Mandella effekti (@adalat19 blogyndan)

Mandellaň effekti diýen zat, ýaňy ýakynda 2013-nji ýylda köpçülige aýan boldy. Ol efektyň manysy şeýleräk. Mandella familýaly bir döwlet işgärini türmä basýarlar we ol adam 1980-nji ýylda türmede ýogalýar. Ýöne näme üçindir 2013-nji ýylda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Mandellaň ýaňy ýakynda ýogalandygy barada habar berýärler. Şol ýurduň adamlary bolýan zatlara düşünenoklar, sebäbi halkyň bir böleginiň ýatlamalarynda Mandella atly adam 1980-nji ýylda türmede ýogaldy, halkyň başga bir bölegi bolsa Mandellaň 1990-njy ýylda türmeden boşadylandygyny bilýär. Ýatlamalaryň ikisi hem birek birege gapma garşy. Soň görlüp oturylsa, Mandella bilen bolýan zatlar örän köp ýerde ýaýran eken. Alymlar bu effekta "Mandellaň effekty" diýip at dakýarlar. Alymlaryň pikirine görä bar zada adam psihologiýasy günäkär, sebäbi adamlarda öz ýatlamalaryny üýtgetme häsýeti bar. Ýöne alym däl adamlaryň çaklamagyna görä bu dünýede paralel hakykatlar bar, hakykatlaryň birinde Mandella 1980-nji ýylda türmede ýogaldy, başga hakykatda bolsa Mandella 1990-njy ýylda türmeden boşadylyp 2013-nji ýylda ýogaldy. Şol ýyldada Effekt Mandeli diýen düşinde peýda boldy we hatda çeper film hem düşürüldi. Şu ýerde ofisal informasyýa gutarýar we diňe meň şahsy pikirim başlaýar.

Dogrymy aýtsam meň özüm effekt mandella diýen zada başda ynanmadym, emma wagtyň geçmegi bilen şol effektiň bardygyna Kerimi Kuranda gabat geldim. Biziň şu wagt effekt mandelly diýýän zadymyz ilki başda Ysa Pygamber bilen bolup geçýär, sebäbi Ysa Pygamberiň döwürdeşleriniň bir bölegi, Ysa görgülini haja çüýläp öldürdik diýip hasap edýärler, adamlaryň başga bölegi bolsa, Ysa Pygamberiň diri galandygyna ynanýarlar. Kerimdi Kuranda bu hadysa barada bir iki gezek agzalyp geçilýär: —"Olar Ysany öldürendir öýdýärler," Biz Ysany asmana uçurdyk we şuňa meňzeş äheňde. Hakykatdan hem Ysany öň ölüminden soň ony diri gören adamlar bar, has takygy 3 gün yz ýanyndan. Injilde bu hadysa hamala Ysa Pygamber ölümden soň direlen ýaly edip uzadylýar, emma meň şahsy pikirime görä bar zat beýle ýönekeý däl. Meň pikirime görä şol döwürler hakykat iki bölüni we bir hakykatda adamlar Ysa Pygamberi öldürdiler, ikinji hakykatda bolsa Ysa hiç zat bolmady. Olar Ysany öldürendir öýdýärler diýip Kerimi Kuranda açyk aýdylýar. Bu ýagdaý M. Bulgakow atly ýazyjyň "Ussat we Margarita" atly eserinde hem görkezilýär. Şol eseriň mazmunyna görä Margarita bilen Ussady Şeýtan öz şalygyna alyp gidýär, emma şol bir bada ol iki adam başga bir hakykatda hersi öz öýünde ýogalýar. Ussat dälihanada, Margarita öz öýünde. Şol eseriň soňunda Ysa Pygamber Pontiýaly Polady almaga gelýär. Polat bolsa Ysany ölüme buýran adam. Şonda Polat men seni öldürmedimmi näme diýip Ysadan soraýar, Ysa bolsa Ýok diýip jogap berýär, bu seň düýşiňe girdi diýýär. Garaz effekt Mandelly diýen zat Kerimi Kuranda Ysa Pygamber babatynda ulanylandygy agzalyp geçilýär, elbetde meň şahsy pikirime görä. Idi bolsa bu effektiň näme üçin barlygy barada pikir ýöretmäge synanşaly, näme üçin hakykatyň başga waryýantlary gerek?

