Heley belasy
Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri stoluň üstüne paýradyp zyňardy-da, göhert ýaly bolup, krowatyň üstüne süýnerdi. Uzak ýoly külterläp gelen dek, eşiklerinem çalşyrman, dynç alar ýatardy. Şol wagt ýanyna diňe aýaly Ogulsabyr girip-çykmalydy. Ol hem sesini-üýnüni çykarman, çaýdyr nahar eltip gaýtmalydy. Eger çagalaryndan biri ýa-da segsene ser uran garry kakasy dagy garasyny görkezäýse, Hanguly gaplaň bolup arlardy.
—Öňem gohdan ýaňa kelläm arynyň öýjügi ýaly-how meniň! Siz bir gep-gürrüňiňizi aňyrrakda ediň—diýip gygyrardy.—Aňsat däl-how iliň dogmalarynyň gyk-bagyny diňläp, olara tertip-düzgün öwretmek!
Hangulynyň yzgytsyz häsiýetine belet bolansoňlar, has zerur iş ýüze çykaýmasa, öýdäkileriň hiç birisem onuň ýanyna barjak bolup durmazdy. Iýip-içip, uklap, gowy dynjyny alandan soň, Hangulynyň özi gün batar uçurlary daşaryk çykardy. Urşup aýrylyşan ýaly bolup ýörşüne, öýdäkileriň birine-de gep goşman, biraz aýlaň-çaýlaň edensoňam, ýene otagyna sümlerdi. Okuwçylaryň depderlerini gözden geçirmäge oturardy. Ukusy tutýança, galan wagtyny bolsa, telewizora aňalyp geçirerdi.
Dogrusyny aýtsaň, öl öz öýünde amanat ýaly bolup ýördi. Gep-gürrüňe, öýüň aladasyna goşulman ýörensoň, çagalary-da soňabaka oňa kän bir mähir berip durmadylar. Ählisi ejeleri Ogulsabyr bilen garry atalary Pirli aganyň ýanyndady.
Mydama ýüzi kürşük Hangulynyň bu gün welin ýyrşarylyp gelşi bu içerdäkiler üçin diýseň täsindi. Ojagyň başynda köw-söw edip ýören Ogulsabram, jaýyň guzaý ýüzünde eli aýna-darakdyr kiçijik gaýçyly jowur ak sakgalyna timar berip oturan Pirli aga-da oňa geň galyp seretdiler. Ýöne ýüzleriniň alnaýmagyndan çekindilermi-nämemi, hijisi oňa gepem goşmady.
Hanguly kakasynyň ýazynyp oturan kiçijik keçesiniň gyrasynda çökdi. Goltugyndaky depderleri gapdalynda rejelije goýdy-da, ýyrşarylyp oturyşyna biraz salym kakasyny synlady.
—Sakgalyňa gaty yhlaslyja ýapyşypsyň welin, kaka, Jeren kempir ýalynyň biri saňa seredişini-hä üýtgeden-ä däldir-le?!—diýip, kakasy bilen degişmek isledi. Göhert ýaly göwresine gelşip duran sesi bilen loh-lohlady.—He-he-he...
Pirli aga kiçijik, gyýak gözlerini jüýjerdip aýnasyndan ünsüni sowdy.
—He-eý...—diýip, mydamaky endigi bilen sesini süýkdürdi-de, uludan dem aldy.—Indi kakaňy Jeren kempir başyna ursunmy, Maral kempir başyna ursunmy, oglum! Sakgalam, ýöne boş oturanymdan timarlaýaýyn diýdim-dä. Bijaý ösüp gidipdir.—Ol sözüne dyngy berip, töweregine garanjaklady. Soňam Hangula ýüzlendi.—Bu gün keýpiň kökje görünýä welin, bir hezilligiň üstünden barypsyň ýaly-la?!
Kakasyndan şu sözlere öňden garaşyp oturan ýaly, Hanguly habaryny ermäge howlukdy.
