Geljekde bir gün. @Bendtneriñ toýunda 2

GELJEKDE BIR GÜN.
@BENDTNERIÑ TOÝUNDA 2.

Serdar bizi ýerimize oturdyp gideninden soñ häliden bäri toý mikrofynyndan gelýän inçejik, näzijek sese tarap ýüzümizi öwürdik. Ol ýerdäki saryýagyz, görmegeý zenany ählimiz tanapdyk.
- Gültäç!
Howwa, Serdar toýuna alypbaryjy edip Gültäji tutupdyr. Men Felicitañ gulagyna çawuş çakdym.
- "Gültäji toýa diktir etseñ, iki-üç sagady özi alyp çykar" diýende oýun edýändir öýdýärdim welin çyny eken-ä .
- A gyz, Gültäjiñ näme gürrüñ berjegi belli däl-ä. Onuñ ýalam bir töwekgelçilik edilermi?
- Mugt diktir diýendir. Syrnyhlyk adama nämeler etdirenok?!
Biziñ iýip-içmäge başlanymyzam şoldy welin, añyrdan Dani, Biohimik, Soho, Nairobi, Ahmal, Nirvana, Yureksozi, Kalp doctory, Granger, Kwadrat kelle dagylar geldiler. Olar ählimiz bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soñ:
- Aý, biz-ä üýşüp gazel tutaýdyk aýratynlykda taksä pul bermegem añsat däl - diýip, Soho dillendi.
Kwadrat kelle-de onuñ üstüni ýetirdi.
- Sowgat hökmünde-de herimiz on manatdan goşaýdyk.
- Dagy näme, meñ-ä gelnim ondan artyk pul berenok toý üçin - diýip, Biohimigem özüni aklamaga synanyşdy.
- Asyl syrnyhlar öñde eken-ä - diýip, Rigel gulagyma çawuş çakdy.
Olar oturyp-oturmaka-da bir ýerlerden Hyýar iýýän peýda boldy. Saglyk-amanlykdan soñ
- Dost, nämä gijä galdyñ? - diýip Ahmedik sorady.
Hyýar iýýän ýalan sözleýänligini bildirmejek bolup ýere seretdi.
- Işden giç çykdym-laý.
Soho onuñ gözüniñ içine seretdi.
- Allamasanaý, aýalyñ bir sagatdan artyk toýda oturmaga rugsat bermeýänini hemmämizem bilýäs-ä. Senem barybir zakazymyzyñ giç çykjagyny bilip giç gelýän bolmaly.
- Ýok-how aýalymdan gorkaryn-mow men - diýip Hyýar iýýän ýalandan çişen boldy.
- Beý diýibem allama- how, Fan B-eñkä-de, Ahmedigiñkä-de gijä galyp geldiñ. Bilmeýändiris öýdýäñmi?!
Olary gepde alybilmejegini añan Hyýar iýýän boýunegijilik bilen baş atdy-da, nahara başlady.
Biz gelip oturanymyzdan bäri toýda hiç hili aýdym aýdylmandy. Diñe Gültäç toý mikrofonynda geplemegini dowam etdirýärdi. Gürrüñiniñ başyny kursdaşlaryndan başlapdy, soñ gullukdaky jigisi, pişigi hakda gürrüñ berdi, yzysüre işdeşlerine, okuwçylaryna geçdi. Häzirem Gyzylarbada häkim boljak boluşy hakynda gürrüñ berýärdi.
Birdenkä-de Serdaryñ gelnejesi ýanymyza gelip, ýalbaryjy äheñde ýüzümize seretdi.
- Arañyzda aýdym aýdyp bilýäniñiz ýokmy?
- Siz aýdymçy tutmadyñyzmy, gelneje? - diýip biz ýerli-ýerden soradyk.
- Wah, biz tutjakdyk-la welin, Serdar "Gültäjiñ özi alyp çykar, aýdymça pul bermäliñ" diýensoñ oturmaly bolduk.
Biz toýy nädip-edibem bolsa gyzyklandyrmaly diýen aýgyt bilen toý mikrofynyna çykyp başladyk. Ilki bilen Khanture kosmanawtlar hakynda rusça aýdym aýtdy. Soñam Hyýar iýýän Pälwan Halmyradowyñ aýdymlaryndan aýdyp berdi. Şeýdip Serdaryñ synpdaşlarynyñ zakazyny sowduk. Gezek kursdaşlaryna ýetdi. Serdaryñ Hindistanly kursdaşy toýy iñlisçe gutlap, yz ýanam " Tagta biti" diýip, goýberdi welin, myhmanlar añka-tañka bolup birek-biregiñ ýüzüne seredişdiler.
Olaryñ tans etmek gezeginde-de Ahmedik rep aýdymlardan aýdyp başlady. Şeýdip kursdaşlarynyñ zakazynam sowduk.


