Nakyldan çuň pelsepe

Sen ol kişi dälsiň,
Meniň gözlänim.
Ýitirmekden wehm eýlänim sen dälsiň.
Gije düýşde samrap gündiz sözlänim,
Hossaň ýeke zerresine dözmänim,
Serde hallan atyp, oýy-pikiri,
Akyl çözläp, pähm eýlänim sen dälsiň.

Sen ol kişi dälsiň,
Ýagmyryň oklan.
Damjasynda husny-roýun gördügim.
Arzuw deý göwünde tijänim dälsiň.
Köňülde köşk gurup, patyşa saýyp,
Azabyna "lepbeý" diýip ýördügim,
Mährine suwsanym, ymgyr çöllükde
Ykmanda şemaldan idänim dälsiň.

Howwa, synanmagam bir üstünlikdir,
Gyýylaýma, galanyňa çenenip,
Seret, älemgoşar doguldy gökde,
Şoldur meniň oňa baglan çemenim.

Baş heserde,
Göwün otda,
Ruh yşkda,
Başagaý dünýämde meň etsemim kän,
Durnadan gönderen salamlarymyň,
Gowuşmaly ýeri seň mesgeniň däl.

Sen ol kişi dälsiň,
Meniň gözlänim.
Eýmenen gözlermiň eýesi sen däl,
Otdan alyp, suwa salyp örtänim,
Ýüregiň boz meýdanynda örklänim,
Syrdam umydymyň seresi sen däl.

Bir gün şindikiden has çuň söýersiň,
Öten barmy yşk toruna çolaşman.
Men onuň geljegin güman edýärin,
Ýüzüp ýörün hyýal deňzin gulaçlap.
Adamda-da ýowuz, elhenç gylyk bar,
Gelmejege has intizar garaşýar.

Sen ol kişi dälsiň,
Nazaryň sepip,
Takrap ýatan köňle ham-hyýal eken.
Durmuş pelsepesi nakyldanam çuň:
Munda her agtaran tapmaýan eken.

Mahym NURGELDIÝEWA.
6 лайков 152 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aymaraljana_a
11 июл 2022, 07:33
Cok gozal
Ejegyz.
11 июл 2022, 07:56
Aymaraljanama_a,
Cok gozal

Öz dilimizde ýazaýyň , kyn görmänjik.?
Mümkin
11 июл 2022, 09:24
Minnetdar,agam!
Massimus
Автор 11 июл 2022, 09:29
Mümkin,
Birugsat paýlaşanyma gaty görmäweri, arhiwimdäki halaýan goşgularymyň biri, saýtda-da paýlaşylanyna gözüm düşmändi
Mümkin
11 июл 2022, 09:39
Massimus,
Ýok,zelel däl.Paýlaşsañyz begenýän gaýta okalýanyna.
Aymaraljana_a
11 июл 2022, 12:24
Ejegyz
Aymaraljanama_a,
Cok gozal

Öz dilimizde ýazaýyň , kyn görmänjik.?

Juda ajayyp
Maksat
11 июл 2022, 15:10
Berekella brawo