"Ýürekdeşim ýüregimdeş...!" (oýlanma dowamy)
Durmuşda ynsanlar köplenç özleri düşinşip bilýän adama mätäç bolýarlar. Iki ynsanyñ ortasyndaky düşinişmek duýgusy dostluk, söýgi ýaly duýgularyñ berip bilmedik bagtynyñ öwezini dolup bilýän yşkyñ bir görnüşi diýip hasaplaýan. Käte adamlaryñ kalbyna girmäge günler, aýlar, ýyllar sarp edilýär, emma sen meniñ ýüregime ýonekeýje salam berip girdiñ. Tötänden duşdyk, tötänden tanyşdyk indi bolsa ikimizi tanar ýaly bolmady bu yşkyñ derdinden. Duýan bolsañ kalplarmyzyñ iñ töründäki ýatlanylmaýan hat-da barlygam unudylan, berk zynjyrlanyp bekedilen gapylaram indi açylan ýaly. Indi ol geçdi barsyny ýapdym diýen sahypalarymam ýene dörüşdirip oturanymam duýman galypdyryn. Eger bir ýazyjy seni sözler bilen taryp etmekçi bolsa oña iñ owadan sözler gerek bolmaz, sen taryp edilen iñ ýonekeý sözlerem özüñ ýaly gözeldir. Eger bir suratkeş seni taryp edip suratyñy çyzmakçy bolsa oña dürli reñkli galamlar derkar bolmaz, seniñ keşbiñ çyzylan iñ adaty reñksiz galamhem duýgularyñ ýaly reñbe-reñdir. Ýadyñdamy "Saña ynandym emma haýş ynananyma ökündirme" diýipdiñ. Seniñ ynamyñ deñiz bolsa men onuñ kenarydyryn, suw naçe göterilsin ýa çekilsin deñiz guraýança hökmam onuñ bir ýerde kenary hem bolar. Ýagny sen beren ynamyñy yzyna alýançañ men ony daşyndan aýlanyplar goraryn. Saña seredip nämeleri gördüm bilýäñmi, añry ujy gözellik, mähirden doly ýürek umuman aýdanda özine ýar gözleýän aşyk oglanyñ öz arzuwyndaky melikesiniñ ähli gözellikdir hüýr häsiýetleri bardy sende. Aramyzy ýüzläp kilometrler bölýänem bolsa sen meniñ ýüregimdesiñ. Biziñ bedenimizden başka hiçbir zada aradaşlyk öz täsirini ýetirip bilmez. Duýgularmyz, ruhymyz, hyýallarmyz biledir biziñ. Gözlerimi ýumanda sen hemişe ýanymda ýaly duýýan. Belki bir gün hat habarsyz, ses sedasyz bir birimizden aýrylyp gideris. Aramyz uzak bolşy ýaly ruhymyz, duýgularymyzam uzaklaşar. Belki ýyllar ötüp herimiz özümiziñ ýodamyzy taparys. Hamala sen, men, bu günler we bu duýgular bolmadyk ýaly. Emma her haçanam bolsa bagtdan böken ýa-da gamdan ýykylan günimde hökman ýatlaryn seni. Gözlerimi ýumaryn seni görmeklik üçin. Senem hökman, senem hökman bargyn şonda gaşyma. Özüñ nirde bolsañda ruhuñ men bilen bolsun şol gün. Belki şonda dünýä üstime ýykylar seni unudyp bilmänim üçin. Belki bar boljak geljegi bir gyra süýşirip çaglansammyka señ ýanyña? Ýigrimi bir ýyllyk ýaşaýyş durmuşymdan, arzuwlarymdan el çekip dolansammyka ýanyña? Dünýäni bir ýana oklap söýgim üçin barsammyka ýanyña? Belki bir gün şeýderin.., belki hökman şeýderin..!
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.