Çopan durmuşy.

Salam hormatly agzalar sag amanmysyňyz. Çopanyň durmuşy hakda iki agyz ýazaýyn diýdim (okan tapylar diýip). Çopanlar ýönekeý sada adamlar bolsada, adam saýlaýan kär şu kär. Baş çopançylyga köplenç ugurtapyjy, tangyr, tejribeli adamlar saýlanyp alynýar. Goýunyň diline düşünýän adamlar kän kynçylyk çekenok. Käbir ýagdaýlar hakynda agzap geçmekçi.
Halk arasynda "mal eýesiniň gözünden suw içer" diýip söz bar, goýun maly suw içensoň silkinse we garaňky düşensoň pyşgyryp burnuny arçasa, çopandan göwni hoş diýmekdir. Eger tüýi bulaşyp, burny sümükli goýun köpeliberse onda ol çopanyň ünsi başga ýerde ýada entek mal bakmagyň ugruny bilenok diýmekdir. Gije sürä gurt darasa hökman goýun iki ürker, gelende we topulanda ikinji gezek ürkýänçä ýetişseň sürini gorarsyň. Gurt sürä daranda haýal ýagallyk edip möjege bäş minut wagt bolsa birnäçe goýuny zaýalar. Syrtlanda beýle häsiýet ýok kän sürä daranok eger aç bolup mejbur bolsa diňe iýjegini alýa. Möjek sürüsi uwlaşýan bolsa arkaýyn bolup bilersiň sebäbi seň sürüňe degmezler, giderler. Gyş güni giçlik goýun sürüsi işdämen otlaýan bolsa mümkin bolsa degme, olar ýa ertirki gara ýada gijäň aňzagyna taýynlanýandyr. Guzusyny gurt gapan goýun mälemez, guzusyny gözlemez, süýdüni çalt çeker. Bary birmeňzeş ýaly bolsada on oniki gün bolan guzy enesiniň sesini süriň içinden tanaýandyr, enesem şeýle. Baş çopan sürä del mal goşulsa tanaýandyr sebäbi del mal özüni synçy adama tanadýa. Çopanlar köplenç belli mallary tükelläp durýalar, süriň öňünde, yzynda, çetinde gezýän goýunlary köplenç. Mundan uzak ýazsam saýta ýükläp bolmaz.:))
5 лайков 347 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
02 июл 2022, 20:13
Baş çopançylyga köplenç ugurtapyjy, tangyr, tejribeli adamlar saýlanyp alynýar.


- Köplenç şeýle, ýöne käteler saý- sebäp bilen nemeräklerem geläýýä süriň başyna )
Maksat
Автор 02 июл 2022, 20:23
Howwa elmydamada bar nemeräkleri:). Ýöne uzakçyl däldirler, ýa ugruny ýoluny bilerler ýada taýagyny taşlap gaýdarlar.
Telwas
02 июл 2022, 20:27
Гость
Baş çopançylyga köplenç ugurtapyjy, tangyr, tejribeli adamlar saýlanyp alynýar.


- Köplenç şeýle, ýöne käteler saý- sebäp bilen nemeräklerem geläýýä süriň başyna )


:) düşünendirin indi.
Hiayress
02 июл 2022, 20:28
Möjek diýip, üýtgeşik möjegem goýan däldirlerlaý awçylar (adamlar).
Telwas
02 июл 2022, 20:29
Baýker agam Salam gowumy ýagdaýyňyz?!
Gostyň goýun we çopanlar baradaky temasyndan täsirlenip ýazdyňyz gerek bu mowzugy?! :)
Meň teswirlerimi okap gördüňizmi?
Ol ýerde siz ýaly çopanlary gözöňünde tutan däldirin.
Hiayress
02 июл 2022, 20:30
Möjekleriň sürä (goýunlara) peýdasy barmy?! Peýdasy köp diýen myş-myşlar ýaýraýa weli, nädereje dogry?!
Hiayress
02 июл 2022, 20:34
Nirvana,
@Nirwana admin bilen habarlaşyp bilýän bolsaň gaýrat etde, birä komp.dan çykaňsoň, "Içiri gir" ýazga basyp login parolyňy ýazyp, içine gire reklama ýüzünden basyp bolanok (komp. bar bolsa deňäp göräýsin), birem meň tel.däki ekrany ulaldan bolup, hatlary garynja ýörän ýaly kiçeldipdir, idili okabam bolanok, ýazybam, ýene-de mowzuklara üýtget funksiýasynam goýmagy haýyş edip bersene?!
Suleyman
02 июл 2022, 20:37
Çopançylyga gyzyksamam, çopanlar bilen oturşyp göremok. Emma, bir atbakar bilen oturşyp gördüm. Köp gyzykly zatlar aýdyp berdi. Şol oturlyşygy şäherden çykanja ýeriňde gum obasynda bolupdy, şonda öz atyny münüp gelipdi. At münýäniň, atyň üstünde oturşam başgaça...
Giç agşam bir zada şaýat boldum. Tomus gijesi bolonsoň, gumyň üstünde ýatyberdik. Ýatyrkam bir sese oýanypdyryn, 10 metr beýlerägimde ýaňky oglan aty bilen gürleşip otyr. Hut adam bilen gürleşýän ýaly, at hem muňa düşünýän ýaly boýnuny öňe-yza edip baş atýar. Garaz, 1nji sapar görýän adam üçin geň we täsin...
Oksimiron
02 июл 2022, 20:39
Çopan — çöl alymy
Hiayress
02 июл 2022, 20:41
Goýunlaryň hal ýagdaýy, olara nähili esetmeli, ol zatlaram gyzykly welin, çölüň içindäki syýasy gurluş, öri meýdanlaryň paýlanşy, eýeleriniň biri-biri bilen gatnaşygy, bir guýyň näçeräk teritoriýadan gurulýany we şol ýerde näçe goýun saklap bolýany, ýazda, tomusda, güýzde, gyşda goýunlaryň saklanylşy we bakylşy, 2008-iň gyşyndaky wakalar hasam gyzykly.
Гость
02 июл 2022, 20:47
Bayker off № 2Şu gün, 20:23
Howwa elmydamada bar nemeräkleri:). Ýöne uzakçyl däldirler, ýa ugruny ýoluny bilerler ýada taýagyny taşlap gaýdarlar

