Geljekde bir gün. @Bendtneriñ toýunda

GELJEKDE BIR GÜN.
@BENDTNERIÑ TOÝUNDA.

Bu gün bagtly gün, bu gün garaşylan gün. Aýna seredip, özüme serenjam berip durşuma Serdaryñ jañ eden güni añymda janlandy:
- Gowmy, jora, näme gep-gybat?
- Gybaty taşladym-how men.
- Aý, tüweleme. Sebäp?
- Öýlenýän.
- Al saña, ýene bir tüweleme. Hany sen entek-entek öýlenjek däldiñ-le.
- Howwa welin, tüýs isleýşim ýaly galyñsyz geljek gyz tapdym. Özem ýomut. Üstesine-de menden beter Ronaldoñ muşdagy.
Onuñ sözlerine hezil edip gülenligimi duýman galdym.
- Bah, nädip saña galyñsyz berdiler ony?
- Berjek däldiler welin, gyz yşkymda däli-diwana bolup ýörensoñ, razy boldular.
- Señ yşkyñda däli bolýanam bar bolsa dünýede hiç zady geñlemeli däl.
- Öwdüñmi ýa döwdüñmi şuwat?
- Degişdim-läý, üns berme. Bor bararys nesip bolsa.
Bendtner telefony öçürip-öçürmänkä buşlukly habary aýtmak üçin Felicita jañ etdim, onuñ yzysüre-de Rigele. Olaram toýa gitjekdiklerini aýtdylar.
Islenençiler bolup bärden baranymyzda Bendtneriñ ejesi bizi garşy aldy. Biz öýlenýän oglanyñ özüni gutlamakçydygymyzy aýdyp, Bendtneri çagyrtdyk. Bagtymyza gözellik salonyndan ýañyja gelip duruşlary eken.
- Baý, baý, geleweriñ hormatly myhmanlar.
Serdar gözi bilen ählimiziñ eline ser salyp çykdy. Çaky her haýsymyzyñ näme sowgat getirenligimiz bilen gyzyklanýan borly. Rejäniñ geñ däldigini añan Hemedany öñürtiledi.
- Dost, iki çelek üzüm getirdim toýuña.
Garaşany çykmadyk Bendtneriñ ýüzündäki şatlyk alamatlary zym uçan ýaly boldy. Hemedany "Gorkan öñürder" etdi.
- Ýedi çagamyñ agzyndan kesip getirdim-how.
Islenençileriñ hersi añka-tañka bolup bir-biriniñ ýüzüne seretdi.
- Aý tüweleme, toýuña baranymyz ýañy ýaly welin, eýýäm medala golaýlapsyñyz.
- Jaý alarys nesip bolsa - diýip, Hemedany jogap berdi.
Bendtneriñ meniñ ýüzüme seredip durşundan sowgat hakynda bilesi gelýänligini añdym.
- Jora, menem gelniñ ikiñizi wasp edip, goşgy ýazdym.
- Bar bolanymy?
- "Näme bar bolanymy?" diýip, goşgy ýaly gymmatly hazyna barmy?
- Señ goşgyñ karz üzüp berýämi onsoñ?
- Galyñsyz gyz alañsoñ toý çykdaýjysyny üzmäñ nämesi barmyşyn?!
Eli tortly Ogulşiriniñ Medinä pyşyrdanyny eşitdim.
- Şulam zat bermejek bolup hemme kişiñkä goşgy ýazyp geläýýär.
- Howwa-la gyz, Hemedanyñka-da goşgy sowgat etdi, Hyýar iýýäniñkä-de,
Fan B-eñkä-de, Ahmedigiñkä-de.
Meniñ jogap bermäge häzirlenip duranymy gören Felicita gürrüñiñ gowy tarapa gitmeýänligini añdymy, ýa özüniñ jomartlygyny görene göz edesi geldimi nämemi, elindäki köýneklik matany uzatdy.
- Toýuñyz gutly bolsun!
Bendtneriñ azajygam bolsa ýüzüniñ ýagtylandygyny gören Ahmedik geplemek gezegini aldy.
- Dost, menem şu öýüñ islendik ýerine tok çekmegi boýun alýan.
Khanture-de "Ahyry maña-da gezek ýetdi" diýýän ýaly söze başlady.
- Menem tegelek Ýer baradaky teoriýamy sowgat etjek.
- Eý, Ýer tegelek bolsun, dörtburç bolsun, maña bildirýän ýeri ýok- how - diýen Bendtneriñ gözünden ot çykdy.
- Dur-la, sen Ýeriñ tekizligine ynanýadyñ dälmi?! - diýip Ahmedik geñirgendi.
- Ýok-how, Ýer çukuryñ içinde diýipdi - diýip, Felicita sözüni böldi.
Menem
- Iñ soñky gezek Ýer trapesiýa şeklinde diýipdi - diýip, üstüne goşdum.
Khanture golundan tutup duran sary saçly, gök gözli görmegeý zenany ümledi.
- Howwa, şeýledi, ýöne Nataşajan ýeriñ tegelekdigine ynandyrdy.
- Nädip ynandyrdy? - diýip, biz ýerli ýerden soradyk.
- " Eger ýer tegelek bolmasa, ikimiz gabatlaşyp bilmezdik" diýdi - diýen Khantureniñ gözlerinde yşk uçgunlary lowurdady.
Medine bilen Ogulşirinem ellerindäki torty görkezdiler.
- Zakazymyz çykanynda gowşurarys-da.
Häliden bäri sessiz duran Rigele-de gezek ýetdi.
- Menem nesip bolsa, çagalaryñyzy fizikadan okadyp bererin.
Bendtner öz-özi hüñürdäp bize oturjak ýerimizi görkezdi:
"Menem-ä syrnyh welin, bular mendenem beter syrnyh eken "

Dowamy bar...
9 лайков 610 просмотров
54комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
02 янв 2023, 17:23
Vekil_City
Belki,
Serdarmyka degişmäni halamadyk?