—Hezillige özleri çagyrdylar, kaka—diýende, sesinde begenç alamaty mese-mälim duýuldy.—Şu gün irden işe baranymda, raýonyň halk magaryf bölümine baryp gaýtmagy tabşyrdylar. Hut bölüm müdiriniň özi çagyran eken. Bardym. Ol bolsa maňa goňşy Tikenli obasyndaky mekdebe direktor bolmagy teklip etdi.
—Aý, ýog-a?!—diýip, Pirli aga gözlerini tegeledi.—Bi gaharjaňlygyň bilen başararmykaň sen ony, oglum?!
Hanguly kakasynyň özüne beren bahasyny ýokuş gördi. Ýüzi kürşerdi. Burnuna salyp, öýkeli gepledi:
—Aý, gahar diýen zady goýsa bor-la. Bi häsiýetler çagalaryň gohy, birsydyrgyn depder barlamalar sebäpli döreýä-dä bizde. Mugallymçylyk edýänleriň ählisinde-de bardyr-la meniňkiçe gahar.
—Hä, ýeri, onsoň, müdir bilen ylalaşyp gaýtdyňmy?—diýip, oglunyň öýkesine düşünen Pirli aga başga hörpden gopdy.—Ynanan bolsalar, oňarman durmarsyň-la. Ynam adamy köp zatlary başarmaga mejbur edýändir.
—Aý... Ilk-ä ylalaşmajagam boldum—diýip, Hanguly özüne göwni ýetip gepledi.—“Men oňarman” diýip, kän aýak diredim-le. Müdir bolsa, “Sen tüýs mynasyp adam. Özüň-ä nije ýyl bäri çagalaryň arasynda. Pedagoglyk tejribäňem ýeterlik” diýdi. “Direktoryňyz Berdili hem diňe seni mynasyp görýä. Oň bilenem gürleşip göördük” diýdi. Berdilem “Iş başarjak oglan” diýip, öwüp gaýdypdyr meni, kaka!
—He-eý—diýip, Pirli aga ýene sesini süýkdürdi.—Özüň düşünişen bolsaň bolýa-la. Indi haçan işe başlaýaň?
—Ertiriň özünde. Müdiriň özem barjak. Meni kollektiw bilen tanyşdyrmaga.
—Hymm...—Pirli aga ýene sakgalyna dümtündi. Arasynda uludan dem alyp, hehleýärdi-de, köplenç sanamagy gowy görýän sanawajyny sanaýardy.—Ot belasyndan, suw belasyndan, töhmet belasyndan, heleý belasyndan özüň sakla, jan Alla!
Hanguly kakasynyň ýanynda uzak oturman turdy.
Ertesi gün ir bilen ol täze wezipesine gulluk etmek üçin, Tikenli obasyna ýola düşdi. Raýonyň halk magaryf bölüminiň müdiri Magtym Gurbanowiç hem diýen wagty bardy. Kiçijik ýygnanyşyk edip, Hangulyny täze kollektiw bilen tanyşdyrdy.
Ýygnakdan soň mekdebiň okuw bölüminiň müdiri, uzyn boýly, agajet Hojaguly oňa oturmaly kabineti görkezdi.
Kabinet çaklaňjady. Sanalgyja oturgyç bilen iki sany stol ýerleşipdir. Üstesine-de, ýazuw maşynkajygyny gujaklap, stollaryň birini otuz ýaşlaryndaky ak ýüzli, owadan gelin eýeläp otyrdy. Ol pyýala ýaly uly, kirpikmen gözlerini tegeläp, özleriniň täze direktorlaryny boýdan-başa synlady. “Salam” diýen terzde çalaja baş atdy.
Hanguly:
—Gurgunmyň?—diýip, agras seslendi-de, ýene-de kabinetiň içine nazar aýlamaga başlady.
