Tesla Gün panelli we Starlink internetli ilkinji tirkegi bilen tanyşdyrdy

Tesla Germaniýada geçen IdeenExpo sergisinde ýygnalýan Gün panelli tirkegi, şeýle hem SpaceX Starlink hemra ulgamy bilen tanyşdyrdy.

Starlink ulag serişdesi hereketdekä Internete birikmek üçin terminallary ulanmak maksady bilen, golaýda öz ulgamyna täzeleniş girizdi, bu çözgüt bolsa köp ulanyjylaryň göwnünden tursa gerek.
Kuwwaty 300 Wt bolan dokuz panel ýazylan wagty 2,7 kWt-a çenli, ýygnalan ýagdaýynda bolsa üç esse az generirlemäge mümkinçilik berýär. Tesla şeýle tirkegi gurup, sergide görkezenem bolsa, ulag öndüriji ony giň köpçülige bu golaýda satmakçy däl.


@TmCars.info
0 лайков 105 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
07 июл 2022, 11:18
Şu starlinkem çaltyrak dünýäniň aragatnaşyk we internet ulgamyny eýelese.
#B.S
07 июл 2022, 11:20
Hiayress
Şu starlinkem çaltyrak dünýäniň aragatnaşyk we internet ulgamyny eýelese.

Sputnik dalow ol yonekey dronlar ;)
Hiayress
07 июл 2022, 11:25
Khanture,
Seň kelläň d(u)ronlaý bratok. :)