Ashpezlerden tagamlar #1

               ➡  Kelemli işdäaçar ⬅

 Gerekli önümler ↕

  1 käşir
    1 şugundur
        200 gr kelem
           1 alma ?
        1sogan
    2 diş sarymsak
  Duz
  2 nahar çemçe gaýmak gerek bolar.

Ilki bilen kelemi uzyn inçejik görnüşde,
 sogany bolsa ikä böüp ýarym  halka şekilinde ýukajyk dogramaly.
Soňra soganyň ajysyny gowşutmak üçin işdäçara almada goşmaly.
Almaň daşyny arassalap gyrgyçdan geçirmeli. Arassalanan käşiri hem-de gaýnadylan şugundyry gyrgyçdan geçirip , bulaň ählisiniň  üstüne gaýmagy hemem ownuk dogralan sarymsagy, duzy goşup garyşdyrmaly. Taýýar işdäaçary bir gaba ýerleşdirip gök otlar sepelemeli.
4 лайков 179 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
parca■
Автор 27 авг 2022, 22:22
            ➡  Dorogly we bananly byzmyk.  ⬅

  2q sany banan ??
    250 gr dorog
     2 sany ýumurtga ??
         120 ml süýt
               2 n.çemçe bal
               Islege görä duz
             1 wanilin
         1 gabartma tozy
     100-150 gr un
 1 n.çemçe ösümlik ýagy gerek bolar.

Banany blendrda gowy owradyp,  dorogy we  ýumurtgany, duzy goşup ählisini  gowy garmaly. Soňra süýdi, ýagy, wanilini goşup garmagy dowam etmeli. Soňra uny b/n gabartmany garyp gowy bulamaly.
Soň saja az mukdarda ýag guýup, gyzdyrmaly. Suwuk hamyrdan 1 n.çemçesi b/n saja guýyp  hamyry ýaýratmaly. 1-2 min saklap, gyzarandan soň beýleki tarapyna öwürmeli. Galan hamyrlar şol görnüşde bişirmegi dowam etmeli.
parca■
Автор 27 авг 2022, 22:23
                 ➡  Buglama ⬅

Bu tagamy taýynlamak üçin ýaşajyk  toklynyň ýa-da çebişiň bud eti gerek.
Ondan başga-da 0,5 kg  käşir, 0,5 kg kartoşka, 3 sany bulgar burçy, 2 tokga sarymsak, 1 desse arpabadyýan (petruşka) gerek bolar.

Buglama üçin niýetlenen et taýýar bolsa dessine  ýeralmasydyr, käşiri, sarymsakdyr bulgar burçyny arassalap ýuwmaly. Petruşkany ownujak dogramaly. Soňra howurpejiň içindäki tabasyny çykaryp, ony gowy gyzar ýaly. ýakyp goýmaly. Galan işler bolsa i  şol  tabagyň üstünde ýerine ýetirseňiz gowy bolar. Buglanyljak etiň ýanmazlygy üçin jamyň içine alýumin kagyzy  ýazmaly. Soňra eti, ähli gök önümleri mazaly duzlamaly. Etiň her ýerinden pyçak bilen dürtüp sarymsak dişlerini salmaly. Soňra kartoşkany, käşiri, bulgar burçuny etiň töwereginde owadanlap goýmaly. Dogralan otlarysepelemeli. 
Soň jamyň içine 1lt golaý suw guýmaly.
Alýumin kagyz açylmaz ýaly pugta ýapyp, gyzyp duran duhowka salmaly. Bir salymdan suwyň gaýnaýandygyny duýarsyňyz. Şondan soň howurpejiň gyzgynlygyny peseltmeli. Buglama 2 sagada golaý wagtda taýýar bolar. Ony owadan  mejimä salyp saçaga äberseňiz, içdä has ýakymly bolar.
parca■
Автор 27 авг 2022, 22:24
             ➡  Dürüşdeli işdãaçar. ⬅

Gerekli önümler : ⤵

 1]  2 sany şugundur
 2]  2 sany käşir
 3]  3 sany ýeralma
 4]  2 sany ýumurtga
 5]  300 gr bişen towuk eti ?
 6] 1 düýp sogan
 7] 30 gr arassalanan hoz
 8] 1 nar
 8] 1 n.çemçe ösümlik ýagy
 9]  200 gt gaýmak
10]  2 diş sarymsak
11] duz

1◼Ilki bişen ýumurtgany, ýeralmany, käşiri, şugundury gyrgyjyň  iri gözünden geçirmeli. Bişen towuk etini ownuk edip dogramaly.
 2◼Soganam şolar ýaly ownuk görnüşde dograp, ýagda gowurmaly-da towuk etine goşup garmaly.
3◼Hozy owradyp, gyrlan şugyndyra goşmaly. Sarymsagy gyrgyjyň  ownuk gözünden geçirmeli-de, gaýmak b/n garmaly.
4◼Üstüne sogan b/n garylan towuk etini ýazyp, ýene-de gaýmak garyndysyndan çalmaly..
5◼Şeýdip yzygiderlikde  käşiri, şugundury gaýmak garyndysy bilen gezekleşdirip ýazyşdyrmaly
6◼ Iň soňunda bolsa üstüne naryň dänelerini  sepelemeli de saçaga äbermeli.
parca■
Автор 27 авг 2022, 22:27
            ➡  Peýnirli işdäaçar. ⬅

  150-209 gr peýnir
  1 hyýar
  2 sany pomidor
  2 bulgar burçy
  1 düýp sogan
  1 gysym şäniksiz zeýtun
  Zeýtun ýagu
  Ýarty limon şiresi?
  Islege görä garaburç
  Gök otlar ?
  Duz

Ilki biken sogany tegelek ýa-da ýarym tegelek görnüşde dogramaly. Pomidorym hyýary, peýniri  owratman dogramaly. Zeýnuny ikä bölseňm bolýar.
Şeýle hem işdäaçar üçin onuň goşundysyny taýynlamaly.
1 bulgaryň, 4 den bir bölegi, zeýtun ýagyny,  ýarty limon şiresini we 1çaý çemçe ter ýa-da guradylan gök otlar goşup garmaly.
Soňra gök õnümleň hemmesini bir gaba salyp, üstüne goşundyny guýyp gowy garmaly.
Alyşýança ýarym sagat salkyn ýerde goýmaly.
ajy
27 авг 2022, 22:29
Sezer salady nadip edilye shu?
Annadursun
28 авг 2022, 03:48
gijan yary bu mowzugy okap ajykdym swist
kone natanysh
28 авг 2022, 07:19
garaburc,
Sezar saladyny taýynlamak üçin 1paçka suharik( özümä tomusyň suharigine edýän), üssüne 1 sany bogulan şäbili arassalaşdyryp inçejik dogramaly, soň 1 gap mekgäni goşmaly,oň üssünede kalbasny syry gyrgyçdan geçirip goşmaly alyşy ýaly maýonezi goşup garyşdyrmaly. Biraz ýumşap, alyşaýynça goýmaly.