Onuň bolşuna özüçe düşünen Hojaguly sypaýy gepledi:
—Kolhozymyz uzagyndan bize täze mekdep gurup berjek, Hanguly Pirliýewiç. Eýýäm proýekti taýýar. Häzirlikçe şu ýagdaýa mydar etmesek bolmaz. Kabinetler kiçem bolsa, klaslarymyz giňdir. Maslahat-beýlekini bolsa, biz-ä mugallymlaryň otagynda geçiräýýäs. Gaty giň şo jaýymyz.—Hojaguly ellerini arkasyna tutup, biraz dymyp durdy-da, ýene dowam etdi. Maşynka ýaplanyp oturan gelne tarap nazar aýlady.—Bu gelne-de Aksona diýýäler, Hanguly Pirliýewiç! Siziň ýazuw-pozuwçyňyz. Siz barkaňyz, maşynkasyny şakyrdadyp durmaz, päsgel bermez. Käbir zatlary Aksona elinde-de ýazýandyr. Maşynkalyk işi çyksa, siziň ýok wagtyňyz işlär. Ýok, bütinleý başga ýerik geçiriň diýseňizem, soň maslahatlaşyp göräýeris. Pioner otagynda-ha pionerleriň etsem-petsemi gutaranok. Okalga-da okwuçylardan doly... Garaz... Aksona işiňize päsgel berer öýtseňiz... maslahatlaşarys-da...
Hojaguly soň söz tapman dymdy. Hanguly bolsa misli oňa “Indi işiň bilen boluber” diýen manyda ýerine geçip oturdy-da:
—Bor, soň gürleşeris—diýip, agras seslendi.
Hojaguly çykyp gitdi. Hanguly Aksona bilen galdy. Ol birbada bu gelniň mydama öz gapdalyna dykyljyrap oturjagyny näler halamady. Hangulynyň mugallymlardyr ýanyna geljek beýleki adamlar bilen ýolbaşçylarça gürleşesi gelýärdi. Gaharyny getirene berk daramakçydy. Garaz, özüni görkezmekçidi. Ine, şonda Aksonanyň beýdip, gözlerini balkyldadyp, özüne bakyp oturmasynyň hökman gürrüňe päsgel berjegini ýatlap, gahary gelýärdi. Onuň ýazgy-pozgusyny bahanalap, käte gelne hüňürdeýärdem. Ýöne, her zat etse-de, gelni geçirmäge başga kabinet ýokdy. Kiçijik oba üçin ýigrimi-otuz ýyl mundan öň salnan mekdep jaýy birneme daryşganrakdy.
Direktor ýüzüni näçe kürşertse-de, hüňürdese-de, ýazuw-pozuwçy gelniň azaryna-da däldi. Ol sesini çykarman, owadan gözlerini başlygyna diker oturardy. Ol-bi zat soramaly bolsa-da, misli ýeriň gaýmagy bozulaýmasyn diýýän ýaly, seýkin basyp gelerdi-de, Hangulynyň gapdaljygyna dykylardy. Soň bolsa näze ýugrulan ýag ýaly sesi bilen şeýle bir mylaýym geplärdi welin, daşam bolsa erederlidi. Üstesine-de, gepän mahaly göreçlerini göni göreçlerine dikerdi.
Aksonanyň bolşuna ilki-ilkiler kän bir pitiwa etmese-de, gün geçdigisaýy Hangulynyň kalby gozgalaň tapdy. Gelniň bakyşlary ýüregini jigledýärdi. Soňabaka ol gelin öz ýanynda näçe köp dursa, şonça-da aram tapdy. Bu ýagdaýdan lezzet alýardy. Asyl-ha, häzir “ýazuw-pozuwçyň üçin boş kabinet bar” diýselerem, Aksonany goýbermekçi däldi. Her gün säher işe däl-de, Aksonanyň ýanyna howlukdy. Öýüne gaýdanda, yzynda bir zadyny galdyran ýaly, keýpsiz gaýtdy. Öz ýanyna iş bilen gelselerem, kabinetine erkek mugallymlaryň girenini halanokdy. Olaryň nazarlaryndan Aksonany gabandy. Gireniň basymrak çykary ýaly, gepini gysgaldýardy.
Aksona başlygyň ýüregini üýtgedenini duýýardy. Onuň ýanyna baranda, özüniň akja elleri Hangulynyň lopbuş, garaýagyz ellerine galtaşanda-da, yzyna çekip aljak bolup duranokdy. Gözlerini güldürip, düşünen zadyny-da düşünmediksirän bolup, iküç sapar gaýtaladan bolardy.
