Taryhyn iň meşhir oýnaşy: MADAM POMPADUR
TARYHYÑ IÑ MEŞHUR OÝNAŞY: MADAM POMPADUR
"Sen özüñi aýa jelep gyzlardan,
Aýal bolup hezil bermez äre kän".
Çary Ýegenmyradow.
Aýgyr ýa-da passiw, akylly ýa-da biakyl, päk ýürekli ýa-da betpygyl...
Bu oýnaş diýilýän aýallaryñ hemmesiniñ ýeke-täk bir umumylygy bar - olam tanymal erkeklere ýassykdaş bolmak...
Bu aýallar diñe owadan akmaklarmy ýa-da taryhyñ akymyna täsirini ýetiren güýçli şahsyýetlermi?
Geliñ, ilki taryhyñ iñ meşhur oýnaşy hakynda az-kem durup geçeliñ, soñra netijäni her kimiñ özüne goýalyñ...
Madam Pompadur diýip tanalýan Žannа-Аntuanetta Puasson Markiza de Pompadur Fransiýanyñ koroly Luis XV-iñ iñ söýgüli oýnaşlarynyñ biridir.
Madam Pompadur 1721-nji ýylyñ 29-njy dekabrynda Parižde orta gurply maşgalada dünýä indi. Heniz dokuz ýaşynda ejesi ony bir palça görkezenmiş. Palçy oña gelejekde patyşanyñ kalbynda tagt dikjekdigini aýdypdyr.
Mekir we kimden näme ýonmalydygyny gowy bilýän ejesiniñ özi gyzyny oýnaşlyga gönükdiripdir. Sebäbi ýaşajyk gyzda ähli artykmaç aýratynlyklar jemlenipdir. Özüne çekiji, inçejik bil, açyk reñkli saç... bularyñ hemmesi Madam Pompadurda bolupdyr.
Jemgyýetde beýgelmek üçin onuñ ilkinji ulanan basgançagy - humarhana müdiriniñ ogluna durmuşa çykmagydyr. Aristokrat maşgalanyñ gelni bolmagy netijesinde wagtyñ geçmegi bilen köşge aralaşýar we köp wagt geçmänkä korolyñ ünsüni özüne çekmegi başarýar.
Içinde gaýynatasy hem bolan birnäçe kişi ony şol wagt başga bir oýnaşy Mari-Ann de Maýi-Neliñ ýasyny tutup ýören korol bilen duşuşdyrýar. Sulhy alyşmaýan biçäre adamsyny taşlap başga biriniñ gujagyna dolmagy aýyp bilmeýän Madam Pompadur kän wagt geçmänkä korolyñ resmi oýnaşy hökmünde köşge girýär.
Lale GENÇALP.
kitapchy.com

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.