Muhammet ady Britaniýada ýene meşhur boldy

Britaniýada 2022-nji ýylda iň ýörgünli bolan çaga atlary mälim boldy. Bu barada Daily Mail ýazýar.

BabyCentre üstümizdäki ýylda täze doglan bäbekleriň arasynda has giňden ýaýran "100 sany iň gowy adyň" sanawyny çap etdi.
7 ýyllap öňdeligi saklan Oliwiýa diýen zenan ady öz meşhurlygyny ýitirip ugrady. 2022-nji ýylda Lili iň meşhur zenan ady boldy. Oglanlaryň ady barada aýdylanda bolsa, Muhammet nobatdaky gezek birinjiliginde galdy.
Şeýle-de, Jonni we Ember atlaryny öz çagalaryna dakmak isleýän britaniýalylaryň sanynyň barha azalýandygyny çeşme habar berýär we munuň sebäbini Depp bilen Herdiň arasyndaky ula giden kazyýet işi bilen baglanyşdyrýar.

@TmCars.info
1 лайков 183 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
07 июл 2022, 10:45
Bizde haýsy ad modaka oglanlara dakmaga??
Gauzen
Автор 07 июл 2022, 10:48
Muhammet diýp pikir edýän menä
Ahmet
07 июл 2022, 10:52
Bäh, britanlaram şu ady ulanýarlarmy? Täsin zat. Esasan haýsysy ulanýarka? Angliýamyka ýa beýlekiler?
Serdar
07 июл 2022, 10:53
Ahmedik_97,
Beýlekileñ haysy bolya?
#B.S
07 июл 2022, 10:57
Alhamdulillah!
Ahmet
07 июл 2022, 11:09
Seri
Ahmedik_97,
Beýlekileñ haysy bolya?

Ýurduň doly ady – Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen korollygy. Döwlet gurluşy boýunça – konstitusion moharhiýa. Döwletiň baştutany – korol, ýöne hakyky ýerine ýetiriji häkimiýet premýer – ministre degişlidir, ol Ministrler Kabinetini düzýär. Birleşen korollygyň düzümine Angliýa, Şotlandiýa, Uels, Demirgazyk Irlandiýa taryhy-geografik sebitleri girýär. Ýurduň meýdany dolandyryş-çäk taýdan 47 graflyga bölünýär.
Bentner
07 июл 2022, 13:13
Oliwiýa diyip bizda salada dakypdyrlar povar
Gauzen
Автор 07 июл 2022, 15:38
Bendtner
Oliwiýa diyip bizda salada dakypdyrlar povar

????? Hakykow.
www.bilgirje.com
08 июл 2022, 07:38

Bula 2-nji surat
www.bilgirje.com
08 июл 2022, 07:41

Ynha bul 2-nji surat sorry yalnyshanyma. Ha ashakdada giñishleyin yazjak.
www.bilgirje.com
08 июл 2022, 07:47
Eger britan we rus çeşmelerine girip görseň (meň goýan maglumatym bbc) ol ýerde Muhammet ady 1-njilik aldy diýen habar ýok.

Statistika esasynda Muhammed we Mohammed atlary aýratyn hasaplanýar, ýöne manysy bir hasaplanyp goşulanda hem Oliwer we Oliwiýa atlarynyň yzyndan ýetip bilmeýänligi bellenilip geçilýär.

Wot näme sebäpden informatsion zabluždeniýa döretýäniňize düşünemok men. Habar hoool geçen ýylky Ronaldo Namaz okap başlapmyş diýlen toslama habar ýaly manysyz.
Ahmall
23 янв 2023, 19:25
Bilgirje

Nämä ynanasyň gelse şoňa ynan aýal dogan.