Elli ýaşy tegeläp, saçy çalaran Hanguly otuz ýaşlyja owadan gelniň dullugyny eşidensoň-a, has-da örç aldy. Özüni çekýän akja “Moskwiç” bilen Aksonany hem öýüne äkitdi. Gelniň gerek-ýaraklaryny eltip bermegi, gidesi gelen ýerine äkitmegi şofýoryna berk tabşyrdy.
Güýz başlap, howanyň çigrekläp ýören wagtlarydy. Il içine ýaýran ýoň Hangula-da degip geçdi. Dümew zerarly üsgürip-asgyryp, ýüz-gözi gyzaryp gidýärdi. Şeýle-de bolsa, iş ýerinden örküni üzmejek bolup, öýünde basyrynyp ýatmady. Direktorynyň halyna ýüregi gyýlan Aksona bir gün arakesmede Hangulyny öýüne myhman çagyrdy.
—Gaty ýoňlapsyňyz, Hanguly Pirliýewiç!—diýip, ol näz-kereşmeli gepledi.—Şu gün meňkä baryň, men size burçluja unaş bereýin. Görýän welin, özüm hossarlyk edäýmesem, öýüňizdäkiler kän aladaňyzam edenoklar öýdýän...
—Wah, aladamy etme näme işlesin!—diýip, Aksonanyň gepi aýalyna gyşardanyny aňan Hanguly janygyp gepledi.—Öýde aladamy edýän düzüwli adam bar bolsa, dümew dagy ýele ýanymdanam geçmezd-ä meň.
Hanguly mürähetden ýüz öwürmedi. Aş bişirmek üçin Aksonany işden ir boşatdy. Geçmeli wagt geçensoň, özi hem gelniňkä bardy. Şeýdip olaryň aragatnaşygy sazlaşdy gitdi. Ilki-ilkiler direktor Aksonanyňka diňe arakesmede barsa, soňabaka kän günler agşamlygyny hem edinip geçdi. Gelin azyk-suwlukdan kösenmez ýaly, aýlyk günleri iş hakynyň lomaýja bölegini-de berýärdi. Aksona-da bu sylagdan ýüz öwrüp durmady.
—Meniň beýdip gelip durmam seň üçin gelşiksiz bolaýmasyn?!—diýip, bir gün hem çaý başynda Hanguly gelniň taryna kakyp gördi.—Il-günüň dili ýetäýmesin birden?!
—Ah, il-günüň dilini ýygyp bolýamy näme!—diýip, Aksona ýag ýaly sesine has-da mähir çaýdy.—Şonsuzam diýip ýörendir olar diýjegini. Adyň dul gelin bolansoň, onça-munça gep eşitmän bolmaz-la.—Gelin şeý diýip, birbada ýer dyrmalap dymdy. Soňam gümürtik gepledi.—Gepden çekinemok-la men... Başga zada biynjalyk bolýan...
Sözüni gutaransoňam, gabak astyndan Hangula nazar saldy. Hanguly bolsa towlanjyrap, durşuna näz bolup oturan gelniň ýanyna süýşüp, onuň sülük barmaklaryny eline aldy.
—Men barkam, hiç zat üçin kösenme sen, Aksona—diýip, sesini sandyratdy. Durşy bilen galpyldap, gelniň göreçlerine bakdy.—Aýt, näme kemiň bolsa. Menden biter ýaly bolsa, gizleme.
Aksona sülük barmaklaryny Hangulynyň gödek aýalaryndan näz bilen boşadyp, gözlerini süzdi.
—Aý... şü, seň goýup gidýän pullaňňy alsamam alýan welin, soň mydama ýüregim bükgüldili-dä. Seňem çagalaň bardyr, maşgalaň bardyr...—diýip, indi Hangula göni “sen” diýip ýüzlenmäge başlady.—Ýöne almasamam, saňa gowuja hödür-keremem edip biljek däl-dä. Meň ýüz manat aýlyjagym bolsa, nämä ýetýä... Iýmeli, geýmeli...
