Meňem ýazasym geldi
Salam, hormatly watandaşlar,eziz ildeşler! Bu gün 2030-njy ýylyň 22-iýuly, "Watan" habarlar gepleşigi göni efirde siziň bilen...
Indi bolsa gepleşigimizi sport dünýäsindäki soňky täzelikler bilen dowam edýäris.
Ýewropanyň Top 5 ligalaryndaky komandalar UEFA,FIFA (aý garaz, futbola degişli gurama bolsa baryna) ýene-de arza bilen ýüz tutyp başladylar. Arzada şeýle sözler bar.
" Hormatly jenaplar, biz sizden Liwerpuly hiç-hili ýagdaýda polýa goýbermezligiňizi talap edýäris. Liwerpul sebäpli biz krizis ýagdaýyna düşdik, polno çökdük. Dünýä kubogynam aldy, ýewropa çempionlar ligasynyň kubogynam aldy, Angliýada dagy nähili kubok bar bolsa hemmesini aldy. Diňe şu sezon däl 2022-2023 iň sezonyndan bäri şeýle, kubok bolsa çöpläp ýör. Siziň geçen gezekki buýrugyňyza görä, ýagny Liwerpula garşy 22 oýunçy oýnatmaga rugsat berýän kararyňyzam peýdasyz boldy. Liwerpuly saklap bolmady 22 oýunçy bilen'em. Indi biz sizden Liwerpulyň futbol oýnamaklaryny düýbünden gadagan etmekligiňizi soraýarys!
Hormatlamak bilen, Angliýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň futbol kluplary."
Degişli guramalar bu arzany görüp çykýarlar we ýakyn wagtda belli karara gelerler.
Hormatly watandaşlar, biziň milli ýygyndymyz "topardan çykyp bilmezlik boýunça" rekort goýdy. Bu gün Ginnesiň wekilleri toparymyza ýörüte sertifikatlary gowşurdylar. Gowşurlyş dabarasynda Ginnesiň wekili bu hili netijäni entäk hiç bir milli ýygyndyň başaryp bilmändigini nygtamak bilen, futbolçularymyza haýpygelijilik bilen seretdi. Futbolçylarmyz we milli futbolumyza degişli edara-guramalaryň başlyklary wekiliň sözüni joşgunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.
Indi bolsa.....
Eziz watandaşlar, şunuň bilen "Watan" habarlar gepleşiginiň şu günki sanyny geçirip gutarýarys. Hoş,sag boluň! Saglykda görşeliň eziz adamlar!
- Heleý diýýänä, şu Liwerpulam gaty ýekesiredýäleräý. Ýa özüm baryp habar tutyp gaýdaýsammykam,hä?!
- Gowy pikir, kakasy. Gitseň, habar tutsaň gowy bolar. Görýäňä özleri sähel bir zat bolsa jaň edip hal-ýagdaýňy sorap durlar. Toýuňda dagy Liwerpuldakylaň hemmesi gelmedimi gyz?! Klopp daýy tost gürlejek bolup aglapdam görgüli, "seňem toýuňy görmek maňlaýymda bar eken Гость inim. Indi ölsemem armanym ýok" diýip, ýadyňdamy?!
- Ýadymda,hemmesi ýadymda ( şu ýanymdaky aždarhany alýanyma aglan eken ol görgüli, meň düşen günüme gynanyp). Ertir ugraýyn onda,goşlarmy taýýarla.
- Bolýa kakasy. Kakasy neme, menem äkidäý!
- Düşünmedim,näme diýdiň?!
- Menem äkidäý, diýýän.
- Düşňüklije gürläýda, näme diýýäň?!
- Meňem gidesim gelýä diýýän, äkidäý menem Angliýa!
- Waşşe düşünip bolanok, näme diýýäň?! Düşnüklije aýtsana!
- Menem äkit, diýýääään.
- Düşnüklije gürlesene, aýdýan zatlaň birinede düşünip bolanok, wadyr-wadyr edip. Näme diýýäň?!
- Hiç zat.
- Şeýdip düşündirip gürlesene how, irdennen bäri kelläni iýdiň. Bar, goşlammy taýýarla!
- Özümiňkilerem taýýarlaýynmy onda kakasy?!
- şu günä düşünip bilmän geçdim saňa. Näme diýdiň, düşünmedim.
- Ters düşün! Sen gitde bilediňi alyp gelda,ertir gitjegiň çynyň bolsa?!
- Aý kempir, tanyş-bilişleň jany sag bolsun, bron etdiräýjek...
- Turaweri kakasy, gijä galýaň.
- Sagat näçe?
- 6 boldy ...
- Şy diýýänä, öňler gaty kösenýädigaý keýwany.
- Näme üçin?
- Bir ýere uçarda gitjek bolsaň aeroporda barmalydy, aý garaz görgüçilikdi. Indi uçaryň özi köçäňe gelýä,öýüň gapdalynajyk gonýa. Hezillik döwür boldy.
- Hanha uçaryňam geldi.
- Bolýa hoş saglygyň,sag aman otyr. Produkta gutarsa magazyndan ýazdyryp alywer. (Gelensoň äriň özi üzlüşer eşek ýaly işläp, sen bolsa sygyr ýaly bolda diňe iý). Çagalara gowja seret, suw eýleki-beýleki diýip kanala dagy gidäýmesinler.
- Bolýa kakasy, hoş, sag-aman gidip gel!
- Bolýa,sag otur senem!...
Dowamy bar (ýaltanmasam)
*Dogrusy, şu gurnan bäsleşigiňizdäki saýlap alan temaňyz menem gaty höweslendirdi ýazmaga (ýogsam ýazyp ýören adamam dälle weli).
Gatnaşýanlara ussünlik, tüweleme biri-birinden gowy ýazýan zatlaňňyz!

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.