Geljekden bir gün...

Essalamu aleýkum hormatly şu sözleri okaýan ynsan! Saýtda şowhunly geçirlip gutarlan, döredijilik bäsleşigi tamamlananam bolsa emotsiýalary entäk dowam edýär. Men hem öz gezegimde "Geljekden bir gün" atly (eser diýmägehä dilim baranok, döredijilik diýsemem birhili) syýa çyrşan listimi (şu ýerde-de näme diýjegimi bilemok, hödür edýän diýsemmikä) ünis berýänleriň, ünis merkezine ýelmeşdirjek. (Ýelmeşdirjek diýen bolup stena aboý urýansyň)

Geçirlen döredijilik bäsleşiginiň käbir kemçilikleri barada gysgaça öz pikrimi aýdyp geçsem (Hiçkim pikrimi soramadyk bolsa hem) Eger ýalňyşmaýan bolsam (Ýalňyşamda sögjek bolupduran bamy) beýle uly bäsleşik bu saýtda birinji gezek geçirilýär. Birinji gezek edilýän her bir işde hem kemçilik bolýandygy dogry düşünmeli zat. Bu käbir kemçiliklerden nägile bolýanlara degişli (Şonuň üçin sözlerimi kankretny özüňize çekip bilýäňiz) Beýle bäsleşikleri dowamly tertip ýygy-ýygydan bolmasa hem her wagtrak geçirip durmaly, şeýlelikde käbir kemçilikleriň üstinde hem işleniler, galamynyň ujyny uçlamaga ýaltanyp ýörenlere hem dürtgi bolar. Şonuň üçin bäsleşik gurnaýjylary sussuňyzy peseltmäň, iş bar ýerde kemçilik hökman bolar, gymmatly wagtyňyz sarp edip okanyňyz üçin minnetdar! (Nirden gymmat bolsun, gaýtam bir tiýne gymmat) Sag boluň...
8 лайков 196 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
02 июн 2022, 21:20
Oglana zombi, gyz näme üçin zombi däl?! Ýa oglanyň dişlärine garaşýarmy?! :D

(2772-de awtobusda durup gitmeli boljagow)
Öwreniji
02 июн 2022, 21:20
Berekella
Telwas
02 июн 2022, 21:23
Salam. Şony aýdaýyn diýdiňizmi mrokas? :)
Telwas
02 июн 2022, 21:25
Menä ruhubelent ynsan. Elbetde kemçiliksiz zat ýok. Men ol aýdylan kemçilikler üçin hiç kimden göwün edemok. Kellelerini agyrdyşyp bir temanyň teswirlerini doldurmagam gerek däl. Ýüzlenmä berjek jogabymy berdim.
Telwas
02 июн 2022, 21:28
Suratdaky gyz owadan çekilipdir. Elleriňize saglyk!
Telwas
02 июн 2022, 21:30
Hiayress
Oglana zombi, gyz näme üçin zombi däl?! Ýa oglanyň dişlärine garaşýarmy?! :D

(2772-de awtobusda durup gitmeli boljagow)

2022-de oturyp gidýäňizmi?
Hiayress
02 июн 2022, 21:33
Nirvana,
*2772-de-de bolmaly jora. Düşünäýsene senem. :))
Massimus
02 июн 2022, 21:56
Nirvana,
Siziň ruhubelentligiňize begendim. Teswirlere jogap ýazmansyňyz welin hemmämizden öýkeläýdiňizmikän diýip pikir etdim. Işleriňizde üstünlik, edebiýatdan bäsleşik gurnamakçy bolsaňyz habardar edeweriň.
Telwas
02 июн 2022, 22:03
Massimus,
Ýok, göwnüme almadygym üçin öýkelemedim.
Minnetdar! Bäsleşik menä gurnamakçy däl. Gurnamak we gatnaşmak isleýänlere üstünlik arzuw edýän.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 02 июн 2022, 23:12
Hiayress,

Ýok zombi gyza la:k atmakçy bolýar, elbetde terbiýeli maşgalaň gyzy hem tolgunýandyrda ;)

Aşyl ol 2772 diýp okan sanyňyz 2??2 bolmalydy welin şrift düşniksizräk eken.)
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 02 июн 2022, 23:14
Nirvana,

Kemçiliksiz zat bolmaýandygyny bilýän ekeniňiz, onda näme üçin bäsleşik gurnamakçy däl diýýäňiz. Birinji böwetden yza gaýtmakçy bolýaňyzmy?!