Ynjaldy.

Durdy şol gezek işden birneme irräk geldi. Öňünden syrtarylyp
çykan aýalyna bir zatlar diýip degişjek boldy. Soňam: «Gel-aý, şu oýun
bilmeze zat diýmäýin-le» diýip, ýüzüniň ugruna içki jaýa girip gitdi.
Eşiklerini çalyşdyrdy-da, öýüň ortarasynda, dik duran ýerinde pikir etdi:
«Ertirem dynç günüdir. Geçen aýyň garaňkysyndan bäri zat dadylan
däldir, azajyk wuraýsammykam, ýadawlygy çykarar ýaly. Eşiklerimem-ä
çykardym. — Ol assa-ýuwaş ädimläp gapynyň agzyna bardy. Işikden
boýnuny uzadyp, howluda oýnap ýören ogluny ýanyna çagyrdy. — Ýaş
oglany ibermelem-ä däldir welin, aý, tanalman duran adam ýok, bererlerle».
— Öwez keliň dükanyna gidip gelibilermiň? — diýip, ol öýe kürsäp
giren ogluna ýüzlendi.
Gulmyradyň gözi ýiteldi. Ykjamlandy.
— Hawa. Näme getirmeli?
— Ýeme bermezmikä o saňa? Bir çüýşe o zat...
— Arakmy?
— Hawa.
— Höwün Goşa daýym gelende-hä beripdi. Şonda getirdim-ä.
Durdy asawaçdan asylgy duran balagynyň jübüsinden iki sany üçlük
çykardy.
― Me onda, galan köpügine näme alsaň alaý. Kagyza dolap ber diý!
Gulmyrat ejesiniň oturdan çaýy gaýnamanka dükandan gaýdyp
geldi. Kagyza dolangy aragy kakasyna uzatdy. Keýpsiz gürledi.
— «Haladillikden berjek» diýip berdi. Kagyza-da dolady. «Kagyzam
gyt» diýdi.
― Gaýtargy bermedimi?
Gulmyrat oýunda utulan oýunçy ýaly uludan demini aldy-da,
burunjygyny çekdi.
— Şony bermedi-dä.
Durdy: «Häk» diýdi-de, dükançynyň adyny tutup sögündi. «Çaganybir aldamaly däl-ä» diýdi. Öýüň ortarasyna çökdi-de, haşlap oturyşyna
aýalyna gygyrdy:
— Hany, getir naharyňy basymrak!
Durdy käsesine arak guýup içdi-de, birmeýdan işdämenlik bilen
nahar iýdi. Derledi. Burçak-burçak der oňurgasyndan syrygyp gitdi, hool aşak. Deriň badyna endamy ýumşap, göwrümi giňedi. Aýaly bilen
degişesi, gülüşesi geldi. Bolmajagyny-ha aňdam welin, töwereginde
başga-da bir gara bolmansoň ýene oturybilmedi.
— Men-ä ýene birini alaýsam diýýän.
Aýal aýlawa düşünmedi.
— Şunyňy bir iç entek.
Durdy hikirdedi:
— Ýak, nätdinaý! Men-ä bir saňa kömekçijik alaýsam diýýän.
Neneň görýäň?
Ýeri, «bar, al» diý-de gyşar-da otur diýsene. Ýok, bu ony etmedi.
Iki çignine «salam» berip, «has-has» edip oturyşyna bolubilenini boldy.
Çişdi. Gözüni çuwala salnan geçiň gözi ýaly edip dik depesine dikdi.
Birdenem top atylan ýaly atyldy. Şaňňy ses içerini tutdy.
— Getir! Getir, getiribilýän bolsaň. Şu içerde men-ä durman.
Durman ikiň biri bolup. Öldümmi men beýdip. Ýa hossarsyzmy men
üstüme heleý aldyr ýaly?!
Aýalynyň hiç zat ýok ýerden ot alan ýaly bolup oturyşyna Durdynyň
gülküsi tutdy. Bilgeşländen ýene-de tow berdi.
— Ikiň biri bolmarsyň. Sen meň baýry aýalym borsuň. Hemme zat,
bütin hojalyk seniň elinde bolar.
Şol wagt öýe giren Gulmyrat kakasynyň keýpi kök halda gürläp
oturyşyndan ony ejesi bilen degişip oturan hasap etdi. Ýyrşarylyp hersiniň
ýüzüne bir seretdi. Durdy oduň üstüne ýag guýdy.
— Gulmyrat janam ol ýuwundyrar, geýindirer. Sen bolsaň otur
arkaýyn dynjyňy al-da!
Aýaly bolmajysy boldy. Ýetdi ýetjek derejesine. Äriniň: «Hergiz
çaganyň ýanynda meniň bilen sögüşme» diýip, ömürboýy edip gelýän
sargydyny hem başyndan aýlap urdy. Tasap ýerinden turdy. Baryp eplengi
duran ýorganlary ýykyşdyrdy-da, aşagyndaky sandykdan zatlaryny
çykarmaga başlady. Gözüni çaşardyp Durda seretdi. Aýala gelişmejek
ýowuzlyk bilen:
— Durman, durman indi men bu hojalykda. Gitjek! Al, kimi alsaň,şony al! Meň bilen işiň bolmasyn! — diýdi.
