Durmuşdan rubagylar

Ýer-ýüzünde gezip çykda, gülüp çyk,
Tanyşyp çyk, söýülip çyk, söýüp çyk,
Gulagyňa halka bolsun şu sözüm,
Käte-käte ene-atanam görüp çyk.

Ejize degdirme, degjegem bolma,
Özgeler soldurma, soljagam bolma,
Diňe özüň ýoksuň goja dünýäde,
Garybyň hakyny iýjegem bolma.

Söýüber bu seniň iň uly hakyň,
Almazlar eliňden söýülmak hakyň,
Emma, unutmagyn, söýjek men diýip,
Alma iki gyzyň söýülmek hakyn.

Aýdan sözlerim seň aklyňda galsyn,
Pul, baýlyk diýlen zat, ýok bolup galsyn,
Söýgi hem bagt bilen ýaşa dünýäde,
Ykbal saňa baky bagt bolup galsyn.

ResulT

4 лайков 98 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.