Soyerdinem ah yone sen ejem dal...

Dertmi sen dermanmy? Parhyn bilemok,
Anyk bilýän zadym sensiz kyn maña,
Gijigen bagtymyñ nyrhyn ýülemok,
Çäresin gözleýän dertden dynara.

Ýene, bu giñ asman depämden basýar,
Özümi kapasañ içinde duýýan,
Ömrümi geljegñe sapak deý işip,
Püre-pür käsäme sabrymy guýýan.

Günler geçer, ýene aýlanar heññam,
Giñlik bermez ajap sazlañ mukamy,
Hazan urmuş, göýä bir meniñ üçin,
Ýapyk eken bu gün yşkyñ dükany.

Başym sallap, bimanyja ýylgyrdym,
A sen bolsa, ýörsüñ bagty gijeñläp,
Meni bir ömürlik söýmelidiñ sen,
Söýerdiñem, ah ýöne sen ejem däl.

Men çykaryn bu dertleriñ içinden,
Dermanymam sen bolmarsyñ unytma,
Bagtlydygmy duýaýgynyñ sensizem,
A:ýyñ yşgy görünäýse bulutda...
0 лайков 147 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
28 авг 2022, 17:56
Gosgy kamil chykypdyr sps kop kop paylasarn