—Ýak, walla, senem-aýt!—diýip, Hanguly logurdady.—Puluň gürrüňini edýäň-aýt sen. Gerek bolsa, aýlygymyň barynam bererin saňa. Özünem diňe maňa hödür-kerem etmegiň üçin däl-de özüňe harç etmegiň üçin. Maňa hödür-kerem gerek däl, her gün seniň gaşyňda oturyp, gül ýüzüňi görüp gitsem bolýa. Çagalaryňam yrsgaly tapylar bir ýerden. Sen olaryň aladasyny etme!
Hanguly şeý diýip, ýene Aksonanyň barmaklaryny eline aldy. Bu gezek gelinden garşylyk görmänsoň, niredendir bir ýerden okan goşgusyny özüçe saza salyp, keýpikök hiňlenjiredi:
—He-eý... Ak ýüzli Sonam meniň,
Sogabym-günäm meniň-eý...
Aksona onuň bolşuna çalaja ýylgyransoň, näz bilen gaşlaryny çytan boldy. Towlanjyrady:
—Ýok, besdir, seň aýlygyň gerek däl maňa. Bu ýagdaýdan baş çykarmagyň başga ýoly kän ahyry. Özüň-ä ýolbaşçy. Bütin mekdep seň eliňde!
—Wah, men heniz köp zada düşünemok-da!—diýip, Hanguly Aksonanyň goluny sypdyrman oturyşyna özelendi.—Ugruny bilýän bolsaň, salgy ber, ýok diýmäýin men.
—Hana, okalgamyzda iki sany gyz bolup otyrlar, uzakly günlerinem sakyrdaşyp geçirýäler—diýip, ahyr ýürek matlabyny orta dökmegiň müddetiniň ýetenine ganat beklän Aksona jedirdedi.—Olaryň ikisiniň etjek işini birem edip biljeg-ä. Buýruk ýazýan özümiz, aýlyklaryny aňyrdan getirdip, ellerine berýän özümiz. Haýsy aýlygyň gabadyna kime gol çekdireňde näme!
Hanguly gyýak gözlerini Aksona dikip doňup galdy. Gelin dowam etdi:
—Tam süpürijilerem şeýtse bolýa. Häzir olaryň hersi iki klasy süpürýäler. Üçden süpürenlerinde näme, billeri döwülýämişmi! Artykmajragyny bolsa aýryp goýberäýmeli. Onsoňam, ýene bir zat... Mekdep odun-kömri mugallymlara mugt paýlaýa. Şolary hem indi pulluja ýelmäýmeli. Kim bilip dur, ýokardan şeýle görkezme bar diýseň!
Hanguly ýazuw-pozuwçysynyň köpbilmişligine haýranlar galdy. Oýlanyp-oýlanyp hem onuňkyny makul tapdy. “Dogrudanam, “Bal tutan barmagyny ýalar” diýipdirler. Golumyň aşagyndaky bolçulygy görmän, meň bolp ýörşüm-aý. Döwlet guşy başyma gonan mahaly bir haýyrlanyp galaýyn-a. Işgärler iş tapar-la. Bi mekdep bolmasa, ýene biri...”
Şol günden soň Hanguly ymykly işe girişdi. “Ýokardan işgärleri azaltmaly diýen düzgün geldi” diýen bolup, tam süpüriji aýallaryň ikisini işden boşatdy. Olara degişli klaslary bolsa beýlekilere paýlap berdi. Okalgaçy gyzlaryň hem biri işi bilen hoşlaşmaly boldy. Odun-kömür üçin mugallymlaryň aýlygyndan lomaýja pul tutuldy. Mekdep üçin görkezme esbapdyr inwentarlar alynmaly pul gerekli zada harçlanmady. Akt bilen ýylmandy. “Okuwçylaryň kolhozyň pagta ýygymynda beýleki işlerinde kömek berip ýygnan serişdesi sport enjamlaryny almaga harçlanyldy” diýlip görkezilse-de, Aksona gelniň ýoluna sowruldy. Bedenterbiýe mugallymy Patdy hem sport enjamlary üçin pul hakda bir gezek dil ýarsa-da, direktoryň gamaşyk ýüzüni görensoň, ikinji gezek söz açyp bilmedi. “Näme bolsa, şol bolsuna” saldy.
