100 gül & Wepalylyk

100 gül
Bir sany aşyk magşuklar bar eken. Ikinji jahan urşy başlanýar we ýigidi
watan goragyna çagyrýarlar. Ýigit gyza:
-Eger men sana uruşdan 100 sany roza gül ugratsam maňa garas, eger
99 sany gül ugratsam maňa garaşma diýdigimdir - diýýär.
Gyz hem munuň bilen razylaşýar. Bir ýyldan soňra gyza ýigitden hat we
guller gelipdir. Gyz howlygyp gülleri sanamaga başlapdyr. Sanap görse
güller 99 sany çykýar. Ýene-de sanaýar 99 çykýar. Gyz içi-içine sygman
aglaýar. Haty bolsa okamaga ýüregi etmän şkafyna salyp goýýar. Iki
hepdeden soňra bolsa kakasynyň dostuna durmuşa çykmaga razy
bolýar. Toý güni ýigit uruşdan gaýdyp gelýär we gyza ----Näme uçin
maňa garaşmadyň diýse gyz aglap şeýle jogap berýär.
-Güller 99 sany eken.
Ýigit:
-Aýtsana haty okadyňmy? Gyz:
-Ýok, okamaga ýüregim etmedi.
Ýigit:
-Bagtly bol ezizim, ýöne haty okap ör - diýýär.
Gyz oýüne baryp haty açyp okap görse onda şeýle sözler bardy:
"100-nji gülüm sensiň"

Wepalylyk
Bir garryja aýaldan sorapdyrlar -nädip size adamyňyz bilen 60 ýyl
är-aýal bolup maşgalada ýaşamak başartdy?
-Bu soraga garryja aýal şeýle jogap berýär :
-Düşinýäňizmi, biz şeýleräk döwürde dogulduk we ulaldyk , haçanda
bir zat döwülse ony bejerilýän , alynyp кöçä zyňylmaýan!
6 лайков 164 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
SaDMaN
07 июн 2022, 16:03
onem okapdym ,manyly tymsallar
La Star
07 июн 2022, 18:56
Wepaly soygi hazirki dowurdede barmyka.! Mena soyyusen gyzlarymyn barysam wepasyz eken ban atya2 hosh
gamgyn gyz09
08 июн 2022, 17:32
La Star,
Howwa bar.Yone sen hemme wepasyzlara dus gelipsin
La Star
11 июн 2022, 18:25
gamgyn gyz09,
Howwa indi na men wepalyny tapyp bilemezmikam? Haysyny gorsen wepasyz bolup durda dost