Yalnysh cak urduň)
#B.S
02 янв 2023, 17:31
Vekil_City,
Men halamadym. Ýöne nädip duýanyna haýran???
Mechta
02 янв 2023, 17:32
Belki,
Halamadym diydimmi kiz mana aydanzok diyyan oykeledim ikinizdenem:(
Bentner
02 янв 2023, 17:37
felicita
Belki,
Halamadym diydimmi kiz mana aydanzok diyyan oykeledim ikinizdenem:(

Ay indi ogul toyuma gelaysene :D
Bentner
02 янв 2023, 17:37
Khanture
Vekil_City,
Men halamadym. Ýöne nädip duýanyna haýran???

Namcun halamadyň?
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:37
Felicita, öýlenýän oglanyñ habary ýok diýýän, kimden öýkeläp otursyñ? :))
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:39
Khanture, diýmek senem halamadyñ. Şeýdipjik dilleniñ-dä hälden :))
Men başga birini göz öñünde tutupdym.
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:40
Vekil city, Hemedanymyka diýýän.
Ana aýtdymam-laý :))
#B.S
02 янв 2023, 17:41
Belki,
Başga birini göz öňüne tutanyňy bildimle. Halamadygmyň sebäbini bolsa aýdasym gelenok ?
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:43
Khanture, men aýtjak. Señ başga bir gowy görýän gyzyñ bar. Şoñ üçinem Nataşaly ýeri ýaramady.
Belki
Автор 02 янв 2023, 17:44
Bendtner, dowamy 50 like-dan soñ diýen bolaýyn-la :))
Ahmet
02 янв 2023, 18:01
Belki
Bendtner, dowamy 50 like-dan soñ diýen bolaýyn-la :))

Massimus akga ýalymy :D
#B.S
02 янв 2023, 18:14
Belki,
Bäh ozatlardan meň habarym ýok kimkä ol?
Belki
Автор 02 янв 2023, 18:27
Khanture, kimdigini biljek derejede ekstroseanslyga ýetemok heniz :)
Bentner
02 янв 2023, 19:09
)
Hemedany
:D Gowy bolupdyr.

Yene birini gayrat etseňiza gelnejem "Mat geroinya" boljak eken)
Mechta
02 янв 2023, 22:03
Belki,
Sen bilen Serdardan:D
S❤
03 янв 2023, 00:46
Yksigrek evenia, siz diýip maña ýüzlenýäñmi ýa umuman islenençilere? :)

@Belki,
Toya gatnasanlara
Gauzen
03 янв 2023, 08:58
Bää.
Nazar
03 янв 2023, 12:19
He mazzaly. Bentdner jora ahyry yomut alyaňmy. Yomutla gawy diyip aytmayadymmy saňa. Bagtly bol. Köfelip bala-çagaly boluň Inşallah. Dädeň näneň ballyň dagylaň habary ýokmy bu zatladan.
Nazar
03 янв 2023, 12:20
Begeniip otyn da şymat :)
Bentner
03 янв 2023, 15:43
FanB,
Howwaday Nazar boydosh menne begeniwotyn allanäme bolyp toya tayynlanyp yön, dädem nämem ballym dagylada bilya hemmesi, toyada köf wagt galmady, garashdygymca wagt gecmani du, sawuga dushjek toyam,gorerisday gawy bor :))
Icim kysyp yötdim bu hekayada beter gawy bolupdur okap yylgyrdym :))
Nazar
03 янв 2023, 15:49
Bizem gatnaşarysda. Hehe myna oňardyň boydaş. Oglonla bilen bararys bizde :)
GuljemilE
05 янв 2023, 10:26
Balkanly gyz alyan bolsadany men boydaş bolup barjak,dayyşko galynsyz alanyn bilena pul baryny çykardars))
ýüreksözi
22 янв 2023, 03:00
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa
Bentner
22 янв 2023, 18:06
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Toydana menem hawarym yok :)
Bentner
22 янв 2023, 18:06
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Toydana menem hawarym yok :)
Bentner
22 янв 2023, 18:06
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Toydana menem hawarym yok :)
Bentner
22 янв 2023, 18:07
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Bu toydana menem hawarsyzdym. Sen gozlege dowam ediber)
Bentner
22 янв 2023, 18:07
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Bu toydana menem hawarsyzdym. Sen gozlege dowam ediber)
Bentner
22 янв 2023, 18:07
ýüreksözi
Bendtner,
Wasyok toyunda men yokla sana gyz gozlap yorenema men bolmasa

Bu toydana menem hawarsyzdym. Sen gozlege dowam ediber)