Geljekde bir gün. @Bendtneriñ toýunda

GELJEKDE BIR GÜN.
@BENDTNERIÑ TOÝUNDA.

Bu gün bagtly gün, bu gün garaşylan gün. Aýna seredip, özüme serenjam berip durşuma Serdaryñ jañ eden güni añymda janlandy:
- Gowmy, jora, näme gep-gybat?
- Gybaty taşladym-how men.
- Aý, tüweleme. Sebäp?
- Öýlenýän.
- Al saña, ýene bir tüweleme. Hany sen entek-entek öýlenjek däldiñ-le.
- Howwa welin, tüýs isleýşim ýaly galyñsyz geljek gyz tapdym. Özem ýomut. Üstesine-de menden beter Ronaldoñ muşdagy.
Onuñ sözlerine hezil edip gülenligimi duýman galdym.
- Bah, nädip saña galyñsyz berdiler ony?
- Berjek däldiler welin, gyz yşkymda däli-diwana bolup ýörensoñ, razy boldular.
- Señ yşkyñda däli bolýanam bar bolsa dünýede hiç zady geñlemeli däl.
- Öwdüñmi ýa döwdüñmi şuwat?
- Degişdim-läý, üns berme. Bor bararys nesip bolsa.
Bendtner telefony öçürip-öçürmänkä buşlukly habary aýtmak üçin Felicita jañ etdim, onuñ yzysüre-de Rigele. Olaram toýa gitjekdiklerini aýtdylar.
Islenençiler bolup bärden baranymyzda Bendtneriñ ejesi bizi garşy aldy. Biz öýlenýän oglanyñ özüni gutlamakçydygymyzy aýdyp, Bendtneri çagyrtdyk. Bagtymyza gözellik salonyndan ýañyja gelip duruşlary eken.
- Baý, baý, geleweriñ hormatly myhmanlar.
Serdar gözi bilen ählimiziñ eline ser salyp çykdy. Çaky her haýsymyzyñ näme sowgat getirenligimiz bilen gyzyklanýan borly. Rejäniñ geñ däldigini añan Hemedany öñürtiledi.
- Dost, iki çelek üzüm getirdim toýuña.
Garaşany çykmadyk Bendtneriñ ýüzündäki şatlyk alamatlary zym uçan ýaly boldy. Hemedany "Gorkan öñürder" etdi.
- Ýedi çagamyñ agzyndan kesip getirdim-how.
Islenençileriñ hersi añka-tañka bolup bir-biriniñ ýüzüne seretdi.
- Aý tüweleme, toýuña baranymyz ýañy ýaly welin, eýýäm medala golaýlapsyñyz.
- Jaý alarys nesip bolsa - diýip, Hemedany jogap berdi.
Bendtneriñ meniñ ýüzüme seredip durşundan sowgat hakynda bilesi gelýänligini añdym.
- Jora, menem gelniñ ikiñizi wasp edip, goşgy ýazdym.
- Bar bolanymy?
- "Näme bar bolanymy?" diýip, goşgy ýaly gymmatly hazyna barmy?
- Señ goşgyñ karz üzüp berýämi onsoñ?
- Galyñsyz gyz alañsoñ toý çykdaýjysyny üzmäñ nämesi barmyşyn?!
Eli tortly Ogulşiriniñ Medinä pyşyrdanyny eşitdim.
- Şulam zat bermejek bolup hemme kişiñkä goşgy ýazyp geläýýär.
- Howwa-la gyz, Hemedanyñka-da goşgy sowgat etdi, Hyýar iýýäniñkä-de,
Fan B-eñkä-de, Ahmedigiñkä-de.
Meniñ jogap bermäge häzirlenip duranymy gören Felicita gürrüñiñ gowy tarapa gitmeýänligini añdymy, ýa özüniñ jomartlygyny görene göz edesi geldimi nämemi, elindäki köýneklik matany uzatdy.
- Toýuñyz gutly bolsun!
Bendtneriñ azajygam bolsa ýüzüniñ ýagtylandygyny gören Ahmedik geplemek gezegini aldy.
- Dost, menem şu öýüñ islendik ýerine tok çekmegi boýun alýan.
Khanture-de "Ahyry maña-da gezek ýetdi" diýýän ýaly söze başlady.
- Menem tegelek Ýer baradaky teoriýamy sowgat etjek.
- Eý, Ýer tegelek bolsun, dörtburç bolsun, maña bildirýän ýeri ýok- how - diýen Bendtneriñ gözünden ot çykdy.
- Dur-la, sen Ýeriñ tekizligine ynanýadyñ dälmi?! - diýip Ahmedik geñirgendi.
- Ýok-how, Ýer çukuryñ içinde diýipdi - diýip, Felicita sözüni böldi.
Menem
- Iñ soñky gezek Ýer trapesiýa şeklinde diýipdi - diýip, üstüne goşdum.
Khanture golundan tutup duran sary saçly, gök gözli görmegeý zenany ümledi.
- Howwa, şeýledi, ýöne Nataşajan ýeriñ tegelekdigine ynandyrdy.
- Nädip ynandyrdy? - diýip, biz ýerli ýerden soradyk.
- " Eger ýer tegelek bolmasa, ikimiz gabatlaşyp bilmezdik" diýdi - diýen Khantureniñ gözlerinde yşk uçgunlary lowurdady.
Medine bilen Ogulşirinem ellerindäki torty görkezdiler.
- Zakazymyz çykanynda gowşurarys-da.
Häliden bäri sessiz duran Rigele-de gezek ýetdi.
- Menem nesip bolsa, çagalaryñyzy fizikadan okadyp bererin.
Bendtner öz-özi hüñürdäp bize oturjak ýerimizi görkezdi:
"Menem-ä syrnyh welin, bular mendenem beter syrnyh eken "

