GAÝYNYMA

Hol arada diýdiler,
“Gör, nämeler ýazlanok”
Ýöne , gaýyn hakynda,
Neçün gosgy düzlenok.

Bu gün käbäm tarypyň,
Ýetireýin sadadan.
Gaýratly sen , yhlasly,
8 ogly ideden

8 gelni jemleýän,
Iň mähriban gaýyn sen.
Bolduň edep mekdebi
Gol germäge taýyn ene.

Eý görüp saýalanym,
Ýürekdäki namam sen.
Ýaman söz, gaty sesin,
Eştdirmedik käbäm sen.

25 ýyl geçipdir,
Seň törüňi açanma.
Köpler aýtsaň ynanmaz,
Öýkeleşmän geçenme.

Ynjydyp - ynjamadym,
Ömrüň bolsun dowamat.
Gowy ene bolmaklyk,
Bu-da bagtdan alamat.

,,Gelin” sözün ,,gyzyma”
Gowlap (Söýüp) öwreniň üçin,
Sag bol, saňa mähremim,
Ýarym dogranyň üçin!

Nartäç Ýusupdurdyýewa
7 лайков 187 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
20 июл 2022, 17:02
“Gor nämeler ýazlanok”

Şu ýerde “Gor” sözüniň ýerine “Gör” sözi bolmalymyka?


8 ogly ýetişdirmek ol mähriban-gahryman enä aňsat düşen-ä däldir.

Her gyza şeýle mylaýym, mährem gaýynlaryň gelini bolmak bagty miýesser etsin. Şolar ýaly eneler kän bolsun.
Margarita
Автор 20 июл 2022, 17:10
Harp ýalňyşlyk giden eken, düzetdim. Üns berip okanyňa minnetdar, Nirwanoçka. ??
Esma
20 июл 2022, 17:34
Margarita,
Paýlaşanyňyza köp sag boluň!
Massimus
20 июл 2022, 18:22
Sag bol, saňa mähremim,
Ýarym dogranyň üçin!

Ýürekden çykan sözler, göni ýürekden urýar, ömrüňiz uzak bolsun!!!!