Bu ýer titremesi Ärdoganyň administrasiýasy üçin çynlakaý synag
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesi köp adamyň ölümine sebäp boldy. Hemme wepat edenlere çuňňur duýgudaşlyk bildirýärin. Gurluşyk pudagynda öňdebaryjy bolan Türkiýe ýaly ýurtda köp binanyň weýran bolmagy gaty gorkunç. Bizde hem gurluşyk standartlarymyza we bu standartlary berjaý edijilik kanagatlanarlydyr diýip umyt edýärin. Çünki Türkmenistan hem ýer titremesine sezewar sebitde ýerleşýär.
Türkiýedäki ýer titremesinden soň Ýapon eksperimentleri "Bizde 9 bally ýer titremesinde-de binalar ýykylmady. Bu ýerde 7 bally ýer titremede köpläp binalar weýran boldy. Diýmek, hemme gurluşyk standartlary ýerine ýetirilmedik" diýdiler.
Bu ýer titremesi Ärdoganyň administrasiýasy üçin çynlakaý synag. Bilşimiz ýaly, takmynan, iki aý bir hepde-den Türkiýede prezident saýlowlary bolar. Ýer titremesi sebäpli Türkiýedäki gündelik jemgyýetçilik ileri tutulýan ugurlar üýtgedi: ykdysady we sosial meseleler birneme yza çekildi, gurluşyk howpsuzlygy, ýer titremesinde ejir çekenlere kömek, öýsüz-öwzarsyzlar üçin ýaşaýyş jaýlary gün tertibine girdi.
Bu ýer titremesiniň fonunda, türk oppozisiýasyna bolan üns birneme azalar we halkyň hökümete bildirýän talaby we basyşy artar. Emma, meniň pikirimçe, bu ýagdaýda Ärdogan özüni güýçli krizis dolandyryjysy hökmünde görkezip biler. Netijede, bu ýer titremesi Ärdoganyň gaýtadan saýlanmagy üçin goşmaça göterimlere sebäp bolup biler.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.