Alma - Aldanmagyň simwoly

Alma miwesi - Aldanmagyň simwoly

Bellik: Bu blogdaky ýazgylar kellä gelen samsyķ pikirler bolup, birzatlar (meselem din) bilen baglanşdyryp kelläňizi agyrtmaga gerek ýok, islemeseňiz okaman çykyp gidip bilersiňiz!

Alma - Ylymyň, bilimiň, saglygyň simwoly. Ýöne beýle däl. Alma - aldanmagyň we ýalňyşmagyň simwoly. Mysallar:
1. How ene jennetdäki gadagan edilen agaja (ýaşaýyş agajy, ýagşy ýamany saýgarmak agajy we ş.m) golaýlady. Ýylanyň içindäki Şeýtan gadagan edilen agajyň miwesinden (onuň alma bolmak ähtimallygy uly, sebäbi bugdaý agaç däl) iýmegi teklip etdi... yzyny öziňiz bilýäňiz. Bilmeýänleriňiz bilýänlerden sorasyn ýa-da dini kitaplary gözden geçirsin.
2. Garpamyk öýde ýalňyzka onuň ýanyna jadygöý geldi. Soň jadygöý Garpamyga bir alma berdide ,,Muny iý gözel şagyzy. Sen şonda şazadaň bilen uzak we bagtly ýaşarsyň!" we Garpamyk almany dişledi... yzyny öziňiz biläsiz. Bilmeýänler ýene bilýänlerden sorap biler ýa-da "Garpamyk we ýedi girdenek" multfilmine tomoşa edipbilerler.
3. Bu waka köpçüligiň bilýän ýöne aslynda doly bilmeýän wakasy. Nýuton atly fizik daýyňyz alma agajynyň aşagynda uklap ýatyrdy. Şowagt agaçdaky almalaryň biri gowja bişdi we aşak, göni Nýuton daýyňyzyň kellesine gaçdy. Nýuton edil Arhimed babasy ýaly "Afrika" wiý bagyşlaň, "Ewrika" diýip gygyrdy, ýa gygyrmadymyka? Karoçe Nýuton daýyňyzyň başy aýlanyp, kellesine pikir geldi "Ýeriň dartyş güýji". Soň ol bir kanun oýlap tapdy "Bütindünýä dartulma kanuny". Hawary ýok pahyryň tebigat kanunyndan. Alma bişse agyrlaşyp aşak düşerdä, ýokora uçmajaga belli. Muny Arhimed babasy gören bolsa gowja gulajygyndana towlardy, arman o ýokdy...
4. Stiw Jobs (pahyryň dört günden ölön güni "11" ýyl bolýa) atly daýyňyz "Apple" atly kompaniýa döretdi. Şol wagtda onuň kompaniýasynyň logotipinde Nýuton daýyňyzyň alma agajynyň aşagynda uklaýany şekillendirilipdi. (Ynanmasaňyz Larry daýyňyzyň Googlesinden "Aplle first logo" diýip gözlödiň). Soň hoool başdaky şeýtan Stiw daýyňyzyň ýanyna geldide ,,Stiw şu almadan bir dişle, sen meşhur bolorsyň..." Stiw ondan dişledi we meşhur boldy. Možyt byt ol aldanan dällirem. Ýöne näme diýseňizem şol äppliňiz meň üçin "SAMSUNG" ýaly däl...
Hormotly okujylar siz "SAMSUNG" kompaniýasynyň NÄRESMI reklamasyny okadyňyz! Bu reklama şol kompaniýanyň öndiren "Galaxy Core II" telefonynda ýazyldy. Ünüs berip, ýaltanman okanyňyz üçinem köp-köp sagwoluň! :)))

© Sapargylyjow Baýramgylyç & Samsung Electronics Co., Ltd.
2022
6 лайков 325 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
01 окт 2022, 11:44
Menä gyzygyp okadym-aý.Ulanan diliñ gyzyklandyrypdyr gürrüñi.
#B.S
Автор 01 окт 2022, 12:11
Belki,
:)
Nazar
01 окт 2022, 12:26
Core 2
Mahri
01 окт 2022, 12:29
gyzykly eken ++++
Victus
01 окт 2022, 13:20
Nyutonyn kellesinden alma dalde gowy bisen setdaly gacypdyr. Setdalam ilki Nyutonyn kellesini sonam koynegini sire seppik edipdir. Ariel e yuwsada ayrylmandyr.
Gauzen
01 окт 2022, 18:30
Güniň mowzugy :)
menembiri
01 окт 2022, 20:47
Malades, hotyaby gulduriba bildin!))))
menembiri
01 окт 2022, 20:47
Onda hemmamize alma'ny maslahat berjekmi mundan bu yan!? Haysy tarapyna dushuneli ayt jiim??
#B.S
Автор 02 окт 2022, 21:22
menembiri,
Ýok Samsung maslahat berýän :)