- Ugruny ýoluny bilmeselerem taýagny taşlap gaýdaýmazlar ol käre (çopançylyga) saýlanan adamlar :)
Гость
02 июл 2022, 20:48
Nirvana,
Düşünenňizem bolsuna şeýdip )
Maksat
Автор 02 июл 2022, 21:26
Hiayress,
Möjek bar bäri dag etegi bolansoň, awçylaram inni matorly kowalap alyp bilse alany olam seýrek. Möjek sürüsi(orda) gabat gelýä käwagt, köplenç iki ýeke gezýä.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 21:33
Nirvana,
Salam gowumy jigim, okadym howwa menem käbir zatlar ýazaýyn diýdim. Bu ýazanlam ýöne gysgajyk boldy. Men inni on sekiz aý bäri saglyk sebäpli çopançylykdan çekilmeli boldum, ýüregim ümbilmez sährany küýseýä ýöne.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 21:37
Hiayress,
Howwa öňem belläpdim bir teswirde, möjek görmedik süri kesellegen, gowşak bolýa önüm pes bolýa. Ýylda iki gezek bolsada ýüregi tisginip dursa goýun sürüsi saýyrdyň, sarç bolýa. Käwagt ýöne yzygiderli möjek daramagynyň köp zyýany bar, peýdasyndan.
Kerbaba
02 июл 2022, 21:46
Hiayress
Goýunlaryň hal ýagdaýy, olara nähili esetmeli, ol zatlaram gyzykly welin, çölüň içindäki syýasy gurluş, öri meýdanlaryň paýlanşy, eýeleriniň biri-biri bilen gatnaşygy, bir guýyň näçeräk teritoriýadan gurulýany we şol ýerde näçe goýun saklap bolýany, ýazda, tomusda, güýzde, gyşda goýunlaryň saklanylşy we bakylşy, 2008-iň gyşyndaky wakalar hasam gyzykly.

