*****

Öňler bir çopan bardy, adyny aýtsamam tanamaýaňyz. Şoň üçin "Garry çopan" diýäýjek. Bu çopanyň uly süriden ybarat ep-eslije goýuny bardy. Garry çopan köp ýyllar çopançylyk edipdi bu sürä. Ýöne bu çopanyň bir täsin häsiýeti bardy. Olam bolsa sürüsindäki goýunlaryň semremegini islemezligidi. Günleriň bir güni Garry çopan garrandygny boýun aldymy ýa başga bir sebäbi barmy, garaz sürini ogluna tabşyrmagy ýüregne düwdi. Ýöne ogluny, Ýaş çopany tejribesiz gördümi nätdimi, garaz sürini tabşyransoňam goşdan gitmedi. Oglunyň goýun bakmaga tejribesiniň azyraklygam hakykatdy. Bir gün irdenki çaý başynda Garry çopan ýaş çopana özüniň şu wagta çenli goýun bakmakdaky toplan tejribelerini we maslahatlarny gürrüň bermegi ýüregne düwdi.
-Diňle ogul, çopançylyk käri ata-baba gelýän kärdir. Bu käriň sarpasyny belent tutmalysyň. Indi şunça goýnuň ykbaly seň eliňde bolup durka bu uly borjy duýmagyň gerek. Goýun maly mesligi göterip bilýän däldir, beter semrediwerseň biri ileri gaçar, biri gaýra gaçar, biri aşak gaçar, biri bolsa ýokaryk. Şonuň üçinem sürini örä çykaraňda beter otly ýer gözlemegin. Aýagyna gezip ýören mal özüne oty özi tapar. Goýun malyny semrediwerseň ugry bolýan däldir. Onsoňam, çopan itleriňe gowy seret. Şolaryň saklygy iň esasy zatdyr çopançylykda. Biziň sürümize möjek degmek aladasy ýok weli, şonda-da itleriňe gowy seret. Wagtly-wagtynda ýallap dur. Süriň içinde her hilisi bar. Süriden çete çykjak bolanlaryny ýene sürä goşmak üçin saňa itleriň kömegi gerek. Şonuň üçin itleriň aladasyny kem goýma! Ýalyny ýetirseň it ýaly wepaly haýwan bolmaz. Şul aýdanlammy hiç wagt unutmagyn!
-Bor, kaka.



* "Ýedi ýyl malyna söwmän bakan çopan Hydyr ata duşarmyş" diýýäler. Meňem çopançylyk edip ýörenme alty ýarym ýyl bolupdyr. Şul aralykda ýeke gezegem söwmedim goýuna. Ýene alty aýdan Hydyr ata bilen duşuşmaly. Gaty tolgunýan şu wagtdan. Size-de näme dilemeli bolsa ýazyweriň şörik.
3 лайков 275 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
01 июл 2022, 21:42
Şepe, boýnuňa alaý, başga dilde bolsa-da bir saparjyk hem bolsa sögensiňlaý?!))
Suleyman
01 июл 2022, 21:43
6 aý uzak möhlet. Sögmejegiňe ynam ýoga entäk))
Ra 4444
01 июл 2022, 22:09
kärdeş :)))
Dowsypat
01 июл 2022, 22:10
Hydyr ata aslynda hudaý hökmünde sygynylypdyr.Bu hem gadymy dini ynanç.
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:29
Hemedany,
Mümkin )
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:30
Hiayress,
Türkmençeden başga dil bilemoga :)
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:31
Dark_Wolf,
Alty ýarym ýyllap çydadym, alty aýam geçirerinle )
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:32
Ra 4444,
Senem çopanmyň?! Söwýäňmi sen goýunlaňňa?! )
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:32
Dowsypat.,
Bäh...
Dowsypat
01 июл 2022, 22:44
Гость on № 10 Şu gün, 22:32
Dowsypat.,
Bäh...

Bäh,alty aýjyk galypdy.Oňarmadym.
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:48
Dowsypat.
Içiňden söweniň hasap däldirä :)
Hiayress
01 июл 2022, 22:51
Ýatyrkaň sögmediňe güwä geçip bilýäňmi şepe?!))
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:52
Hiayress,
Ýatyrkama waşşe medeniýetli men şepe :)
Hiayress
01 июл 2022, 22:55
Гость,
Onsoň Hydyr ýaşokdan näme dilejek?! :))
Гость
Автор 01 июл 2022, 22:56
Hiayress,
Syr saklap bileňaga sen )
Ra 4444
01 июл 2022, 23:30
Гость,
ay mena 40 yyl copan bolsan dushyamyshyn diyseler onca yyl copan bolasym yok dp sowup goyberipdirn :))
asyl 7 diysene tazeden bashlaysammykam bashga ishe girip cykyp tazeden trudawoya copan diydirip 7 yyl copan bolaymalymy namemi :)
Гость
Автор 01 июл 2022, 23:33
Ra 4444,
Ýerine görä üýtgeýän bolaýmasa. Belki siz tarapda çyndanam kyrk ýylda duşýan bolaýmasyn. Işden çykmankaň anyklaweri dosowlan :)
Telwas
02 июл 2022, 12:18
Şol garry çopanam wezipesini ýaş çopana bersede, at owazy galanok. Şanyna goýunlardan soýup baýram edilýär. Goýun görgülilerem şol çopany kanagatlandyrmagyň aladasynda. Sähel semräp başlasalaram, özleriniň ýoguna ýanyljagyny bilensoňlar, eýesi nirä kowsa şol tarapa eňip ýörler.
Telwas
02 июл 2022, 12:36
Şol çopanlaryň itleriniň jany sag bolsun, ýogsa sürüsinden mahrum bolarlardy.

“Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýilýär. Ine görersiňiz, bu ýaş çopanam, garry çopandan öňe gidäýse.

Sögmese-de söýmeýän eken goýunlaryny. Eger söýýänliginde, goýunlarynyň isleglerine garşy gelmezdi. Semremek ýa horlanmak goýunyň özüne bagly bolmaly.
Telwas
02 июл 2022, 12:42
“Diňle ogul, çopançylyk käri ata-baba gelýän kärdir. Bu käriň sarpasyny belent tutmalysyň.”

Käriň özi ata-babadan gelýän kärdigi belli. Emma käriň atadan ogula geçmeli diýilen ýeri barmy?

Aý hawa-da. Ogulam (ýaş çopanam) onça goýuna eýe boljak bolup dur-ka ýok diýen däldir. Taýýar aşyň eýesidä käbir çopanlar. Ýogsa, çopanlyga dalaşgär başga-da ökde çopanlar bardyr.
Mahremcynar
02 июл 2022, 13:11
Salam hemmelere
Telwas
02 июл 2022, 13:24
Mahremcynar
Salam hemmelere


Hemmelerdenem size Salam!
Гость
Автор 02 июл 2022, 15:06
Nirvana,
Ýaş çopanam şeýle bolaýarmyka?! )
Гость
Автор 02 июл 2022, 15:09
Mahremcynar,
Salam
Nazar
02 июл 2022, 19:25
Hmm bey diydiñow