Doñdurma iýmegi halaýañyzmy?

Howa gyzanda şokoladly, gaýmakly, miwedir ir-iýmiş garylan doňdurma görnüşini iýip, ýüregini sowatmak isleýänler diýseň köp. Körpejeleriň aglabasy tomsuna doňdurma iýmän oňup bilmeýär. Doňdurma çeni-çaky bilen iýilende saglyga zyýanly bolman, tersine peýdaly hem bolup biler.

Doňdurma – gaýmak, süýt, şeker hem-de ýakymly ys, reňk, aýratyn tagam beriji dürli goşundylar garylyp hem ýaýylyp, 25-30 gradus temperaturada doňdurylyp, taýýarlanylýan önümdir. Bu önüm hem süýdüň esasynda taýýarlanylýan islendik bir önüm ýaly, ýokumly we kaloriýaly. Düzüminde A, B, D, P, E witaminleri, demir, magniý, kaliý, fosfor, natriý ýaly mineral maddalar saklanýar. Doňdurma diňe bedeni sowatmaga däl-de, eýsem, energiýany tiz dikeltmäge hem mümkinçilik berýändir.

Doňdurmanyň keýpiňi ýokarlandyrýandygyny, erbet duýgularyň täsirinden goraýandygyny bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi hem görkezýär. Hünärmenler geçiren barlaglarynyň dowamynda bu süýjüligi yzygiderli iýýän adamlaryň beýnisini öwrenipdirler. Görlüp oturylsa, doňdurma beýniniň şatlyk duýgusynyň döremegine jogap berýän bölümlerine täsir edýän eken. Käbir gulak, burun, bokurdak lukmanlary doňdurma iýmek arkaly bokurdagy taplap bolýar diýip hasaplaýarlar. Olaryň pikirine görä, doňdurmany yzygiderli iýmek ýerli immunitetiň döremegine, bokurdagyň pes temperatura uýgunlaşmagyna itergi berýär. Bedeni taplamak üçin ilkinji nobatda ony gapmak-garşylykly temperatura öwrenişdirmegiň zerurdygy bolsa ählimize mälim.

Ýaglylyk derejesine laýyklykda doňdurmalar plombirli, gaýmakly, ir-iýmişli we süýtli görnüşleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar:

Plombirli doňdurma – gaýmagy alynmadyk süýtden taýýarlanylýan doňdurmanyň bu görnüşini iýmek peýdaly hasaplanýar.

Gaýmakly doňdurma – statistiki maglumatlara görä, iň geçginli doňdurma görnüşidir.

Ir-iýmişli doňdurmany – köplenç berhiz saklaýanlara iýmek maslahat berilýär. Çünki bu doňdurmanyň düzüminde ýag bolman, miwedir ir-iýmişleriň pýureleriniň, tebigy şireleriň esasynda taýýarlanylýar.

Süýtli doňdurma – süýji tagamlary halaýanlaryň has köp iýýän doňdurma görnüşidir.

Ýakymsyz turşumtyk tagamly, buz tokgalaryndan durýan doňdurmalary iýmekden saklanyň!

ufff
2 лайков 162 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
13 авг 2022, 18:08
Doňdurma bln buzgaýmagyň tapawudy näme? :)
M....E
Автор 13 авг 2022, 18:11
Khanture,
Doñdurma (pişme , dograma) yaly aydylyş şeklinde :)))))
Buzgaymak: gaymakly gornişi hemde

Olañ 2sem manysy bir
Yusup
13 авг 2022, 18:12
Duyn bazarda bir tanshym gyzjagazym ikimizi gorup gyzyma pul berdi marojnajyk iyersin diyip. Bazardan chykyancham adyma marajny dakdy. Onun begenip iyshine menem iydim birini. Aslynda kan marojnycy dal. Yone chagana seredip iymek has gowy duygy
Victus
13 авг 2022, 18:15
Howa salkynlanda dondurma iymek kabir gyzlar un dasary cykmana bahana
Yusup
13 авг 2022, 18:16
Victus,

Gurbanlykda hinnillik. Tomusda marojny diyipdi onem biri))
Güljemal
13 авг 2022, 18:28
=D> şu wagt şo buzgaýmak bln doňdyrma...