Göz öňüne getiriň, Beýik Ýaradyjy bu dünýäni ýaratdy we oň içine Adamy ýerleşdirdi we adama öz erklik berdi. Ähli kişä mälim bolşy ýaly adam Hudaýyň nusgasy esasynda ýaradylan, diýmek adamda-da beýik güýç bar. Adamyň haçan toba gelip haçan Allahdan näme sorajagy belli däl. Mysal üçin aýdaly sen öýüňde otyrsyň we saňa ýaramäz habar gelýär, Allajan hiç kim bilen bolmasy, ýöne seň ýakynlaryňdan birini maşyn kakdy diýýärler, ýöne ölümi dirimi saňa aýdanoklar, saňa jaň edeniň özem bilenok. Sen hiç zatdan habarsyz keselhana ylgaýaň we içiňden bilen dogaňy okaýaň. Hakykda bolsa seň okan dogalaryň barsy biderek, keselhanadaky seň hossaryň bilen boljak zat boldy, ol öli ýa-da diri, bar zat eýýäm çözüldi diýeli. Hakykatda bolsa bar zat beýle ýönekeý däl, hakykatda biziň dünýämiziň milion sany wersiýasy bar we ählisi hem şol bir bada işläp dur. Seň hossaryň wersiýalaň birinde eýýäm ýogaldy, we başga bir wersiýada entek diri, ýene bir wersoýada ony asla maşyn hem kakanok. Adam diýen zat öz erkli zat we oň haýsy bir dilegini Allahyň kabul etjegi belli däl. Eger adam düşen ýagdaýyna çyny bilen ökünip, toba gelse, ony has ýumşagrak hakykata geçirip göýberýärler. Hakykatlar ýa-da hakykatlaryň gatlaklary örän kän, ýöne adam ýekeje we öz içgi dünýäsine görä gatlakdan gatlaga böküp ýör. Doga dilen barada ýene bir mysal, aýdaly bir adam lotareý bilet aldy diýeli we biledini açmaka doga baryny okaýar, elbetde doga dilegiň biletdäki sanlaryň üýtgedip bilmejegini biziň barymyz ynanýarys. Hawa, bu materiýal dünýäň kanunlary, ýöne biziň dünýämiz beýle ýönekeý däl. Hakylatlaryň birinde aýdaly lotareý biledi 1000 dollar utýar, ýene bir hakykatda başga bir zat utýar, adamyň haýsy gatlaga geçjegi oň edýän dilegine bagly. Beýik Ýaradyjy şeýle dünýäň gurluşyny adamlaryň dilegleri kabul bolar ýaly edip döretdi. Birden adam duýdansyz toba gelip dileg edip başlasa, Hudaý bolsa —bagyşla dost, men eýýäm etjegimi etdim, sen azajyk gijä galdyň diýmez ýaly bu dünýäň hökman bir topar wersiýalary bolaýmaly. Bu dünýäň agyp dönüp duranyny hem, şu wagtky kwantowy teoryýa hem tassyklaýar. Şol teoryýaň iň esasy taglymatyna görä, adamyň entek görmedik zady belli bir şekile geçenok. Sen göziň bilen görmeseň seň hossaryň ölem däl, direm däl, sen lotareý bilediň sanlaryny görmeseň entek ol sanlar belli däl we şuňa meňzeş.

Bellik: Ýokarda okanlaryňyzyň barsy meň çaklamalarym we hiç bir halatda hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok.
5 лайков 161 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
Автор 29 апр 2022, 06:48
,,Haýsy haramzada minus basdyka?" Diyerdi meň ornumda bolmadyklar :)))
Biohimik
29 апр 2022, 08:51
Media tm
YouTube kanalynda shu barada pidrobny edip dusundirilen wideonam gorupdim. Basgada kop tejribelerem geciryaler...
Maksat
29 апр 2022, 12:40
"bu dünýede paralel hakykatlar bar"

"Parallel älemler" düşünjesini Stern ýöne-ýere "Şizofreniýa" diýip bellemändir. Älemiň ýaradylyşyny inkär etmäge synanyşan bu düşünje köp meseleler bilen garşylaşýar. Köp älemi saklaýan we hemme kosmologik görnüşler, beýle zady ýaratmak üçin mehanizma mätäçdirler. Käbir bilim adamlary parallel älemler meselesine adamlary aldamak däl-de, ateist düşünje baglylygy görkezýär. Alternatiwany öňe sürmek, Şekspiriň eserleriniň Şekspir tarapyndan däl-de, eýsem milliard ýyllyk ýazuwyň netijesi bolan milliard ýazuw maşynkasynda oturan milliard maýmyn tarapyndan ýazylandygyny öňe sürmek ýalydyr.
Maksat
29 апр 2022, 12:42
"Dogrymy aýtsam meň özüm effekt mandella diýen zada başda ynanmadym, emma wagtyň geçmegi bilen şol effektiň bardygyna Kerimi Kuranda gabat geldim."

Ylmy bir ýazgydyr öýdüp, begenäýdim welin, soňuny Göroglynyň görden çykyşy ýaly edipdirler.
Maksat
29 апр 2022, 12:44
"Hudaý bolsa —bagyşla dost, men eýýäm etjegimi etdim, sen azajyk gijä galdyň diýmez ýaly bu dünýäň hökman bir topar wersiýalary bolaýmaly."

Onda Ýaradyjy beýle gudratlyka ýeke dünýäniň içinde muny sazlap bilmedimikä?!