.......

Biz älemdäki ýeke-täk hakykata,müň dürli garaýyş bilen bakyp bileris,ýöne şol ýeke-täk hakykat,biziň müň dürli garaýyşlarymyza görä,hiç wagt üýtgemez.

Adamlaryň aňy bulaşyk.Kä halatda olar, özleriniň ýüregi bilen garalaýan zatlaryny, aklamaga synanyşýarlar.Kä halatda bolsa,özleriniň ýüregi bilen garalaýan zatlaryny,çyny bilen aklaýarlar.Adamlar diňe,ýüze çykan ýagdaýlarda,özleriniň dogry diýip bilýän hereketlerini amala aşyrýarlar.

Adamlaryň özleri üçin erbet bolup görünen zatlaryň köpüsi günä,özleri üçin gowy bolup görünen zatlaryň köpüsi sogap.

Adamlaryň 80-90%-i,haýsy jemgyýetde dogulan bolsa,şol jemgyýetiň düşünjesinden daşa çykyp bilmän ölýär.Dogryda walla,heniz beýnisi bekemedik çaganyň aňyna,gaýta-gaýta şol bir zatlary siňdirip dursaň,çagada başga alaç barmy?!

Dogulanymda maňa:"Türkmen jemgyýetiniň düşünjesi" atly kitapdan sapak berdiler.Kitapdaky maglumatlardan töweregime serhet çekdim.Men indi şol serhetden çykmaga gorkýan.Göwnüme bolmasa,şol serhetden daşary çyksam,erbetlikler bilen ýüzbe-ýüz bolaýjak ýaly.Kä wagt,ýürek edip çykmaga synanyşýan,çaltlyk bilen gorkup yzyma gaýdýan.Käbir ýoldaşlarym bar, şol serhetden daşa çykyp görmek barada,düýbünden pikirem edenoklar.
5 лайков 147 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
11 май 2022, 01:22
Dogry. Çagalygymyzdan aňymyza guýýarlar, ýalňyş bolsun dogry bolsun, ak bolsun gara bolsun. Adam gözleşdirmezmi başga jemgyýetleri, medeniýetleri, dinleri, dünýä garaýyşlary.
Dowsypat
Автор 11 май 2022, 02:09
Hemmesem gòzleshdirenok.Bary bilen kanagat edyanlerem bar.
Şamuhammet
11 май 2022, 07:19
Dowsypat.,

Bilesigelijiligiňi güýçlendirmek üçin gözleşdirmeli, bilmeli. Gorkmaly däl. Öňde-de bir akyldarlaryň biri Öwrenmek üçin gorkmaly däl'' diyipdir.
Maksat
11 май 2022, 07:27
Salam ata baba aňymyza näme guýlan bolsa şoň bilen ýaşaýas. Başga jemgyýetleri öwrenmek üçin häzir mümkinçilik bar ýöne, biziňkiden gowsy, gözeli ýok. Bu meň pikirim her kimde bir pikir bar, din näme, iman näme, şerigat näme, şu zatlar hakda hiç hili pikiri bolmadyk dindarlarymyz köpelýä, bulam birhili gelşiksiz. Ýeterlik düşünje ýok köp adamda jemgyyet hakda.
Maksat
11 май 2022, 12:31
Bayker,
Ýeterlik internediň ýokdugyndanmy, ýa adamlarymyzyň ýaltalygyndanmy bilemok, ýöne din barada gürleseň adamlarymyzyň jany çykyp barýar, tobada edýär arasynda. Diňe bir din bolup, bir düşünje bolmaly ýaly. Intek şonam saýgarmany bejerenoklar, üstesine dinparaz kişi saýýarlar özlerini. Käwagt gaharymdan içime ataýýaryn käbir zatlary. Kelle agyrtjak gaty köp zat bar.