?? вот говы сораг.. эшидип болса жогабыны..
Maksat
Автор 02 июл 2022, 21:50
Dark_Wolf,
Menem aty çagalykdan köp mündüm, kakamyň ýedi sekiz sany münüş aty bardy. Inni bärdede at seýrekläp eşek köpeldi, at janawer düşbi jandar, üzeňňä aýak basany tanaýa. Haýwanam bolsa mal bilen gürleşseň gowy bolýa, gije sürümde goýun bilen gürleşseň hemä seň hümürdiňe arkaýyn otlaýa hemem sesiňi tanaýa, höwrügýä saňa goýunam bolsa ses seljerip bilýä çopanyň sesini eşidende has arkaýyn duýýa. Gürleşýän menem goýun bilen:))
Maksat
Автор 02 июл 2022, 21:58
Hiayress,
Wakalary belki ýazyp bilerin bir gün 2008 däki ýagdaý ýatdan çykmajak gyrgynçylyk, elli günlik doňaklyk garaköli goýnunyň sowuga çydamlylygy, garaz geçdi ýatdan çykmaz ýöne.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 22:03
Гость,
Düşünmänsiň:). Men çopançylygy taşlar diýmedim taýagyny taşlap gaýdar diýdim, çopançylygyny ýene bir ýerde dowam eder.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 22:09
Hemedany,
Hydyr gören diýilýä il arasynda ýöne men gabat gelemok, öňki ýaşululary agzaýalar soňky döwür sögmän bakýan ýokdurda). Hydyr gören ot çöpleri agylyň töwereginden asyşdyrýas, goýnuň özem Hydyr gören janawer.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 22:19
Rigel,
Örüde möjek süreni bolsa şol örüdäki sürä degenok. Bir gün maý aýlary bir çürnege çykyp atyň kölgesinde giň jylga ýaýran guzuly goýna seredip otyryn, birden at üşerildi ýokarda oturamsoň meňem gözüm kaklyşdy bir möjek gyýaklap ýokarlygyna barýa, maňa ýetişdirmän awuny alyp biljekdi ýöne ol aw bilen däl synladym näme edýänini, süreni bar eken. Degmedi, degenok süreni bolsa, ýöne süreni tapyp ýok etjek bolsaň ýa güjügini öldürseň, göçýä.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 22:26
kwadrat kelle,
Agam teswirde kyn bolaýmasa ýöne her paslyň öz bakylyşy, seredilişi bar howwa. Ýaz boýuna, güýz inine diýilşi ýaly ýaz aýyndaky bakylyş giç galsa maý aýynyň on bäşlerine yssy düşüp ugransoň üýtgedilýä soň güýz gyrkymdan soň awgustyň ýigrimlerne ortaça tomusky kada üýtgeýä, noýabrda gyşky fewralda ýaz. Her möwsüm hakda giňişleýin mowzuk açjak bolaryn bilenimden.
Maksat
Автор 02 июл 2022, 22:29
Rigel,
Möjegiň kellesini gömýän bolsalar biz tarapda dersine saman dykyp diri möjek ýaly edip asyp goýýalar.))
Гость
02 июл 2022, 22:29
Bayker,
Aý agam, sen bagdan tutdurýaň men dagdan. Düşünşip bilmedik garaz. Bolýa zyýany ýok :)
Kerbaba
02 июл 2022, 23:35
Hiayressiñ шу сорагы хас гызыкландырды мени.. Бир гуйы начерак территоряны тутяр?Наче гоюна хызмат эдип билйар сув ичмек учин? меселем....шу вагт чоллерем эдил меллек пайланан ялы болды... Гоюндан дашары сыгырларам бармы? Гуйы наче метр чунлыгы?
Maksat
Автор 03 июл 2022, 05:18
kwadrat kelle,
Guýylar suwuna görä müň goýun suwa ýakýan guýam bar on müň goýun ýakýanam bar. Köp goýun suwa ýakýan guýylara uly guýular diýilýär, olardan tomsuna daş töweregine sürüler üýşip suwa ýakýalar, az suwly guýular gyşyna ulanylýar. Eger gazylanda bir sürüni suwa ýakyp bilmejek bolsa ol guýy ulanylanok. Guýulaň meýdany giň gekdaryny bilemok welin suw tapsak öri meýdany näçe diýseň bar bizde. Onsaňam biziň ýerimiz dag etegi baýyrlyk, ýokarda bolansoňam gowy ýyllar ýaz aýlary biliňe ýetip duran ot bolýa.
Maksat
Автор 03 июл 2022, 05:29
kwadrat kelle,
Biziň ýerimizde ýüzleý suwlar bar, guýylaň çuňlugy ortaça otuz otuz bäş metr, on bäş metrden suw çykýan wagtam bolýar gumdaky ýaly ýüz iki ýüz metrlik guýular ýok. Garaz özara ylalaşyp düşünşip bakybermeli. Sygyr saklaýanlar bar, uly guýularda ýüz iki ýüz sygyr suw içýän wagty bolýa. Esasy alada suw, meň bolan guýym iki müň goýun suwa ýakýady onsaň men iki sürä baş çopançylyk edýädim, biri guzlaýjy biri ýoz tokly. Tokly işşek bolup bir ýyl geçensoň tabşyryp ýene tokly alýadym onsaň guýy dawwasy ýer dawasy kän bolanokdy.
Kerbaba
03 июл 2022, 11:23
Bayker
leý suwlar bar, guýylaň çuňlugy ortaça otuz otuz bäş metr, on bäş metrden suw çykýan wagtam bolýar gumdak

Сенинки говы экен онда..Бу ыссыда кейик жанаверлерем сув гозлешип гаты хелак болярлар.. Сизлерем кейиклере болар ялы сув галдырярсынызмы новаларда? Гараз шу кейик жанаверлере тешнеликде комек эдип дурсанам Хыдыра душанча согабы бар дийип эшидйардик. Кейик бармы сиз товерекдеде?
Maksat
Автор 03 июл 2022, 15:52
kwadrat kelle,
Keýik bar, Badhyz bärsi. Keýik suw içenok guýudan juda suwsaýmasa. Akja keýik gijelerine gök ot iýýä seýrek bitýän otlardan, gündiz gaýalaň kölgesinde ýatýa salkyn düşýänçä. Gyzyl keýik seýrek gabat gelýä olar dagdaky çeşmelerden suw içýä, menä gabat gelemok agam keýik guýudan suw içenine. Oklukirpi, möjek, syrtlan käwagt içýä yzyna gawat gelýän.
Kerbaba
03 июл 2022, 21:37
Мен коп гордум чопанларын маллары сува якян новалары боля узын.. Маллар сув ичип гиденсон чопанлар бош дурмасын .. кейигин пайы дийип сув гуйуп нидердилер.. Менем омрумин коп болегни чолде гечирдим...( геоэдарада)