Tötänlik bilen 3 ýurduñ internedini öçüren garry ene
Ine şeýle ýagdaýa meňzeş bir waka 2011-nji ýylda bolup geçdi. Internet diňe bir ýurtda däl, eýsem-de üç ýurtda kesildi. Muny eden bolsa, «Hayastan Shakarian» atly 75 ýaşly garry ene. Bu gülkünç we mümkin däl ýaly bolup biler. Emma bu hakykat.
Hayastan Shakarian, şol döwürler ýeriň aşagyndan geçip ulanyşdan galan mis kabelleri kesip satýardy we öz gününi dolandyrýardy. Garry ene 2011-nji ýylda mis kabeldir öýdüp tutuş Ermenistany internet bilen üpjün edýän optiki inçe süýümli internet kabelini kesdi. Bu ýagdaý, ýurtdaky esasy internet üpjün edijileriniň hataryna girýän «ArmenTel», «FiberNet Communication» we «GNC-Alfa» ýaly kompaniýalara hem ýaramaz täsirini ýetirdi. Tötänlik bilen kesilen internet kabeli Ermenistandan başga-da, Gürjüstanyň we Azerbaýjanyň köp böleginde internete baglanmakda kynçylyk döretdi. Bu ýagdaý 12 sagatdan gowrak dowam etdi.
Bu wakadan soň garry ene eden işi sebäpli kazyýet öňüne çykmaly boldy. Kazyýete beren beýanatynda garry ene internetiň nämeligini hem bilmeýändigini aýdyp gözýaşlaryny saklap bilmedi. Kazyýet 75 ýaşly Hayastan Shakarian-y günäsiz hasaplap ýaşy sebäpli ujypsyzja jerime tölemeli boljakdygy baradaky hökümi çykardy.

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.