Dowamy bar...
9 лайков 610 просмотров
54комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
02 янв 2023, 12:10
"Menem-ä syrnyh welin, bular mendenem beter syrnyh eken "

???
Ahmet
02 янв 2023, 12:13
- Howwa-la gyz, Hemedanyñka-da goşgy sowgat etdi, Hyýar iýýäniñkä-de,
Fan B-eñkä-de, Ahmedigiñkä-de.
Goşgam gowy sowgada, her toýda goşgy okap öwrenseň senden ökde tamada çykjak :)
Ahmet
02 янв 2023, 12:14
- Dost, menem şu öýüñ islendik ýerine tok çekmegi boýun alýan.
Meň elektrikdigimi nirden bilýäň?
#B.S
02 янв 2023, 12:18
Nataşa däl oň ady ???
Ahmet
02 янв 2023, 12:19
Khanture, dost, sen türkmen internetiniň taryhynda öçmejek yz galdyrdyň tekiz ýer teoriýasy bilen :)
Belki
Автор 02 янв 2023, 12:19
Vekil City, pal atýan :))
Belki
Автор 02 янв 2023, 12:20
Khanture, bah barmy çyndanam şoñ ýaly gyz?:)
Gepçi damarymy gozgaýañ :)
#B.S
02 янв 2023, 12:21
Belki,
Ýok.
Ahmet
02 янв 2023, 12:21
Belki
Vekil City, pal atýan :))

Sen gepçileň brigadiri, Belki gepden-gybatdan bilensiň :D :D :D
Soho
02 янв 2023, 12:22
goryan welin toy ish smenime gabat gelipdir oydyan, bolmasa barardym...
Ahmet
02 янв 2023, 12:23
Khanture
Belki,
Ýok.

Dost baram bolsa reska gizlediň öýdýän :D
Soho
02 янв 2023, 12:24
ya pul goshulyshyandyrlar ir barmayyn diydimmikam
Ahmet
02 янв 2023, 12:24
Soho
goryan welin toy ish smenime gabat gelipdir oydyan, bolmasa barardym...

Sabyr et, belki işden gelýäkäň barjaksyň biraz gijä galyp :)
Ahmet
02 янв 2023, 12:26
Soho
ya pul goshulyshyandyrlar ir barmayyn diydimmikam

Degişmekde yz galdyrdyň senem :)
Belki
Автор 02 янв 2023, 12:26
Vekil City, sende hiç hili huş ýok. Öz aýdan zadyñam ýatdan çykarýañ :)
Ahmet
02 янв 2023, 12:27
Belki
Vekil City, sende hiç hili huş ýok. Öz aýdan zadyñam ýatdan çykarýañ :)

Şu wagt nakyk bir aýdaýma. Gaty görmegim Mümkin onsaň:)
Belki
Автор 02 янв 2023, 12:28
Soho, entek gijä galyp gelmeliler bar :))
( Serdar garşy bolmasa, dowam etjek)
Ahmet
02 янв 2023, 12:29
Belki
Soho, entek gijä galyp gelmeliler bar :))
( Serdar garşy bolmasa, dowam etjek)

Garşy bolasy ýok. Dowam :)
Belki
Автор 02 янв 2023, 12:30
Vekil City, nakyk näme?
(utanman meni gepçilikde-de aýyplaýañmy, öz huşsuzlygyñdan habarsyz) :)
Ahmet
02 янв 2023, 12:31
Belki
Vekil City, nakyk näme?
(utanman meni gepçilikde-de aýyplaýañmy, öz huşsuzlygyñdan habarsyz) :)

*Nakyl bolmaly :) Her kimde bir kemçilik bar-da jora :)
Ahmall
02 янв 2023, 12:50
Artyga kim barsa şol barsyn, bize toý bolsa bolýar:)
S❤
02 янв 2023, 13:34
Toyyn yzyna sabyryszlyk bn garasyan. (Sizin baran yeriniz bakyrlyk, inen yeriniz cukurlykdyrla)

Degisyan
Belki
Автор 02 янв 2023, 13:57
Yksigrek evenia, siz diýip maña ýüzlenýäñmi ýa umuman islenençilere? :)
Mechta
02 янв 2023, 15:45
MBehh meñ nä habarym ýok bu zatlardan
Belki
Автор 02 янв 2023, 16:59
Eger altynjy duýgym meni allamaýan bolsa mowzukda ady agzalan bir agzanyñ degişmämi halamanlygyny duýýan. Ondan we halamadyk beýleki agzalardan ötünç soraýaryn.
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:01
Felicita, hiç kimiñem hatda öýlenýän oglanyñam habary ýok.
Halamadyñmy gyz?
Ahmet
02 янв 2023, 17:14
Belki
Eger altynjy duýgym meni allamaýan bolsa mowzukda ady agzalan bir agzanyñ degişmämi halamanlygyny duýýan. Ondan we halamadyk beýleki agzalardan ötünç soraýaryn.

Bäh kimdigini bilsek bolmazmy?
Ahmet
02 янв 2023, 17:15
Belki,
Serdarmyka degişmäni halamadyk?
Bentner
02 янв 2023, 17:21
Ayssauu dowamy hacan gelya
Bentner
02 янв 2023, 17:21
Eliniz bosh geljek bolsanyz toyumy aytmazdymda :D