Şunça giňem bolsa, gany gyzyp ugran Durdynyň bu bolgusyz ýere
topalaň turuzýan aýalyň özüniňkidigine jany ýandy. «Ýeri, bir ýapbylýapbyl gürleşip, degşip oturan heleý duşaýmaly dälmi maňa dagy».
Ogrynça oguljygyna seretdi. «Ine, gapydan gülüp giren çaganyň bar
keýpi uçdy. Şu wagt şuňa bu öý zyndandyr». Çaganyň göwnüni götermek
üçin hoş söz gözledi.
— Iýiber, oglum! Ejeňe seretme. Ol oýun edýändir.
Içerdäki topalaňyň oýun däldigini çaga aňdy. Gözjagazlarynyň
gytagy bilen bir-ä ýarysy içilen araga, birem kakasyna seretdi. Muny
Durdy hem duýdy. «Haý, arakdan gördi-ow» diýip başyny ýaýkady.
Gözjagazlaryny tegeläp oturan Gulmyrat, bu galmagaly
hakykatdanam, şu ortadaky duran arakdan gördi. Hut öz eljagazlary bilen
dükandan getiren aragyndan gördi. Getirenne puşman etdi. Işdäsi tutuldy.
Saçagyň başyndan yza çekildi. Ýene-de aşaklyk bilen çüýşä seretdi.
Sowuk demini aldy.
Şondan soň Durdynyň hem iýip, içip ugry bolmady. Iň beteri çaga
nebsi agyrdy. Ara düşen näsazlygy ugrukdyrmak üçin, ýerinden turup,
aýalynyň ýanyna bardy. Töwella etdi. Aýal töwellany almady. Gaýtam
has kejine tutdy. Soňabaka has agramly sözler hem aýdyp başlady.
Durdynyň: «Oýun etdim-le-how, beýdip durma-da, goýaý indi senem,
çaganyň göwni çöker beýtseň» diýenlerine özüçe düşündi. Ony özünden
gorkulyp edilen eglişik hasap etdi. Kiçijik kellesi gyzyp, has hetden aşdy.
— Sen orramsy bolmasaň...
Onuň sözüni soňlara maý bolmady. Durdynyň gany depesine urdy.
Aýalyna elini salgap goýberennem aňşyrmady.
Şondan soň, Durdy daş çykdy-da, üzümiň saýasyndaky çarpaýa
münüp, aýagyny sallap, keýpsiz oturdy. Bir agyz oýundan dörän topalaňa
geň galdy. «Şuň ýagdaýyn-a bilýänem welin, ýene-de, adam pahyr, bir
öýden bile girip-çykyp ýörseň olam bolanok. Keýpimem gowujady-da...»
...«Är-aýalyň urşy, ýaz gününiň ýagşy» diýişleri ýaly, topalaň
her näçe uly hem bolsa, ertesi ýene öňki-öňkülik boldy. Birazajyk ýüz
bermediksireşen, torsarylyşan bolsalar-da, öýläne çenli hiç zat bolmadyk
ýaly ümmüldeşip gitdiler. Erkek aýal bilen deň bolup durmady. Bagyşlady.
Aýalam bagyşlady. Ikisem biri-birini bagyşladylar. Gury goh edenleri
galdy.
Gulmyratjygyň welin, ertesem şol bir keýpsizje girip-çykyp ýörşi boldy. Öwran-öwran sowutgyjy açyp, içindäki düýnden galan ýarty
çüýşe araga seretdi. Uly adam ýaly: «Ýene bir galmagallyk galypdyrow!» diýdi. Şu jenjel suwuny dükandan öz aýagy bilen gidip getirendigi
üçin, özüni hiç bagyşlap bilmedi. Ahyram ýüregini bire baglap arakly
çüýşäni aldy-da, hiç kime bildirmän daşaryk çykdy. Düňküldäp gitdi-de,
elindäkini hapa atylýan nowanyň içine taşlady. Aýalaryny kakyşdyrdy.
Göwrümi giňän ýaly bolup, uludan bir sowuk demini aldy. Düýnden bäri
ejesiniň ýanynda özüni müýnli saýyp ýören çaganyň süňňi ýeňledi. Ejesi
bilen kakasynyň gaýdyp uruşmajakdyklaryna ynandy. Ol hil bir bitiren
ýaly ellerini arkasyna tutup, howlynyň içinde, eýläk-beýläk aýlanyp
ýörşüne, gözüniň gytagy bilen telim gezek ejesine seretdi. Ejesiniň
gamyny iýeni üçin özünden göwni hoş boldy. Ynjaldy. Gaýdyp dükandan
arak getirmejekdigine şert etdi.
1984 ý

Awtory: Juma Hudayguly.
2 лайков 120 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.