetdar bolup öýüne gitdi.
dowamy bar

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.