Dowamy bar...
12 лайков 356 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
08 янв 2023, 15:33
Syrnyhlyk adama nämeler etdirenok ?
Ahmet
08 янв 2023, 15:35
- Wah, biz tutjakdyk-la welin, Serdar "Gültäjiñ özi alyp çykar, aýdymça pul bermäliñ" diýensoñ oturmaly bolduk.
Beh, Bendtner, dost gaty ekenomçyl ekeniň-laý ???
Ahmet
08 янв 2023, 15:37
Hudaýa şükür, tokdana mesele çykanok entek ??
Ahmet
08 янв 2023, 15:38
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan bratok :)
Wiii bratişkam :)
Soho
08 янв 2023, 15:41
:)))
Hypatia
08 янв 2023, 15:56
Gülüp hezil edindim :) Sag bol ýetireniňe!
Belki
Автор 08 янв 2023, 16:36
Rigel, howwa, şoñ ýalyda şul Bendtner. Gürletseñem maña diýer "Ekonomikañ mamasy" diýip :))
Ahmet
08 янв 2023, 17:08
Belki
Rigel, howwa, şoñ ýalyda şul Bendtner. Gürletseñem maña diýer "Ekonomikañ mamasy" diýip :))

Ekenomikaň mamasy ???
S❤
08 янв 2023, 17:24
Biohimik gullukdan opuska alyp bardymyka
Belki
Автор 08 янв 2023, 18:01
Yks igrek evenia, bu Geljekde bir gün ýagny mundan azyndan 8 ýyl soñ. (Hemedanyny öýerip, 7 çagaly edýänçäk azyndan şonça ýyl gerek)
S❤
08 янв 2023, 18:50
Ha wiii seylemi ya
Mechta
08 янв 2023, 21:20
Menem barmy su toyda:ah:
Belki
Автор 08 янв 2023, 21:23
Felicita, mowzugy okaman teswir ýazýañmy gyz? :)
Kerbaba
08 янв 2023, 21:44
мундан 6-7 ай онки мовзуклара середйан велин,шо вагткы агзалар горунмейар бу чакларда.. Той болса ,, гелйаниниза" говы зат велин,башга вагтларам бир бардынызы билдирсениз говы болжак. Меселем.. Хыяр иййанимиз горненок, Биохимигнм шейле.. Байкер ага ка вагт жыклап гидйар ойдйан. Умуман,бир йитмалин хов!! Кавагтлар шулар ялы тойда ,, гоиунсенизем " бир хасап:))
Ahmet
08 янв 2023, 21:59
felicita
Menem barmy su toyda:ah:

Bäri dostluk dä-how :ah: ýa şuňa meňzeş smaýlik döreder ýaly ???
Ahmet
08 янв 2023, 22:02
kwadrat kelle
мундан 6-7 ай онки мовзуклара середйан велин,шо вагткы агзалар горунмейар бу чакларда.. Той болса ,, гелйаниниза" говы зат велин,башга вагтларам бир бардынызы билдирсениз говы болжак. Меселем.. Хыяр иййанимиз горненок, Биохимигнм шейле.. Байкер ага ка вагт жыклап гидйар ойдйан. Умуман,бир йитмалин хов!! Кавагтлар шулар ялы тойда ,, гоиунсенизем " бир хасап:))

Hawa, dogry aýdýaň. Kän görünenoklar. Baýker agamyzyňam peýdaly teswirleri bardy... Hyýar iýýän agamyza Hyýar iýýändiýilýäni üçin gelmeýän bolsa gerek :D şutka :))
Başga-da köp agzamyz görnenok, hany geliň, öňki ýaly aktiwje bolsak gaty gowy boljak...
Ahmet
08 янв 2023, 22:10
felicita
Menem barmy su toyda:ah:

Howwa, Serdar toýuna alypbaryjy edip Gültäji tutupdyr. Men Felicitañ gulagyna çawuş çakdym.
- "Gültäji toýa diktir etseñ, iki-üç sagady özi alyp çykar" diýende oýun edýändir öýdýärdim welin çyny eken-ä .

Okamaýan bolsaň awtoryň ýüregini agyrdyp teswir ýazmak nämä gerek? Täsin adamlaryň hatarynda durýaň senem :))
#B.S
08 янв 2023, 22:12
Vekil_City,
Hyýar iýýän başga nikden gelivotyr dälmeý?
Ahmet
08 янв 2023, 22:16
Khanture
Vekil_City,
Hyýar iýýän başga nikden gelivotyr dälmeý?

Hawa gelýä. Şu wagt şol niki ýadymdan çykdy. Ol her gün diýen ýaly bäýik geliwotyý.
Aksary
09 янв 2023, 00:12
Şu toýlara düşünibilmän geçdim
GuljemilE
09 янв 2023, 00:48
Mena çagyrlmandyryn dayyn toyun?
Öwreniji
09 янв 2023, 01:22
Admin meni tygşytlydan aýyryp beräý
Belki
Автор 09 янв 2023, 05:14
Admin, meñem mowzuk pozmak funksiýam işlänok.
Mechta
09 янв 2023, 06:34
Belki,hawa gyz entak okamoga bos vagtym okamasam
Mechta
09 янв 2023, 06:34
Vekil_City,
Behh senem vara
Mechta
09 янв 2023, 06:35
Vekil_City,
Seýlemi ýa)
Ahmall
09 янв 2023, 07:22
Gyzykly. Dowamyna garaşýan?
Perman Izakow
09 янв 2023, 14:24
Şu Serdar öýlense yzy bn men öýlenýän.
Belki
Автор 09 янв 2023, 14:59
Proliga, oçurda duranlar bar eken-ä, bilemizogam.
Bentner
09 янв 2023, 22:17
Gültäje mikrofon berseň sheytjegnem bilyadim :)
Dowamynam yazawer tans meydancadakylar barada hem)