Eli uzadan ýerine ýetip, demi degen zadyny ýaryp ugran Aksona gelniň geçisi daga ýaýrady. Ol her gün bir hili eşige çolandy. Hangulyny garşylanda, saçagyň üstüne täsinden-täsin tagamlar goýdy. Gyşyň sowugyny, ýoluň palçygyny bahanalap, asyl Hanguly-da Aksona gelinden örküni üzmedi. Gyşy bilen öýüne kän köwlenmedi. Diňe dynç günleri garasyny görkezip gaýdýardy. Ol biwagt ýolugan guduz söýgä şeýle bir özüni aldyrdy welin, näme edip-näme goýup ýöreninem unutdy. “Ýaramok” bahanasy bilen mekdebiň pedagogik sowetlerine-de bütinleý gatnaşanokdy. Hojagula “Özüň geçireweri ýygnak-beýlekiňi” diýerdi-de, iş sagady gutardygy Aksonanyňka düwdeneklärdi. Iş onuň üçin gyzyksyz bir zada öwrüldi. Bar zada sowuk-sala çemeleşýärdi. Mugallymlaryň iş planlaryny, olaryň spak geçişlerini wagtly-wagtynda barlap durmak dagy ýatsa-tursa ýadyna-oýuna düşenokdy. Ýersiz-ýere gygyryp, kadrlaryň ýüzüni alýardy. Pioner družinasynyň dabaralary, baýramçylyklara bagyşlanýan ýygnanyşyklar onuň üçin oýunjaga çalym etdi. Bu zatlara mekdep direktorynyň hökman gatnaşmalydygyny bilip dursa-da, Hanguly göz ýumdy. Ojagaz üýşmeleňleri özi ýaly uly adam üçin juda ownujak hasap etdi.
Onuň Aksonanyňkyda goş basany bütin oba, mekdebe-de belli boldy. Gep-gürrüň kändi. Ýöne ýaşynyň soňunda yşka sataşan Hanguly bu zatlara asla baş galdyranokdy. Ol öz edip ýörenlerini telek zatdyr öýdenokdy. Kellesine taýak degen ýaly bolup, girip-çykyp ýördi. Öz borjuny bütinleý unudypdy.
Ýazyň ýürekleri heýjana getiriji günleri Aksona gelniň yşkynda mejnun bolup geçirse-de, okuw ýylyny abraýly tamamlamak Hangula miýesser etmedi. Mekdebe barlag geldi...
...Şol gün öýüne gelende, onuň ýüzi ak tamdy. Dünýäniň bar aladasy gözlerinde jemelnipdi. Egninden dagyň bölegi asylyp duran dek, ädimlerini gaty agras alýardy.
Bu gezek Pirli aga ondan gep soraman durup bilmedi:
—Saňa ne döw çaldy, Hanguly?! Ýüz-gözüň gaty eýmenç-le? Ýa işiňden aýryp-dagy etdilermi?!
Hangulynyň agzyndan ýalyn çabrady:
—Wah, işden aýrylanym bilen sypsam, toý berjek-le men, kaka! Adam üçin iň bir zerur zatdan aýrylmaly bolaryn indi, iň bir zerur zatdan!
Pirli aga “Bu näme diýdigiň boldy?” diýen manyda oglunyň ýüzüne seretdi. Hanguly bolsa buw agt asmanda pel-pelläp, ganat ýaýyp ýören garlawajy synlap doňup durdy. Gül-gülälekleriň ysy bark urup duran bu asudalykdan şu pursatda ara açyp barýan ýaly, demi tutuldy. Howpurgap, köýneginiň ýokarky iliklerini ýazdyrdy.
Pirli aga bolsa, özbaşyna sanawajyny sanap, öýe tarap ýöneldi:
—Ot belasyndan, suw belasyndan, töhmet belasyndan, heleý belasyndan özüň saklaweri...
Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.