BÄBEKLERI KÖŞEŞDIRMEK
Alymlar aglaýan çagany köşeşdirmegiň iň oňat usulyny tapmak üçin gözleglerinde iň ýakyn jogaby tapandyklaryny aýdýarlar.
Ýaponiýada we Italiýada geçirilen synaglar “CURRENT BIOLOGY” žunurnalynda çap edildi.
Şoňa laýyklykda çaganyň gujakda saklanyp 5 minut ýörelmegi, soň bolsa oturmagy we çagany ýene bäş-sekiz minutlap saklamagy maslahat berilýär.
Çaganyň bu döwrüň ahyrynda gaýtadan ýatyrylmagy maslahat berilýär.
Gözlegiň esasy ýazyjysy, Ýaponiýadaky RIKEN ylym merkezinden Kumi Kuroda dört çagany ulaltsa-da, bu netijäni öňünden görüp bilmejekdigini aýtdy.
Gözleg nähili geçirildi?
Topar ilki itlerde, maýmynlarda we syçanlarda “göterme täsiri” barada gözleg geçirdi.
Bu süýdemdirijiler öz nesilleri bilen ýöräp başlanda, çaga ümsüm boldy we ýürek urşy haýallady.
Ynsan barlagy 21 enäniň gatnaşmagynda geçirildi.
0-7 aýlyk bäbekleri bolan eneler dört şertde synag edildi: ýöräp barýarka aglamak, oturan enäniň gujagynda saklamak, hereketsiz sallançakda ýatyrmak we çaýkanýan sallançakda ýatyrmak.
Gözlegleriň netijesinde, göteriş başlanandan 30 sekunt soň aglamagyň ýagdaýynyň azalandygy we çaganyň ýürek urmasynyň haýallandygy anyklandy. Sallançakda çaýkananda şuňa meňzeş täsir gazanyldy. Emma saklanmak henizem çagany köşeşdirmedi.
Umumy ynanjyň tersine, enäniň gujagy çagany köşeşdirmekde doly däldigi we göteriji täsiriň möhüm faktordygy bellendi.
Ondan soň täze doglan çagalary bäş minutlap götermegiň täsiri barlandy. Bu syn, bu döwürde 46 göterimiň uklap galandygyny ýüze çykardy. Wagt bir minut artdyrylanda, 18 göterim köp uklady.
Bu usulyň diňe bir aglamagy bes etmän, eýsem uky prosesini hem başlaýandygy anyklandy.
Emma bu bäbekleriň üçden biri ýatandan 20 sekunt soň oýandy.
Kardiogram okalyşlary bäbekleriň ejelerinden aýrylandan soň ýürek urşunyň ýokarlanandygyny görkezdi.
Beýleki tarapdan, ýatmazdan birnäçe wagtlap saklanan bäbekleriň ýygy-ýygydan oýanýandyklary synlandy.
Kumi Kuroda, gözleglerden ozal bäbekleriň ýatmagynyň has möhümdigini aýtdy.
Gözleg geçiren alymlar, esasanam tejribesiz ene-atalara kömek etmek isleýändiklerini aýtdylar
BBC NEWS

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.