Jüneýit han
Jüneýit han 1862-nji ýylda Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda doglan.Serdar-Jüneýit han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolupdyr.1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde Sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsuz gutaryar.Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekilýär.Gol çekilişigiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspi frontunyň ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyşt edýär.Emma Jüneýit han sautleriň bu haýyşyny kanagatlandyrmaýar.Eger kömek bermekçi bolsa-da,onuň ýerine köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir.Üstesine-de,kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň aýratyn hem Oraz serdaryň weEziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdurýar.Sowet häkimiýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.
1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkent we Gazawagtda Gyzyl Goşunda bilen bolan aýgytly söweşden soň,Jüneýit hanyň atlylary öz maşgalalary bilen guma Akja guýy diýen ýere çekilýär.1921-nji ýylyň aprelinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan,Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygy boýunça Eýranda 3müň tüpeň,54 müň ok,birnäçe pulemýot we başga-da dürli harytlar ýüklenen kerwen Jüneýit han üçin ýardama gelýär.
1924-njiýylda Garagumda –Talçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri, ýarag we başga harytlar gelýär.Şol ýylyň ýanwarynde ol Daşoguz, Maşat,Şabat,gazawat,Zlaşka ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar.Emma Gyzyl goşunyň jemlenen uly otrýady Jüneýit hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň,ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar.Sowet häkimiýetiniň Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirýär.Halk Komisarlar sowet 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždan hukugynyň eldegrilmesizdigini ykrar edýär. Jüneýit hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bolup berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňünde tutulýar.Emma akylly hem öňdengörüji han Gurbanmämmet Serdar-Jüneýit han sowet häkimiýeti bilen ylalaşyga girmeýär. Ol ýer bermek bilen sowet hökümetiniň öz daşyna tor gurjak bolýanyna akyl ýetiripdir, hem-de 1928-nji ýylda özüniň az sanly nökerleri bilen Eýrana göçýär,1929-njy ýylda bolsa Owganystana geçýär.Jüneýit han öz Watanyny diýseň gowy görüpdir.Ol 1938-nji ýylda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň obalarynyň birinde aradan çykýar.Halkyň arasyndaky gürrüňlere görä,ol ölmeziň öň ýanynda hossarlaryna:”Ölenimden soň meniň jesedimi Amyderýa bilen Watanyma sary akdyryp goýberiň, men suw bilen baryp,öz dogduk mekanymyň topragyna siňeýin” diýip,sargyt edipdir. Ýene başgaça bir halkyň arasyndaky gürrüňlere görä Jüneýit hanyň ölüminden soň onuň jesedini bir gijede eltip Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda öz kakasynyň ýanynda jaýlapdyrlar. “Ýer berjek” diýende-de, sowet hökümetine ynam etmän, daşary ýurda gitmek bilen,Jüneýit han dogry çözgüt tapypdyr. Sebäbi Jüneýit hanyň-da,Eziz hanyň-da daşyny gurşan adamlaryň ählisi olaryň maslahatçylary,nökerleri,dogan-garyndaşlary... sowet hökümeti tarapyndan sudsuz-zatsyz atylyp öldürildi.

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.